Türkiýäniň Nukdaýnazaryndan Ýakyn Gündogar

Liwiýa

Türkiýäniň Nukdaýnazaryndan Ýakyn Gündogar

Liwiýa baradaky gepleşiklerimizde Liwiýa dialog topary tarapyndan kabul edilen Liwiýanyň syýasy ylalaşygy barada maglumat beripdik. Şol ylalaşyga laýyklykda Milli jebislik hökümetiniň (MJH) 2016-njy ýylyň aprel aýyndan başlap paýtagt Tripolide işe başlandygyny beýan edipdik. MJH-ni ykrar eden ýaragly güýçleriň DAİŞ-i Sirte şäherinden we Liwiýadan dolulygy çykarmak üçin operasiýa başladandygyna garamazdan MJH-niň entegem awtoritaryny kabul etdirmekde düýpli kynçylyklara sezewar bolýandygyny nygtap geçipdik. Sanawy diýseň uzyn bolan şol kynçylyklaryň başynda indi iş möhletiniň gutarandygyna garamazdan işini dowam etdirýän Tobrukdaky Wekiller mejlisi durýar. Wekiller Mejlisine degişli hökümet we onuň harby güýçleriniň başynda durýan general Halifa Haftar MJH-niň hem-de milli jebisligiň öňündäki esasy päsgelçilik. Hatda ýurduň gündogarynda gündogarynda güýjüni berçinleşdirýän Haftar sebitde harby dolanşyk gurmaga synanşýar.

Liwiýada jebisligiň üpjün edilmegi ugrundaky tagallalary bökdeýän beýleki bir faktor bolsa liwiýasy syýasy toparlary syýasy çözgüt stolunyň başyna oturtmaga synanşýan daşarky güýçleriň Liwiýanyň syýasatynyň utgaşyksyz bolmagy. Şu günki günde Liwiýada sözüni geçirmäge synanşýan ABŞ, Britaniýa, Fransiýa, İtaliýa, Müsür, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany we Türkiýäniň utgaşykly Liwiýa syýasaty ýok. Bu netije şol bir hökümeti ykrar edendiklerine garamazdan liwiýaly tapawutly aktýorlara goldaw bermeklerini ýüze çykarýar. Şeýlelikde milli jebislik tagallalarynyň bökdelmegine sebäp bolýarlar.

Liwiýanyň gündogarynda güýjüni perçinleşdirmäge synanşýan Haftar bar bolan şertlerden hoşal däl. Müsür we BAE tarapyndan berilýän aç-açan, Fransiýa we Saud Arabystany tarapyndan berilýän gizlin goldaw Haftary isleýän çözgüdine ýetirmeýär.

Haftar Russiýanyň Liwiýa meselesine işjeň goşulmagy üpjün edilen halatynda Siriýada bolşy ýaly oýunyň ugruny özgerdiji pozisiýa eýelemegi nazarda tutýar. Şol sebäpli hem Russiýadan açyk goldaw almak üçin Russiýa ikinji saparyny gurady.

Soňky saparyň guralmagyna sebäp bolan faktor bolsa ABŞ-daky prezident saýlawynda Donald Trampyň üstün çykmagy. Trampyň täze Ýakyn Gündogar syýasaty barada beren beýannamalary, ähli yslamçylary terrorçy hökmünde görmegi we Sisi bilen Putin baradaky oňyn çykyşlary Haftary gönükdiren faktorlar käbirleri. Haftar Trampyň döwründe ABŞ-nyň, Müsüriň we Russiýanyň arasynda Ýakyn Gündogar boýunça oňyn hyzmatdaşlyk şertiniň ýüze çykyp biljekdigini pikir edýär. Şeýlelikde Haftar şeýle hyzmatdaşlygyň Liwiýada Tobruk hökümeti bilen işleşjekdigini pikir edýär. Şol sebäpli hem Haftar ruslaryň ýarag we harby tälim ýaly goldawyny almak üçin Mowkwa bardy.

Resmi Moskwa Liwiýa meselesinde taraplaryň biri bilen işleşmek islän halatynda, onuň hakykatdan hem oýunyň ugruny özgerdiji netije döretjekdiginden şübhe ýok. Eýsem Russiýa şeýle ýoly saýlap alarmyka?

Russiýa Siriýadakydan tapawutlylykda şu günki güne çenli Liwiýa meselesine goşulyşmakdan çetde durdy we Liwiýa meselesinde Howpsyzlyk Geňeşine getirilen kararlaryň hiç haýsyny weto etmedi. Şeýle-de soňky iki ýylyň dowamynda dowam etdirilen Liwiýanyň syýasy dialogynyň gepleşiklerini we gazanylan ylalaşygy goldady. Hatda MJH-ni hem ykrar etdi. Şonuň bilen birlikde Russiýanyň Haftara we Tobruk hökümetine oňyn garaýandygy mälim. Liwiýa meselesinde Russiýanyň pozisiýasy bilen Fransiýa, Müsür we Birleşen Arap Emirlikleri ýakyndan gyzyklanýar.

Haftar, Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow bilen geçiren duşuşygynda isleýän garby goldawyny alyp bilmek üçin terrorizm faktoryndan peýdalanmaga synanşdy. emma Kremlden şol goldawyň beriljekdigi barada beýannama berilmedi. Muňa garamazdan Russiýanyň Liwiýadaky dürli syýasy gatlaklar bilen aragatnaşyk saklaýandygy we Haftar bilen geçirilen duşuşygyň hem şonuň bir bölegini emele getirýändigi nygtaldy. Şeýle-de Russiýanyň habarlar gullugynyň Lawrow-Haftar duşuşygy baradaky habarlary hem islenýän goldawyň berilendigini görkezmeýär. Lawrow Haftara Russiýanyň BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň kararlaryna görä Liwiýada milli utgaşyk tagallalaryny goldaýandygyny beýan edipdi.

Tramp saýlaw kampaniýasynda ýygy-ýygydan Obamany we Hillari Klintony Liwiýa syýasaty sebäpli tankyt edipdi. Putin barada oňyn garaýyş beýan etmedik Tramp, prezidentlige saýlanandan soň Ýakyn Gündogarda Russiýa bilen çaknyşyk däl, hyzmatdaşlyk etjekdigini beýan edipdi. ine şol sebäpden Haftaryň tarapdarlary Trampyň ýeňişini özleri üçin oňyn waka hökmünde kabul etdiler we ony belläp geçdiler. Olaryň pikiriçe Tramp Liwiýa meselesinde Al Sisi bilen ylalaşar, sebitde Russiýa bilen hyzmatdaşlyk eder we Liwiýa çaknyşygynda Russiýanyň işjeň pozisiýa eýelemegine garşy durmaz. Şol işweň pozisiýa elbetde Tobruk hökümetine we Haftaryn harby güýçlerine harby hem-de syýasy goldawyň berilmegi görnüşinde bolmaly.

Russiýanyň resmi beýanatlarynda belli boluşyna görä Russiýa häzirlikçe Liwiýada milli jebisligiň gazanylmagy ugrunda BMG-niň öňbaşçylyk etmegindäki halkara tagallalary goldaýar. Emma Siriýadan wakalardan belli boluşyna görä Russiýa halkara jemgyýetçiligi bilen ylalaşmagyň aladasyny etmeýär. Gerek bolan halatynda öz çözgüdini başgalarynyň öňüne goýmakdan çetde durmajakdygyny Ukrainada we Siriýada başdan geçirilenler görkezdi.

Şu günki günde Demirgazyk Afrikanyň başdan geçirýän şertleri we günbatar ýurtlarynyň biri-birleri bilen utgaşykly syýasat alyp barmakdaky başarnyksyzlygy Liwiýada Russiýa üçin amatly şert döredýär. Emma Rýssiýa mümkinçiliklerine we güýjüne bap gelmeýän hereketlerden çetde durýar.



Degişli Habarlar