Ýewraziýa Syn

Russiýanyň döwlet Baştutany Wladimir Putiniň Ýaponiýa sapary

Ýewraziýa Syn

Russiýanyň döwlet Baştutany Wladimir Putin Ýaponiýanyň Russiýa goýan çäklendirmeleri sebäpli yza süýşüren resmi saparyny 15-nji dekabrda amala aşyrdy. Putin iki gün dowam eden saparynda ilki Premýer ministr Abe bilen Nagato şäherinde özara duşuşyk geçirdi. Rus mediasy Şinzo Abeniň Putini dogduk diýaryna çagyrmagyny “ýörite üns berdi” diýip ýazdy. Duşuşyklar ertesi güni Tokioda giňeldilen formatda dowam etdi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky ykdysady, sosial, syýasy we howpsyzlyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy, Demirgazyk Koreýanyn başda durmagynda halkara derejesindäki meseleleri, Kuril adalarynyň geljegini we beýleki meseleleri seljerdiler. Maslahatyň ahyrynda medeniýet, bilim, daşary işler, ykdysadyýet, howpsyzlyk, energetika we beýleki ugurlarda 68 ylalaşyga gol çekişildi. Soň iki ýurduň liderleri jurnalistleriň soraglaryna jogap berdiler.

Putiniň saparyndan soň iki ýurduň arasynda saklanan harby hyzmatdaşlyklar we 2+2 formatdaky saparlary ýaňadandan başlatmak barada ylalaşyldy. Ylalaşylan beýleki bir ugur bolsa Gazpromyň Mitsui we Mitsubishi kompaniýalary bilen gol çekişen ylalaşyklary boldy. Gazprom şeýlede Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky bilen hem hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy. Russiýanyň döwlet Baştutany Wladimir Putin we Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe iki ýurduň arasynda ýadro energetika pudagynda parahatçylykly hyzmatdaşlyk etmek barada memoranduma gol goýdular. Gazanylan bu ylalaşyklar iki ýurduň gatnaşyklarynyň täze derejä götermek isleýändikleriniň delili hökmünde seljerilýär.

Putinin Ýaponiýa saparynyň çäginde iki ýurduň liderleri Tokioda Ýaponiýa-Russiýa İşewürler maslahatyna gatnaşdylar. Wladimir Putin Şinzo Abe bilen birlikde Halkara Kukodan dzýudo institutyna baryp gördi.

Putiniň 11 ýyl soň guran Ýaponiýa saparynyň iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösdürilmegi taýdan üstünlikli geçendigini aýdyp bileris. Ýaponiýa günbatar bilen birlikde Russiýa sanksiýa goýmagyň ýerine, ýumşak güýjünden peýdalanyp Russiýa bilen gatnaşyklaryny ösdürmek we Kuril adalary meselesindäki düşnüşmezligi çözmek isleýändigini Putiniň saparynyň dowamynda ýene-de bir gezek görkezdi. Sapardan ozal metbugata Kuril adalary meselesi çözülip bilner diýlen beýanat berilen hem bolsa, gepleşiklerden soň meseläniň çözülendigi barada däl, çözülmegi üçin güýçli ygtyýaryň bardygy hakynda beýanat berildi.

İki ýurduň arasynda iň esasy meseles bolan Kuril adalary meselesini Ýaponiýanyň soňky ýyllarda çözmäge niýetlidigi bilinýär. 2016-njy ýylyň 7-nji maýynda Soçide iki lider Kuril adalary meselesini ara alyp maslahatlaşypdy, Premýer ministr Abeniň 8 maddalyk çözgüt meýilnamasynyň üstünde işlenipdi. Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitri Peskow geçirilen şol duşuşyk barada Putin-Abe duşuşygynda Kuril adalary meselesiniň netjeli çözülmegi barada pikir alyşylandygy nygtap, mesele boýunça gepleşikleriň daşary işler ministrleriniň derejesinde dowam etdiriljekdigini habar beripdi. Noýabr aýynda Russiýanyň Kuril adalaryndan İturupa Bartion, Kunaşire Bal tipli kenarýaka goranyp rekata ulgamlaryny ornaşdyrandygy barada habarlar çykypdy.

Putiniň Ýaponiýa saparynda taraplar Kuril adalarynda ýaşaýan raýatlaryň serhet geçişleriniň ýeňilleşdirilmegi barada ylalaşdylar. Tokioda gol çekişilen ylalaşyga laýyklykda Ýaponiýanyň russiýanyň gündogarya maýa goýmak arkaly pozisiýasyny güýçlendirmek isleýändigini, Abeniň maý aýynda beýan eden 8 maddalyk çözgüt meýilnamasynyň mazmunynyň Russiýanyň gündogaryna maýa goýmakdygyny aýdyp bileris. Ol iki ýurt üçin hem bähbitli bolar.


Etiketkalar: Şinzo Abe , sapar , Ýaponiýa , Putin

Degişli Habarlar