Dost-doganlygyň Taryhy

GÖROGLY TÜRKMEN HALKYNYŇ HASİYETNAMASYDYR

Dost-doganlygyň Taryhy

Görogly şadessany türki döwletleriň hemmesine mahsus bir eserdir. Her türki halkyň öz Görogly dessany bardyr. Türkmen halkynyň Görogly şadessany belki her milletde bolşy yaly, türkmen halkynyň gahrymanlygyny, mertligini, söze çeperligini, halk döredijiligine gaty baý millet bolandygynyň esasy subutnamalaryndan biridir. Görogly şadessany çeperçilik babatda iň ýokary derejede bolup, agyzdan agza geçip gelen halkyň döreden eseridir. Görogly şadessanynyň içinden eriş–argaç bolup geçen esasy zatlar Gyrat, dutar we kesgir gylyç, gadymy döwürde türkmen ýigitleriniň ýanynda göteren üç zeruriýeti hasaplanypdyr. Türkmen ýigitler söweşe gideninde diňe üşükli aty, kesgir gylyjy däl, eýsem dutaryny hem ýanynda göterendigi hakynda diňe Görogly şadessanynda däl, Yusup Ahmet dessanynda, Döwletýar dessanynda we başga dessanlarda agzalyp geçilýändigini bilýäris. Türkmen ýigitleriniň söweşde batyrlygynyň ýanynda ökde sazanda we söz ussadymy bolandygy ýa–da bu dessanlary halk döreden wagty öz arzuw–hyýallaryny şygyr sungatynyň üsti bilen has–da bezemek isländigi sebäplimi dessanlar çeperçilik taýdan gaty ýokarı derejeli goşgular bilen bezelendir. Görogly şadessany munuň subutnamasydyr. Batyr ýigitler, türkmenleriň halk gahrymany, ökde sazanda, söz ussady hökmünde özüni görkezendir. Göroglynyň türkmen warýanty onuň şygyrlaryndan mälimdir.

Görogly beg adyň äleme destan,

Gyr atyň meýdanda ner kimin mestan.

Haýbatymdan titrär külli Gürcüstan,

Tekeli türkmenli illerim bardyr.

Görogly şadessasnynda esasy öňe sürülýän wakalar, türkmenleriň az sanly göçüp gonup ýören millet bolanlygy, ýöne, hiçbir hökümdara gulluk etmedigini, hiçbir döwlete boýun egmedigini, hiçbir halka gul bolmandygyny giňden beýan edýär. Bu halkyň başynda hemişe batyr serdary, halkdan ýetişen gahryman ýigitlerniň, ondan söweş tälimlerini öwrenip, onuň töwereginde jemlenişleri baradadyr. Görogly hem şol serdarlaryň biri, halkyň döreden gahrymanydyr. Görogly türkmen halkynyň paýhasyny, mertligini we ugurtapyjylygyny özünde jemlän şahsyýetdir. Görogly diňe bir ýokarda agzalyp geçilen häsiýetleri ýzünde jemlemeýär. Gyz gelinleriň sarpasyny hemişe belent tutar şahsyýet hökmünde hem çykyş edýär. Bu sypatlaryň ählisi Görogly şadessanynda, Göroglynyň döreýşi, Göroglynyň öylenişi, Kyrklar, Öwezi getiren Harmandäli,  Gülaýym we Ärhasan ýaly ençeme şahalarynda görmek bolar:

Görogly beg öwüş–öwüş,

Myhman gelse etgin söwüş.

Döwüşseň mert bilen döwüş,

Namardy kowalaýjy bolma.

diýip aýdyşy ýaly ençeme hereketlerinde türkmen däp dessuryny görmek bolar. Görogly şadessanynyň Bezirgen şahasynda, öňürti söweşip, soňra dost bolan arap söwdagäri Bezirgeni duşmanyň gepine gidip ýaralamasy, Bezirgeniň hem soňky deminde “Görogly diýen agam bardyr, meniň ganymy ýerde goýmaz” diýmesi bilen ýalňyş iş edenini düşünip, Bezirgeniň başyny dyzynyň üstine göýyp “namart Görogly men boldum” diýip ötünç soramasy, Bezirgen ony bagyşlap gyz uýasy Aýsoltany oňa tabşyrmasy. Göroglynyň Aýsoltanyň öňünde günäsini boýun alyp:

Nahak eken seniň agaňy öldürdim,

Ok  atdym öz gözümi ýaşa doldurdym.

Puşman edip altyn gümmez saldyrdym,

Aglama Aýsoltan agaň bolaýyn.

 

Görogly diýr algyn meniň canymy,

Ýere akdyrmagyn damja hunumy.

Içgin käse käse gülgün ganymy,

Aglama, Aýsoltan agaň bolaýyn.

diýen setirleri türkmen halkynyň dürslüginiň we arassa ruhynyň beýanydyr.

Görogly şadessanynda aýal gyzlaryň sarpasy hem gaty belent tutulandyr. Düşünde görüp aşyk bolan Agaýunus perisini hemişe hormatlamasy her meselede onun pikirini soramasy ýanýoldaşyny öýüniň we göwnüniň täji hasaplamasy onyň aýal gyzlara bolan hormatynyň subutnamasydyr ýa–da söweşde ýesir düşen ýesirlerinden, arasynda gelin gyzlar bar bolsa, olara aýratyn hormat goýşynda, Göroglynyňyn türkmeniň mert we gaty edepli hasiýetini orta goýýandygyny görmek bolýar. Gelin gyzlary hemişe üstün görmesi sözlerinde olary taryp etmesi hem muňa janly şaýatdyr.

Ýol üstündaki söwütler,

Her kim öz ýaryn öwütlär.

Ata münen beg ýigitler,

Ýol beriň gyzlar geleýdi.

 

Joşma ha Görogly joşma,

Gyrat münip hetden aşma.

Ýyldyz dagdan inen çeşme,

Durlan ha gyzlar geleýdi.

Şadessanyň Harmandäli şahasynda hem saza hem söze gaty ussat bolan Harmandäli gyzyň çakylygyna, onuň bilen sazda we sözde ýaryşmak üçin ýola düşen Göroglynyň, bu ýaryşda ýeňilişı we ýola düşeninde gynanç bilen, eger bu gyzdan ýeňilseň Şähribossan ilinde sazyň we sözin piri Aşyk Aýdyň pirden sapak almasyny we ondan pata alandan soň gyz bilen tazeden ýaryşmasyny maslahat bermesi gaty çeper beýan edilipdir.

Mundan barsaň Şähribossan baryp git,

Hak adyny gursagyňa salyp git.

Aşyk aýdyň pirden pata alyp git,

Şondan pata alman gitme Görogly.

Görogly şadessany gadymy türkmen halkynyň ruhuny orta çykarmak bilen birlikde, häzirki günümizde hem söýülip okalýan dessanlaryň başynda gelýär. Görogly şadessany Türkmenistanyň Daşhowuz welaýatynyň Tagta etrabynda ýaşap geçen Pälwan bagşynyň dilinden yazylyp alnypdyr, 1957–nji ýylda bolsa ilkinji gezek türkmen dilinde çap edildi. Şol günden bäri hem her bir türkmeniň öýünde bu kitap öz ýerini alýar we hemme wagt hem söýgi bilen okalýan eserleriň biri bolup durýar.



Degişli Habarlar