Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary

Umur Gazy

Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary

 

Umur Gazy Izmiriň we töwereginiň basyp alyjysydyr. Ol 1309-njy ýylda Birgide doguldy. Kakasy Aýdynogullarynyň esaslandyryjysy Mehmet begdir. Umur Gazy deňizçi we söweşiji tükmen begidir. Şol sebäpli Gazi we Paşa lakamlary bilen tanalypdyr. 1327-nji ýyldan başlap ady sebitiň gazylarynyň we tanymal adamlarynyň arasynda geçmäge başlady.

Umur Gazy Izmiriň we onuň töwereginiň ilkinji basyp alyjysydyr. Onuň ömriniň köp bölegi söweşler bilen geçipdir.

Ol şol bir wagtda deňizçi bir türkmen begidir. Şazada döwründe Bozjaada guran ilkinji sapary üçin 7 kiçi gämi bilen galera diýip atlandyrylýan uly gämi ýasatdyrypdyr. Galeranyň adyna Gazy diýip at beripdir. Umur Gazy Bozjaadadan ýeňiş bilen geleninden soň flotyndaky gämileriniň sanyny köpeldip Hios adasyndaky deňiz garakçylaryna garşy sapar gurady. Ol düzüminde 7 galera gämisi bolan jemi 28 gämiden ybarat bolan harby flot döretdi. Umur Gazynyň agasy Aýasulugyň begi Hyzyr Gazy hem 22 gämi bilen oňa goldaw berdi. Şeýlelik bilen Umur Gazy 50 gämiden ybarat flot bilen Hiosdaky deňiz garakçylaryna garşy sapara çykdy. Flot Hios adasyna geldi we ada 3000 adamdan ybarat goşun tarapyndan gabaw astyna alyndy. Umur Gazy we jigisi Ibrahim beg Hios söweşinde serkerdelik etdiler.

Hios adasyndan ýeňiş bilen dolanan Umur Gazyny agasy Hyzyr beg onuň ýanyna gelip, ony ýeňişi bilen gutlady.  Flotyndaky gämileriniň sanyny artdyran Umur Gazy Saruhan begiň ogly Süleýman Gazy bilen bilelikde Gelibola deňiz saparyny gurady. Izmire gaýdyp geleninden soň Birgä baryp kakasy Mehmet Gazy bilen duşuşdy we eden söweşleri barada maglumat berdi. Kakasy Aýdynogly Mehmet Gazynyň goldawy bilen flodyny has hem güýçlendiren Umur Gazy 250 gämiden ybarat deňiz güýjine eýe boldy.

1333-nji ýylda Ipsara, Egriboz ýaly Izmiriň we deňiz söwda ýollarynyň howpsyzlygy taýdan wajyp orune eýe bolan ýerleri basyp aldy. Kakasy Mehmet beg we doganlary dürli-dürli ýerlerden Izmire gelip ony gutladylar.

Umur Gazynyň kakasy Mehmet beg 1 ýyl soň ýagny 1334-nji ýylda keselläp ýogalanyndan soň, Umur Gazy ýygnanan geňeş tarapyndan Aýdynogullary begliginiň hökümdary hökmünde saýlandy. Umur Gazy şol wagt 25 ýaşyndady.

Umur Gazy Lesbos we Foka adalaryndaky genuýalylara garşy Wizantiýa imperatory Andronikos bilen hyzmatdaşlyk edipdir. Umur Gazy Fokanyň genuýalylardan basylyp alynyp Wizantiýa birleşdirilmegi babatynda Andronikosa kömek beripdir.

Umur Gazy Afinynyň Wizantiýa garşy gozgalaň turuzanda hem Wizantiýanyň ýanynda ýer alyp gozgalaňyň basylyp ýatyrylmagynda uly orun eýeläpdir.

Umur Gazy 1341-nji ýylda Wizantiýanyň imperatory Andronikosyň ýogalmagyndan soň Wizantiýadaky tagt söweşlerinde imperatorlyga dalaşgär bolan Kantakuzenosyň özüne goldaw berilmegini islemegi bilen oňa kömek beripdir. Şol wagtlar ýurtda täsiri uly bolan Şa zenany Anna Umur Gaziden halas bolmagyň ýollaryny gözlemäge başlapdyr. Annanyň öjükdirmegi bilen Wenesiýa, Genuýa, Kipr we Rodos adalaryndaky rysarlar birleşip Umur Gaza garşy sapara çykypdyrlar. Balkan saparyndan ýadaw gaýdyp gelýän Umur Gazy we onuň goşuny özüne garşy birleşen duşmanyň floty bilen söweşmäge başlady. Umur Gazy hüjümiň netijesinde Izmir portynyň bir bölegini elinden aldyrdy. Saryhan begiň hem ara girmeginden soň Haçlylar bilen ylalaşyk baglaşdy.

Kantakuzenosyň kömek soramagy bilen Umur Gazy Saruhanogly Süleýman beg we Karesiogly Süleýman beg gury ýerden hereket edip Rumilindäki Kantakuzenosa goldaw berdiler.

Umur Gazy Izmire gaýdyp geleninden soň şäheriň haçlylaryň eline geçen bölegini basyp almak üçin galany gabaw astyna aldy. Rodoslylar gabawa çydap bilmän parahatçylyk islediler. Olary bagyşlan Umur Gazy ylalaşygyň Rim papasy tarapyndan tassyklanmadygy sebäpli Izmir galasynyň gabawyny dowam etdiripdir. Umur Gazy Izmir galasynyň gabaw wagtynda esgerlerini ýüreklendirmek üçin aty bilen öňe tarap çykanda galadan atylan okuň kellesine degmegi netijesinde şehit boldy. Ol şehit bolan wagty 39 ýaşyndady. Umur Gazy kakasy Mehmet begiň ýanynda jaýlandy. Izimiriň basyp alyjysy bolan beýik türkmen serkerdesi Umur Gazyny hormat bilen ýatlaýarys.



Degişli Habarlar