Yslamy Öwreneliň

Adamy iň kämil görnüşde ýaradan beýik biribar, ömür boýy gerek boljak maddy we ruhy ähli zady onuň garamagyna hödürläpdir hem-de dünýäni nygmatlar bilen gurşapdyr

Yslamy Öwreneliň

Gurhanda “Ol size isleýän ähli zadyňyzda berdi. Allanyň nygmatlaryny sanap ýetişmersiňiz” diýip buýurýar. Ryzyk, dünýädäki nygmatlardan adamyň paýyna düşýänidir. Allanyň her bir jandara nesip eden, olaryň maddy we ruhy durmuşlarynyň yzgiderliligini üpjün edýän nygmatlardyr.

Beýik allanyň atlaryndan biri hem “Razzakdyr”. Ýaradylan her bir zadyn ryzygyny üpjün edýän manysyny aňladýar. Alla dine ynananlara däl, özüni inkär edenlere hem ryzyk berýär. Alla adamyň maddy durmuşynyň merkezinde durýan bedeniň iýmek, içmek we geýinmek ýaly isleglerini kanagatlandyryşy ýaly, ruhy durmuşynyň merkezinde durýan ruhynyň iman, ybadat, söýgi we müşki ambar ýaly isleglerini hem kanagatlandyrýar. Emma adam üçin iň esasy nygmat dogryny görmegi, haka gönükmegi, bagtyýarlyga ýetmegi, allaga iman etmegidir. Allanyň razylygyna eýe bolup, jennede girmegidir.

Gurhanda ryzyk bilen bagly başlangyç hususlar şu aýatlarda beýan edilýär:

“Ýer ýüzündäki ähli jandarlaryn ryzky allaga degişlidir…”

“Ençeme jandar siziň ryzykyňyzy göterip bilmez, olarada sizede alla sereder. Ol eşidýändir, bilýändir.”

“Şübhesiz ryzky beren, üýtgewsiz gudrada we kuwwada eýe bolan beýik alladyr.”

“Asmanyň we ýeriň açary ondadyr. İsleýänine ryzky açar we ýapar. Ol ähli zady bilýändir.”

Razzak bolan alla, usulyna laýyklykda ryzyk isleýänleri aç goýmaz. Hezreti pygamber “Ýaşadygyňyz saýyn ryzyk barada umytsyzlanmaň. Çünki şübhesiz ejesi adamy ýalaňaç dogurar. Soň alla ony ryzyklandyrar” diýip, ryzky berýäniň alladygyny, ynanlara bu barada aladalanmazlygy habar beripdir. Ene garnyndaky bäbek we deňizdäki bir öýjükli plankton ýaly biçäre bolan jandarlaryn ryzyklary has ýeňil we aňsatlyk bilen berilipdir. Güýçli we gudratly bolanlaryň ryzyklary bolsa dünýäde ýörgünli bolan kanunlar, sebäpleriň arkasyna bukulmazlyk, işlemek we tagalla etmek ýaly birnäçe düzgüne baglydyr.

Ryzyk, gudrat bilen baglydyr. Ajaly, adamy nähili yzarlaýan bolsa, ryzky hem şeýle yzarlaýandyr. Muňa garamazdan allanyň ryzyk bermegi ýaltalyk etmegi, işlemezligi, ýalňyş töwekgellik düşünjesi eýe bolmagy talap etmeýär. Gurhan pygamberlerin durmuşlaryny beýan edýärkä olaryň işläp gazanmaklyk barasynda-da göreldelidigine ünsi çekýär. Adam ryzkyň halallyk bilen gazanylmagyndan, azlygyndan ýa-da köplüginden hem jogapkärdir.

Beýik alla arassa, peýdaly we gowy zatlary adamlara halal, hapa we zyýanly zatlary bolsa haram kylypdyr. Gurhanda “İndi allanyň size halal we arassa hökmünde beren ryzyklaryndan iýiň” diýmek bilen, musulmanlaryň ryzyklaryny halalyndan üpjün etmeklerini isleýär. Şeýlelikde her bir musulmanyň özüniň we maşgala agzalarynyň isleglerini halallyk bilen üpjün etmäge synanşmagy, haramdan gaça durmagy parzdyr. Eýsem haram gazanç ýyllary dünýäde zuluma, kolonializme we anarhiýa, ahyretde bolsa azaba alyp barar. Muhammet pygamber emlägine haram goşanyň dogasynyň we ybadatynyň kabul bolmajakdygyny habar beripdir we “… saçy başy dargan, tozanly, toprakly elini açyp “ýa reb! Ýa reb” diýip dogan eder, emma iýeni haram, içeni haram, geýeni haram, haram bilen beslenýär. Eýsem şeýle adamyň dogasy nähili kabul ediler” diýip buýurýar. Gazanjyň halallyk bilen edilmeli bolşy ýaly isrip edilmän sap we halal ýerlere sarp edilmegi hem hökmanydyr. Beýik alla “Emlägiňizi araňyzda nähak sarp etmäň” diýip buýurýar. Hezreti pygamber hem “İsrip etmezden, gopbamsylyk etmän iýiň, geýiň we garymlara kömek ediň” diýip nygtapdyr.

Aýatlarda we hadyslarda şükür etmek, garyndaşlyk gatnaşyklaryny güýçlendirmek, toba etmek ýaly käbir gowy hereketlerin ryzygyň bereketlenmegine hem-de artmagyna sebäp boljakdygy beýan edilýär. Şol sebäpli Muhammet pygamber “Eý alla! Günälerimi geç, ryzykymy giňelt we maňa berýän ryzyklaryňyzy bereketli kyl” diýip, doga edip alladan ryzyk soramagy ündäpdir.

Allanyň beren her gir nygmatynyň hökmany suratda hasabynyň boljakdygy baradaky ynanç, musulmanyň musulmanyň aňyndan çykmaýar. Ol hem musulmany düşünjeli çemeleşmäge gönükdirýär. Şeýle-de ryzyky berýäniň alladygyna ynanýan mömin, başgalaryna berilen nygmatlardan tama etmez. Pygamberiň maslahatyny berjaý edip, özünden has ýeter-ýetmez bolanlara seredip, elindäki nygmatyň gadyryny biler we şükür eder. Hezreti pygamberiň “Hiç kim öz zähmeti bilen gazananyndan haýyrly iýmit iýen däldir” diýmek bilen, iň haýyrly ryzyky gazanmak üçin tagalla edipdir.


Etiketkalar: ruhy , maddy , jandar , nygmat , gurhan , Alla

Degişli Habarlar