Aktual Analiz

Ähli daşlar ýerli-ýerine ýerleşdi we ählisi “soňky daşa” garaşýar. Soňky daş üçin görülýän taýarlyklara gatnaşýanlaryň hatarynda “özem” bar we mysal üçin Russiýanyň Türkiýedäki ilçisi Andreý Karlowyň öldürilmeginde bolşy ýaly…

Aktual Analiz

Siriýada, Yrakda we Ýakyn Gündogarda çylşyrymlaşan ähli zat üçin 20-nji ýanwar, ýagny ABŞ-nyň Prezidentiniň Owal Ofise oturjak gününe garaşylýar.

Şübhesiz sebitiň ähli balanslary üçin çözgüt elementi hökmünde ABŞ-nyň derde ýarap-ýaramajakdygy indi esasy diskusiýa meselesi emma mart-aprel aýlaryna çenli resmi Waşingtonyň Donald Trampyň hem-de onuň egindeşleriniň näme pikir edýändigi, nähili hereket etjekdigi belli bolar…

Şoňa çenli Türkiýe bilen birlikde ähli aktýorlar stolda iň uly kürsini eýelemek, mümkin gadar güýçli pozisiýa eýelemek üçin gyssagly işe girişer.

Häsirki ýetilen pursat hem tüýs şeýle…

Siriýada Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň arasynda hüjümleriň bes edilmegi baradaky “ylalaşyk” şol bir wagtda bigünäleriň jähennemine öwürenleriň meýdandan çeýleşdirilmegi manysyny aňladýar…

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rybakow: “Russiýanyň, Eýranyň we Türkiýäniň Siriýa meselesinde gizlin maksady ýok. Günbatar Siriýa ylalaşygyna sarpa goýmaly. Ylalaşykdaky her bir madda ABŞ-da we ÝB-de käbirleriniň göwnünden turman biler. Emma durmuş şeýle. Öwrenşmeli bolarlar”…

Dünýäniň iň uly, hat-da super güýji hökmünde gönüden göni Putin tarapyndan häsýetlendirilen ABŞ-nyň düşen ýagdaýyna seretseňizläň!

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Sankt Peterburg şäherinde geçirilen Halkara Ykdysadyýet Maslahatynda “ABŞ uly güýç. Häzirki wagtda dünýäniň ýeke-täk super güýji. Ony ykrar edýäris. ABŞ bilen işleşmek isleýäris we biz oňa taýar” diýipdi.

Obamanyň we egindeşleriniň alty ozal edilen bu teklibi kabul etmezligi resmi Waşingtonyň garşydaşlary tarapyndan berk tankyt edilýär, emma indi ol hiç hili many aňlatmaýar.

ABŞ-na edilen bu teklip gaýtalanmaz. Emma ABŞ geljek aýlarda bu teklibiň öňüne geler.

Ol nähili bolarka?

“ABŞ, Russiýanyň, Türkiýäniň we Eýranyň Siriýada häkimiýet gurmagyny kabul edip biler. Emma Türkiýäniň günbatar hyzmatdaşlygy bilen gatnaşyklarynyň gowşamagyna, Türkiýäniň ýitirilmegine asla ýol bermeli däl.”

Gaty beýle-de däl.

Obama bilen hem hökmürowanlygyny dowam etdiren Amerikanyň düzgün-nyzamy ABŞ-na daşary syýasatda ýaramaz miras goýdy, emma geň ýagdaýda geljek häkimiýetiň daşary syýasatdaky ýalňyşlyklary düzetmegini we Russiýa-Türkiýe liniýasyny duzaga düşürjek “Russiýa/Putin garşydaşy” has agyr miras galdyrmaga synanşýar.

Men şu metafory ýygy-ýygy gaýtalaýaryn: Türkiýä mahsus “MAnyly wagt düzüji institut” bar…

Rus ilçisine guralan hüjüm Türkiýe-Russiýa-Eýran üç taraplaýyn maslahatynyň öň ýanynda amala aşdy. Ýadyňyza düşýän bolsa Stabulyň Beşikdaş etrabyndaky hüjüm hem Prezident Erdoganyň Gazagystana saparynyň öň ýanynda guralyp, sapar yza süýşürildi.

Jenaýatyň edilen güni rus, türk we gazak liderleri täze duşuşyk barada pikir alyşýardy.

Ylalaşyljak maddalardan biri bolsa PÝD/PKK garşy Eýranyň, Russiýanyň we Siriýanyň hökümetleriniň bilelikde göreşmekleri bilen bagly.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym bolsa hüjümden soň beren beýanatynda: “Aslyna seredilende bu sergi Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň geçmişini, şu gününi we geljegini beýan edýän möhüm çäredi” diýipdi…

Sergi: “Kaliningraddan Kamçatka” atlandyrylypdy.

Elbetde kesgitlenen wagtlardan biri hem şol gün agşam Germaniýada başdan guralan, görnüş taýdan Fransiýadaky ýük ulagy hüjümine meňzeýän terror hüjümi…

Germaniýanyň Federal Mejlisiniň Daşary gatnaşyklar toparynyň başlygy Norbert Rottgen: “Türkiýäniň Siriýa meselesinde Russiýa bilen ylalaşmagy iňňän howply waka bolar” diýipdi.

Ol günbatar üçin başga bir diplomatik apat bolar. Täsiri nähili bolar, näbelli. Ýöne şol gün guraljak saparlardan biri yza süýşürildi.

Eýranyň Prezidentiniň birinji orunbasary İshak Jihangiri şol gün Türkiýä gelmelidi.

Russiýadan berilen beýanat, Kompleksiň we Kremliň jenaýat hem-de onuň arkasynda durýanlara şol bir nukdaý nazardan garaýandygyny görkezýär.

Dünýäniň super güýçlerinden biriniň ilçisinin öldürilmegi elmydama uly meseledir. Emma şeýle meseläniň birnäçe sagatda çözülmegi möhüm. Onuň çözülmeginde Prezident Erdoganyň geçiren gepleşikleriniň paýy uly.

Russiýa meseläni BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň garamagyna hödürledi we ony ýazgartmagyň hötdesinden geldi.

Şol pursatdan başlap “ABŞ tipli garaňky güýç” we “global düzgün” şeýle işledi…

16-njy dekabrda ABŞ-nyň daşary işler ministrligi we Merkezi razwedka gullugy terror guramasy DAİŞ bilen nebit söwdasyny edýändigi baradaky habarlar sebäpli Türkiýeden ötünç sorady. Russiýanyn şol habar sebäpli ötünç soramandygy ýatladyldy…

18-nji dekabr Obama: “Türkiýänin güýçli goşuny bar, emma onuň bilen Siriýa tertip-düzgün getirmedi”…

19-njy dekabr: Sibirde 39 adamy alyp barýan rus harby uçary gaçdy…

19-njy dekabr: ÝB Russiýa goýan çäklendirmeleriniň möhletini resmi taýdan uzaltdy.

19-njy dekabr: Russiýa Türk akymy taslamasynyň Dumada tassyklanjakdygyny habar berdi.

19-njy dekabr: Russiýanyň Türkiýedäki ilçisi Andreý Karlow Ankarada öldürildi…

19-njy dekabr: Moskwada Daşary işler ministrliginiň ýokary derejeli işgäri öýünde öli ýagdaýda tapyldy…

21-nji dekabr Kreml: “ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky aragatnaşyk kanallary doňduryldy”…

24-nji dekabr: NATO-nyň umumy gözegçilisi İwe Çandelon Belgiýada ulagynyň ýanynda öldürildi…

25-nji dekabr: 93 ýylagçyly Tu-154 kysymly rus uçary Soçiden uçandan soň Garadeňize gaçdy…

26-njy dekabr: Moskwada bombaly hüjüm duýduryşy, 3 otly bekedinden müňlerçe adam çykaryldy…

26-njy dekabr: Rosneftiň başlygy İgor Seçiniň sag goly Oleg Erowkin ulagynda öli  ýagdaýda tapyldy. Erowkin 1976-njy ýyldan bäri KGB-ä hyzmat eden FSB generalydy.

26-njy dekabr: Yragyň Moskwadaky ilçihanasynda medeni wekil Haýdar JAbar öli ýagdaýda tapyldy.

Putin 23-nji dekabrda geçiren ýyllyk metbugat ýygnagynda: “Russiýa Türkiýäniň we Eýranyň degişli bolmagyndaky üç taraplaýyn format Siriýa meselesinde netijeliligini subut etdi. Bu format dowam etdirilmeli. ABŞ-ny hem Russiýanyň, Türkiýäniň we Eýranyň tagallalaryna goşulmaga çagyrýarys” diýipdi.

Prezident Erdogan bolsa 24-nji dekabrda şeýle diýipdi: 20-nji ýanwardan son Amerikada täze Prezident işe başlaýar. Olar bilen hem duşuşarys. Al Babda işiň bu bölegi tamamlandy. Emma indi Munbiç bar. Munbiçden soň Amerika bilen ylalaşsak Rakka bar.”

Bu iki açyk çagyryş giden Amerika däl, gelýän Amerika.

Rus lideriniň Karlow jenaýaty barada iki sany möhüm beýanaty bar…

Putin: “Dogursyny aýtsam uçarymyzyň türk liderleriniň görkezmesi bolmazdan, Russiýa-Türkiýe gatnaşyklaryna zyýan ýetirmek isleýän adamlar tarapyndan urlup düşürilendigine şübheli garaýardym. Emma ilçimize polis gullukçysy tarapyndan guralan hüjümden son pikirim üýtgetmäge başlady.”

Kremliň metbugat sekretary Peskow; “Moskwa bilelikdäki derňew toparynyň ýygnajak delilleriniň netijesine garaşmagyň ýerlikli boljakdygyny pikir edýär. Prezident Putiniň aýdyşy ýaly derňew işi tamamlanýança jenaýatyň aňyrsyndakylar barada pikir beýan etmek ýerlikli bolmaz.”

Bu iki resmi beýanat ilki bada çapraz ýaly görünip biler. Ýöne beýle däl.

Russiýa jenaýatyň Türkiýe-Russiýa gatnaşyklaryna duzak gurmak üçin guralandygyna ynanýar, emma esasan Russiýa-Amerika gatnaşyklaryny, Moskwa-Tramp gatnaşyklaryna garşy guralandygyna ynanýar.

Moskwanyň “derňew işi tamamlanýança” diýen sözleminiň terjimesi, “Tramp ýerine sag-aman otursyn” diýmegi aňladýar.



Degişli Habarlar