Türk dünýäsinden habarlar

Gepleşigimizde türk dünýäsinden gelip gowşan habarlara giňişleýin ýer bermekçi

Türk dünýäsinden habarlar

 

 

Türk dünýäsinden habarlar atly täze gepleşigimiziň ilkinji sanyna başlaýarys. Gepleşigimizde türk dünýäsinden gelip gowşan habarlara giňişleýin ýer bermekçi.

Gepleşigimiziň ilkinji habary Gazagystandan gelip gowuşdy. Soňky döwürde başdan geçirilýän terrorçylykly hüjümlerden soň Gazagystanda görülýän çäreleriň berkidilmegi maksady bilen terrora garşy göreş kanuny kabul edildi.

Prezidentiň Metbugat merkezi Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň Mejlisde kabul edilen we terrorçylyga garşy göreşde görüljek çäreleriň giňeldilmegi baradaky kanuny tassyklandygyny habar berdi.

Prezident Nazarbaýewiň görkezmesine laýyklykda terrorçylyga garşy göreş kanunyna girizilen üýtgetmeler, terrorizmiň maliýe girdeýjisini emele getirýän bikanun neşe söwdasyna, ýarag satuwy we migrasiýa ugurlarynda berk düzgünleriň goýulmagyny nazarda tutýar.

Ikinji habarymyz Azerbaýjanda geçirlen maslahat bilen arabaglanşykly. Türk dünýäsiniň 2017-nji ýyldaky medeniýet paýtagty Türkistan boldy. Gazagystanyň Türkistan şäheri 2017-nji ýylda Türk dünýäsiniň medeniýet paýtagtlygyna saýlandy.

Azerbaýjanda Halkara türk medeniýet guramasy TÜRKSOÝ-yň 34-nji maslahaty geçirildi.

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň bir agyzdan ses bermegi netijesinde 2016-njy ýylda Türk dünýäsiniň medeniýet paýtagtlygyna saýlanan  Azerbaýjanyň Şeki şäherinde geçirlen maslahata Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Gagauzýeriniň we DKTR-nyň medeniýet ministrleri bilen birlikde ýolbaşçylary gatnaşdy.

Maslahata Türk geňeşi, Türki dilli ýurtlaryň Parlamentarlar Assambleýasy TÜRKPA, Türk Akademiýasy, Türk medeniýet mirasy gaznasy ýaly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

Maslahata Türkiýäniň adyndan Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň kömekçisi Nihat Gül gatnaşdy.

Maslahatda Gazagystanyň Türkistan şäheri 2017-nji ýylda Türk dünýäsiniň medeniýet paýtagtlygyna saýlandy. TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň 35-nji maslahatynyň Gazagystanyň Medeniýet we sport ministrligi tarapyndan 2017-nji ýylyň ahyrynda Türkistan şäherinde geçirilmegi hakynda karar kabul edildi.

Maslahatda şeýle hem Azerbaýjanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň teklibi bilen 2017-nji ýylyň TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň Molla Panah Wagifyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasibetli Molla Panah Wagif ýyly hökmünde yglan edilmegi bilen arabaglanşykly karar kabul edildi.

2017-nji ýylda Türk dünýäsiniň medeni paýtagtlygyna saýlanan Türkistan şäherini ýakyndan tanamak elbetde ýerlikli bolsa gerek.

Taryhy çeşmelere görä 4-nji asyrda gurlan gadymy ady Ýesi bolan Türkistan, Hoja Ahmed Ýasawynyň doglan we ýaşan şäheri hökmünde bilinýär.

Gazagystanyň UNESJO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawyna alynan ilkinji taryhy eseri bolan we 14-nji asyrda Emir Timur tarapyndan gurdurlan Ýasawy turbedi şäheriň iň kaşaň binalaryndan biridir.

1992-nji ýylda açylan Ahmet Ýasawy Gazak-Türk uniwersitetine hem ýer eýeçiligini edýän şäher, taryhy gurluşy we döwrebap şäher durmuşy bilen hem ünsleri özüne çekýär.

Taryhy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkistan şäheri bir ýylyň dowamynda medeni çärelere we maslahatlara ýer eýeçiligini eder.

Türk dünýäsiniň zenan egin eşikleriniň moda şou Azerbaýjanda geçirildi.

2016-njy ýylyň 21-nji dekabrynda Bakudaky Ýunus Emre instituty, Gazagystanyň Moda öýi we Hanum Moda gullugynyň goldaw bermeginde “Geçmişden geljege Türk dünýäsiniň zenan egin eşikleri moda şou” Bakudaky Fairmont myhmanhanasynda geçirildi.

Moda şoua medeniýet we sungat ussatlarynyň wekilleri bilen birlikde uly halk köpçüligi gatnaşdy.

Moda şounyň açylyş dabarasynda söz sözlän Ýunus Emre institutynyň müdüri İbrahim Ýyldyrym bilen halk deputaty Ganire Paşaýewa medeni çäräniň ähmiýetine ünsi çekdi we türk milli gymmatlyklarynyň goralyp saklanmagynyň we geljek nesillere ýetirilmeginiň diýseň möhümdigini belledi.

Moda şouda milli nagyşlar bilen bezelen, al-ýaşyl öwüsýän zenan egin eşikleri görkezildi.

Moda şouň dowamynda tanymal sungat ussatlary konsert programmasy bilen çykyş etdi.

 

 

 



Degişli Habarlar