Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün Tertibi

Türkiýe we Orta Aziýa

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün Tertibi

Jemgyýetçilik diplomatiýasy esasanda 2000-nji ýyllar bilen birlikde halkara gatnaşyklarynyň esasy adalgalaryndan birine öwrüldi we daşary syýasatyň möhüm serişdelerinden biri boldy. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Türkiýäniň Türkistan/Orta Aziýa baradaky jemgyýetçilik diplomatiýasyny seljermekçi.

Orta Aziýadaky türki dilli döwletleriň garaşsyzlyklaryny almaklary şübhesiz türk daşary syýasatyna täze bir ugur getirdi. Türkiýäniň dil, taryh we medeni taýdan çuňňur geçmişi bolan şol ýurtlar bilen gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy köp sanly ugurda çaltlyk bilen ösdi. Türkiýäniň sebit boýunça umumy syýasatyny: Orta Aziýa ýurtlarynyň garaşsyz, syýasy we ykdysady durnuklylyga eýe, öz aralarynda we goňşulary bilen arkalaşykly, halkara jemgyýetçiligi bilen bitewileşen, demokratik gymmatlyklary ykrar eden döwletler hökmünde ýoluna dowam etdirmeklerini goldamak hökmünde beýan edip bileris. Türkiýe şol syýasaty bilen sebitde ýerleşýän ýurtlaryň esasy hyzmatdaşlaryndan birine öwrüldi.

Türki dilli döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen 1992-nji ýyldan bäri Türkiýäniň öňbaşçylygynda dowam etdirilýän “Türki dilli döwletleriň prezidentleriniň maslahatynyň” esasy netijelerinden biri Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň gatnaşmagynda 2009-njy ýylda Türk Geňeşi döredilmegi boldy. Türk dünýäsinde hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsýete eýe bolmagyna uly goşant goşýan we merkezi Stambulda ýerleşýän geňeşe Türkmenistan hemişelik bitaraplyk derejesi sebäpli, Özbegistan bolsa syýasy sebäplerden goşulmady.

Türkiýäniň sebit boýunça jemgyýetçilik diplomatiýasy medeniýet, bilim, media we galkynyş kömekleri arkaly dowam edýär. Şol çäkde edilen ilkinji başlangyçlarn biri türk medeniýeti we sungatynyň, diliniň, taryhy mirasynyň goralmagy, şol gymmatlyklaryň dünýä tanyşdyrylmagy hem-de ýaş nesillere ýetirilmegi maksadyna laýyklykda 1993-nji ýylda Türk medeniýetiniň halkara dolanşygy TÜRKSOÝ-yn döredilmegi boldy. Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň ýany bilen DKTR-nyň, Russiýa Federasiýasyna tabynlykdaky 6 sany awtanom respublikasy bilen Gagauziýa synçy derejesinde TÜRKSOÝ-a agza. Ol hem TÜRKSOÝ-y türki dilli döwletleriň we halklaryň iň uly guramasyna öwürýär. Agza we synçy agza ýurtlaryň Medeniýet ministrlikleriniň goldaw bermeginde öz işini dowam etdirýän TÜRKSOÝ, köp taraply hyzmatdaşlyk hem-de özara jemgyýetçilik diplomatiýasy taýdan nusgawy guramalardan biri.

Sebit bilen edýän gatnaşyklarynda bilim pudagyna aýratyn üns berýän Türkiýe 1992-nji ýylda başladylan “Beýik talyp taslamasy” bilen türki dilli döwletlerden ýüzlerçe talyp kabul etdi. Häzirki wagtda “Türkiýäniň stipendiýalary” ady bilen giňeldilen meýilnama, Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halkyýetler edarasy tarapyndan durmuşa geçirilýär. Şol meýilnama degişli bolan “Türki dilli döwletleriň stipendiýa maksatnamasyna” laýyklykda ýylda onlarça talyp Türkiýedaki ýokary mekdeplere kabul edilýär. Şeýle-de türk diliniň ýaýbaňlandyrylmagy ugrunda alyp barýan işleri bilen Türkiýäniň esasy jemgyýetçilik diplomatiýa serişdelerinden birine öwrülen Ýunus Emre İnstitutynyň Orta Aziýadaky ýeke-täk merkezi Astanada iş alyp barýar. Türkiýäniň Bilim ministrligine tabynlykda Gyrzgysystanda we Türkmenistanda 4, Gazagystanda we Özbegistanda bolsa 1 sany bilim ojagy bar.

Gyrgyzystan-Türkiýe Manas uniwersiteti 1997-98-nji okuw ýylyndan bäri Bişkekde iş alyp barýar. Okuw jaýyna Gyrgyzystandan, türki dilli döwletlerden we garyndaş halklardan hem-de beýleki ýurtlardan ýaşlar kabul edilýär.

Türk dünýäsiniň ilkinji bilelikdäki döwlet uniwersiteti bolan Ahmet Ýasawy uniwersiteti ylym-bilim we ylmy barlag işlerini Gazagystanda ýerleşýän kampusynda dowam etdirýär. Uniwersitet dürli ugurlarda we şertlerde ýaşlaryň bilim almagyna goşant goşýar.

Türkiýänin Türkistan/Orta Aziýa boýunça jemgyýetçilik diplomatiýasy bulardan ybarat däl. TRT-niň, TİKA-nyň, Metbugat we Neşirýat, Maglumatlar Edarasynyň hem düýpli işleri bar. Olar barasynda bolsa gepleşiklerimiziň indiki sanlarynda maglumat bereris.



Degişli Habarlar