Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Ankaradan gelip gowuşdy.

TIKA-nyň başlygy Dr Serdar Çama Gazagystanyň Garaşsyzlyk medaly berildi.

Halkara Türk medeniýeti guramasy TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Düsen Kaseinow Türki dilli Respublikalaryň Garaşsyzlyklarynyň 25-nji ýyllygy mynasybetli Türk iş hyzmatdaşkygy we utgarşdyryjy gullugy TIKA-nyň başlygy Serdar Çama Gazagystanyň Garaşsyzlyk medalyny gowşurdy.

TIKA-nyň merkezinde geçirilen çärä ilçi Kaseinow we TIKA-nyň başlygy Serdar Çam bilen birlikde TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň kömekçisi Fyrat Purtaş, TÜRKSOÝ-yň Azerbaýjandaky wekili Elçin Gafarly, TÜRKSOÝ-yň Gyrgyzystandaky wekili Hojageldi Kuluew we TIKA-nyň başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar.

Ilçi Kaseinow ol ýerde eden çykyşynda Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň biri-birinden tapawutly taslamalar bilen dowam etdirilýändigini, taslamalaryň agramly böleginiň bolsa TIKA tarapyndan durmuşa geçirilýändigini mälim etdi.

Kaseinow: “Türk dünýäsinde kömek diýilen mahaly adamlaryň kellesine ilkinji nobatda TIKA gelýär” diýdi.

TIKA-nyň başlygy Serdar Çam bolsa bu hormatly medaly almakdan örän hoşaldygyny belläp: “Mundan soň, ozal hem bolşy ýaly wepalylyk bilen Gazagystan döwletine we bütin Türk dünýäsine hyzmat etmek üçin ömrümiň ahyryna çenli işlejekdigime söz berýärin” diýdi.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň kömekçisi Fyrat Purtaş hem medalyň Gazagystanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda berilendigini belläp, bu medalyň Türkiýede diňe 6 adama berilendigini we şol adamlaryň medala dolulygyna laýykdygyny habar berdi.

Gazagystandaky iň möhüm TIKA taslamasy şu günki güne çenli giňişleýin abatlanan Hoja Ähmet Ýasawynyň aramgähidir.

 

Nobatda Gazagystandan gelip gowuşan habarymyz bar.

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Türk dünýäsiniň matematikçileriniň VI kongresi geçirildi.

Kongrese 20 ýurtdan 100-den gowrak delegasiýa bilen jemi 500-den gowrak adam gatnaşdy. Kongresde matematikanyň ähli ugurlary ele alyndy. Kongrese gelen adamlar 4 günüň dowamynda algebra we matematiki logika, geometriýa we topologiýa, funksiýalaryň teoriýalary, differensial deňlemeler we matematiki fizika, Türki dilli halklaryň matematika biliminiň taryhy we usuly ýaly gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başgada Kongresde Türki dilli halklaryň Matematikaçylar jemgyýetiniň geňeşi geçirildi. Geňeşde jemgyýetiň täze agzalary saýlandy. Geňeşe gatnaşanlar bir agyzdan akademiýanyň agzasy bolan Bakytjan Jumagulowy Türki dilli halklaryň Matematikaçylar jemgyýetiniň nobatdaky başlygy edip saýladylar. Maslahatda Türki dilli halklaryň Matematikaçylar jemgyýetiniň nobatdaky VII Kongresiniň geňeşiniň Özbegistanda geçirilmegi barada karara geldiler. Mslahatyň soňky gününde matematika ylmynyň ösüşine goşant goşan adamlara we ýaş matematikaçylara diplomlar berildi.

Üç ýylda bir gezek geçirilýän Türki dilli halklaryň Matematikaçylar jemgyýetiniň ilkinji maslahaty 1999-njy ýylda Türkiýede geçirilipdi.

 

TRT TSR-nyň hormatly dostlary Nobatda ýene-de bir gowy habarymyz bar.

2017-nji ýylyň 7-8-nji dekabr aralygynda Ufada Başkyrt milli metbugatynyň 100 ýyllygy mynasybetli Halkara metbugat ýaýlym konferensiýasy geçiriler.

Alynan maglumata görä konferensiýa Russiýa Federasiýasynyň Bilim we ylym ministrligi bilen Başgyrdystanyň Metbugat, ýaýlym we köpçülikleýin aragatnaşyk enjamlar agentliginiň hemaýaty bilen Başgyrdystan Döwlet uniwersitetinde geçiriler.

Arzalaryň 10-njy noýabra çenli kabul ediljek konferensiýada hödürlenen temalar birnäçe wagt soň kitap ýagdaýynda çap ediler.

 

Gepleşigimizi doganlyk ýurt Özbegistandan gelip gowuşan habarymyz bilen tamamlamak isleýäris.

Özbegistanyň jemi içerki önümi 2017-nji we 2018-nji ýylda 6 göterim artar.

Halkara Pul gaznasy IMF tarapyndan berilen beýanatda Özbegistanyň jemi içerki önüminiň üstümizdäki ýyl we öňümizdäki ýyl 6 göterim artmagyna garaşylýandygy mälim edildi. Habara görä Halkara Pul gaznasy IMF Özbegistanyň jemi içerki önümi 2017-nji we 2018-nji ýylda 6 göterim artjakdygyny habar berdi.

IMF-niň täzelenen World Economic Outlook habarnamasynda ozal Özbegistanyň galkynmagy bilen baglanşykly hasabatyny üýtgetmedi. IMF habarnamasynda Özbegistanyň jemi içerki önümi 2017-nji we 2018-nji ýylda 6 göterim artmagyna garaşylýandygy bellendi.

Özbegistandaky ýyllyk inflýasiýanyň şu ýyl 13 göterim, öňümizdäki ýyl bolsa 12,7 göterim boljakdygy bellenen habarnamada inflýasiýadaky bu artyşyň daşary ýurt walýutasyndaky özgertmeler sebäpli milli walýutanyň hümmediniň aşaklamagy sebäplidigi habar berildi.

Özbegistanyň hökümedi Özbegistanyň jemi içerki önüminiň şu ýyl 7,8 göterim artjakdygyny, ýyllyk inflýasiýanyň bolsa 11,12 göterim artjakdygyny çak edýär. 



Degişli Habarlar