Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

D-8 Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

D-8 Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 9-njy Maslahaty 20-nji oktýabrda Stambulyň Lütfü Kyrdar Medeniýet we Kongresler Merkezinde geçirildi. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda D-8-iň maslahatyny we onuň sebite ýetirýän täsirini analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti, doktor Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

D-8 Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 9-njy Maslahaty 20-nji oktýabrda Stambulda geçirildi. Maslahata Türkiýäniň, Eýranyň, Pakistanyň, Bangladeşiň, Malaýziýanyň, İndoneziýanyň, Müsüriň we Nigeriýanyň liderleri bilen birlikde Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdoganyň ýörite myhmany hökmünde gatnaşdy.

D-8-iň döredilmegi baradaky ilkinji ylalaşyga Türkiýäniň teklip etmegi boýunça Eýranyň, Pakistanyň, Bangladeşiň, Malaýziýanyň, İndoneziýanyň, Müsüriň we Nigeriýanyň liderleriniň gatnaşmagynda 1996-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Stambulda geçirilen “Galkynyşda Hyzmatdaşlyk Maslahatynyň” çäklerinde gol çekişilipdi. Şol maslahatdan soň 1997-nji ýylyň 15-nji iýunynda Stambulda geçirilen döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň Maslahaty bilen D-8 resmi taýdan döredildi. D-8-iň baýdagynda 8 sany ýyldyz bar we olar guramanyň 6 sany başlangyç düzgünini aňladýar. “Uruş däl parahatçylyk”, “Çaknyşyk däl, dialog”, “İki standartlylyk däl, adalat”, “Üstünlik däl, deňlik”, “İmperializm däl, hyzmatdaşlyk”, “Basyş we höküm etmek däl, adam hukuklary, azatlyk we demokratiýa.”

Stambulda geçirilen maslahatyň dowamynda Türkiýe Respublikasy D-8-iň döwürleýin ýolbaşçylygyny Pakistandan kabul edip aldy. D-8-iň döredilmeginiň 20 ýyllygyna gabat gelmegi taýdan aýratyn orun tutýan 9-njy maslahat “Hyzmatdaşlyk arkaly pursatlary artdyrmak” temasy bilen geçirildi. Maslahata gatnaşan Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan, maslahatyň jemleýji çykyşyny etdi. Şol çykyşda jar edilen: “Eýranda D-8 uniwersitetiniň açyljakdygynyň” yglan edilmegi, agza ýurtlaryň arasyndaky 100 milliard dollara barabar bolan söwda mukdarynyň 500 milliard dollara ýetirilmegi we söwda gatnaşygynda milli pul birlikleriniň peýdalanylmagy ýaly ugurlar maslahatyň ünsleri çekeji taraplary boldy. Prezident ERdoganyň maslahatda sözlän sözünde D-8-de karar kabul ediş mehanizminiň ýeňilleşdirilmegi we agza sanynyň 20-ä ýetirilmegi teklipleri hödürlemegi Türkiýäiň döwürleýin ýolbaşçylygynyň işjeň geçjekdigini görkezýär.

D-8-e agza ýurtlar şol bir wagtda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna hem agza. Olar Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň düzümindäki tehnologik we ykdysady derejeleri, söwda potensiallary we ilatlary taýdan öňdebaryjy ýurtlaryň hatarynda. Günorta-Günorta dialogynyň çaginde ösüp barýan ýurtlaryň arasynda döredilen hyzmatdaşlyk arkalaşyklaryndan biri bolan D-8 agza ýurtlaryň arasynda ykdeysady we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini nazarda tutýar. D-8-iň maksady galkynýan ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetindäki pozisiýasyny güýçlendirmek, söwda gatnaşyklaryny diwersifakiýalaşdyrmak we söwda pudagynda agza ýurtlara täze şertler döretmek, halkara derejesinde karar kabul ediş mehanizmlerine işjeň gatnaşmak we halklaryň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak. D-8-iň çäginde hyzmatdaşlyk esasan pudaklaýyn derejede alynyp barylýar. Türkiýe senagat, saglygy goraýyş we daşky gurşaw, Bangladeş oba ýerleriniň durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagy, İndoneziýa ýoksullyga garşy göreş we adam serişdeleri, Eýran ylym we tehnologiýa, Malaýziýa maliýe, bankçylyk we hususylaşdyrma, Müsür söwda, Nigeriýa energetika, Pakistan bolsa ekerançylyk we balyk hojalygy boýunça hyzmatdaşlyklary utgaşdyrýar.

D-8-iň Stambulda geçirilen maslahaty şol bir wagtda agza ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetindäki pozisiýasyny hem güýçlendirmegi maksat edinýär. 2016-njy ýylyň görkezijilerine görä D-8-iň nagt sanlar bilen global milli içerki girjeniň 5 göterimmini emele getirýär. Onuň ýarysyna golaýy iki ýurda degişli. 932 milliard dollar bilen toparyň iň ýokary içerki milli girdejä eýe bolan İndoneziýadan soň 858 milliard dollar bilen Türkiýe gelýär. Nigeriýa we Eýran 400 milliard dollara barabar bolsa, Müsüriň ykdysady ululygy 336 milliard dollar. Malaziýanyň, Pakistanyň we Bangladeşiň girdejileri bolsa nobaty bilen 296, 284 we 221 milliard dollara barabar.

D-8-e agza ýurtlaryň ykdysadyýetlerini birsydyrgyn ösdürmekleri üçin maýa goýumyny, önjeýliligiň artdyrylmagy, bäsdeşlik şertlerini artdyrmaklary möhüm. Şol çäkde agza ýurtlar üçin dogry ykdysady syýasatlaryň kesgitlenmegi, halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşmaklary uly ähmiýete eýe. Stambulda maslahaty Türkiýäniň Ýewraziýa sebiti we oňa ýakyn ýurtlar bilen hem strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmegi iňňän möhüm.



Degişli Habarlar