Aktual Analiz

Geçen hepde Türkiýede iňňän möhüm maslahatlardan biri geçirildi. Maslahatyň ady “Halkara Medeniýet Geňeşi.”

Aktual Analiz

 

Türkiýäniň Prezidenti Erdoganyň şol maslahatda sözlän sözi taryha edilen bellikdi. Şu günki günbataryň öz gymmatlyklaryna laýyk bolma girdaby sebäpli şol çykyşy analiz eden günbatarly görmedim. Emma geljekde ony ara alyp maslahatlaşyp, analizler ýazjakdyklaryna şübhäm ýok.

Türkiýäniň lideri Erdoganyň pikirzadalaryň, ýazyjylaryň we pelsepeçileriň analiz etmeli medeniýet çökgünligini gürrüň bermegi dogursy ýazyjy hökmünde meni utandyrdy.

Hormatly Erdogan maslahatda gysgaça şeýle diýdi: “Biz medeniýet göreşini alyp barýarys. Medeniýetleri gurmaga däl, olary has-da beýgeltmäge synanşýarys. Egerde medeniýetiň özenini ynançlar emele getirýän bolsa, biz hem tapawutlygymyzy görkezmeli. Ylym we tehnologiýa möhüm. Emma ynanjy we sosial arkalaşygy ünsden düşüren halatymyzda ýüze çykýan zady ady bize görä medeniýet däl. Biziň medeniýetimizde ynsan, ýaradylanlaryň iň abraýlysydyr.”

Şu günki günde 1950-nji ýyllardan bäri günbataryň dilinden düşmedik ähliumumy adam hukuklary bilen bagly meseleler diýseň elhenç.

Şol maslahatda Türkiýäniň Prezidenti hem beýan edipdi. Günbataryň bähbitleri gün tertibine gelende demokratiýa, Adam hukuklary baradaky ähliumumy jarnama we hukuk ýaly adalgalaryň hiç hili manysy galmaýar.

Mysal üçin Yragyň demirgazygynda geçirilen bikanun we legal däl referendumyň arkasynda durýan günbatar, İspaniýanyň Katalan sebitindäki referendumy ykrar etmeýär. Polisiň ses gutularyny ýygnamagy we aşa güýç ulanmagy günbatar dünýäsi tarapyndan görülmedi.

İspaniýanyň ýokary kazyýetiniň katalan syýasatçylary barada bikanun karar çykarmagyna synçy bolup galdy. Waka günbatarda bolup geçýändigi üçin synç bolup galmak elbetde günbataryň bähbidine bolmaly.

Olar bilen hem çäklenmedik İspaniýanyň hökümeti Katoloniýa Awtonomihýasynyň hökümetini ýatyryp, 6 aýyň dowamynda möhletinden irki saýlawlaryň geçirilmegi barada karar kabul etdi. Diýşimiz ýaly waka günbataryň çäklerinde we dymmak günbataryň bähbitlerine laýyk.

Eýsem günbatara näme boldy? Rime, Sezarai dikdatorlara, hanlarai şalara baş göteren günbatar intelligensiýasyna näme boldy?

Günbatar ýada gündogar bolsun, eger dünýäniň haýsydyr bir böleginiň intelligensiýasy dymýan bolsa ýa-da geplemäge gorkýan bolsa dünýäniň deňagramlygy bozuldy diýmekdir. Onsuz hem şol sebäpli günbataryň harby güýçleri 2001-nji ýyldan bäri Ýakyn Gündogarda 4 milliona golaý adamy gyrdylar. Şolaryň 80 göterimi zenanlardan we çagalardan ybaratdy. Günbataryň intelligensiýasy şolara garşylyk görkezen bolsady, harby goşunlary şeýle perwaýsyz hereket edip bilermidi eýsem?

Gitler, Mussolini, Stalin, Çorçil ýaly zalymara baş göteren intelligensiýasynyň mirasdarlaryna näme boldy? Şu günki günüň günbatar dünýäsinde pelsepe barada birnäçe adam ýazýar. Jurnallarda çykýan makalalary 2-3 ýüz adam okaýar. Bu diýseň howply. Aslyna seredilende adamzadyň ýeten iň aşak çägi.

Gündogarda-da şertler öwerlik däl. Düşünje döredýän makalalar günbatardaky ýaly az bolmasa hem ýene-de az okalýar.

Günbatarlylar 1980-nji ýyldan soň inwestitýanyň güýçlenmegi we täze önümçilik usuly bilen maglumaty we hikmeti gözlemekden daşlaşdy. Adam ogly 60-njy ýyllardaky sarp ediş üçin edilýän meçew berijiligi aňyrbaşyna ýetirdi. Sarp etdigi saýyn sermaýanyň hyzmatyna berýän wagty artýardy. Netijede populýar medeniýetiň dar çäginiň içinde gysylyp galdy.

Analiz etmeýän, hökmürowan dolanşyga boýun egen, oňa ynanýan halklar dünýäsine öwrüldi günbatar. Şu günki günde günbatar syýasy hökmürowanlaryň kabul eden kararlary bilen her gün Gündogarda, Ýakyn Gündogarda, Afrikada müňlerçe adamy öldürýän bolsa, olar ellerinde patradylan mekge-jöwen bilen gyzykly kino-filmlerine tomaşa edýärler. Emma şol pajyga olaryň özlerine ýakynlaşmaga başlady. Günbataryň ähli paýtagtlary içerki urşuň dowam edýän ýurtlaryndaky ýaly howply boldy.

Şol howply şertlere garşy pikirzadasy, intelligent buýsanjy bolan liderleriniň ýoklygy sebäpli günbatar jemgyýetiniň hökmürowanlaryň buýrugyna boýun bolmakdan başga çäresi ýok.

Emma Türkiýede dörediji intelligentler bilen birlikde medeniýet düşünjesine eýe bolan Prezidenti hem bar. Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan gatnaşýan ähli halkara syýasy we ykdysady maslahatlarynda medeniýete hökmany suratda ünsleri çekýär.

Gatnaşan soňky Halkara Medeniýet Geňeşiniň maslahatynda adamzadyň içine düşýän girdabyna ünsleri çekdi.

Türkiýäniň adatdan daşary tagallasy bilen terror guramasy DAİŞ sebitden çykarylýar. Şol ganhor guramany maliýeleşdirýänler we oňa hemaýat edýänler hem indi sebitde onuň ýaşama mümkinçiliginiň bolmandygyny gördüler. DAİŞ-iň dolandyryjylarynyň hataryndaky müňlerçe agzalary günbatara, öz ýurtlaryna dolanyp bararlar.

Olar öz ýurtlarynda uly meselä öwrüler. Günbatarda syýasatçylaryň populist çemeleşmeleri sebäpli möwjeýän rasizm we nasizm garaşylmadyk pursatda özünden dörä beýleki terrorist düşünje bilen çaknyşar.

Şol çaknyşyk ähli günbatar jemgyýetine agyr täsir ýetirer. Günbatar dünýäsi gündogarda öz bähbitleri üçin demokratiýadan ýüz öwürişi ýaly terrorçy çagalaryna garşy demokratiýanyň tarapynda durarmyka?  Ony wagt görkezer.

Emma günbatar medeniýetini dolulygyna ýok hasap etmek elbetde bisowatlyk bolar. Günbatar dünýäsiniň içerki çaknyşyklaryň netijesinde ähliumumy gymmatlyklara ýaňadandan eýe çykar. Çünki medeniýet döreden milletler taryhyň her bir döwründe taryhy geçmişlerine laýyk çemeleşerler.



Degişli Habarlar