Dost-Doganlygyň Taryhy

Türk edebiýatynyň ilkinji psihologiki romany “Eýlül”

Dost-Doganlygyň Taryhy

 

„Eýlül“, ýagny häzirkizaman türkmen diline terjime edilende sentýabr aýyny aňladýan eserde, güýz aýynyň adamlaryň ruhyna ýetirýän täsiri, şol täsiriň astynda adamlaryň psiholigiýasynda bolup geçýän ýagdaýlary edebi dilde beýan edýän eserdir. Şol sebäpli hem Mehmet Raufyň iň ähmiýetli eseri hasap edilýän “Eýlül” romany, hem türk edebiýatynyň hem-de zamanasynyň ilkinji türkçe psikologiki romany hökmünde baha berilýär.

Romanyň gysgaça mazmunyna geçmezden owal, ýazyjynyň sentýabr aýyny, onyň adamlara ýetirýän täsiriniň adamlarda özlerini alyp baryşlarynda galdyran täsirlerini taryp edýän bir bölegini hödürläliň.

„Sentýabr! Nähilidir birhili geň aý, geçip giden her güni üçin oňa minnetdarlyk aýdasyň gelip dur. Sentýabr gynanç we gussa bilen doly günleriň aýy, sebäbi güýziň gapysyndan içine sümer ýaly yş tapyp, kürsäp giren gyş günleriniň hüjümi netijesinde, gyş günleriniň awusyny pürkmäge ýetişýändigi sebäpli, adamlar geçen günlerdäki sentýabryň ýakymly howasynyň, mydamalyk geçmän galar öýden tomuslarynyň eýýäm geçip gidendigine akyl ýetiren batlaryna gynananlaryny bilmän galarýarlar we gussa batarýarlar.   

(...) Hümer mähelläň arasynda ýeke başyňa ýalnyz ýaşamak, hümer mähelläň içinde gezip seniň bilen bilelikde bir çüňke busmak, ynha asylynda dünýäniň bar hezilligi hem şundamyş. Şeýle bolanda ynsanlaryň kalbynyň, olaryň biri birine bolan sadyklygynyň nämedigini bilip galýarsyň. Men, seni näderejede söýýändigimi, başga zenanlary gören wagtym bilip galýaryn.“

Romanyň gysgaça mazmunynda, romandaky gahrymanlaryň şahsy duýgulary bilen birlikde adamlaryň küýleri-köçeleriniň arasynda çyrpynýan we şeýle zatlar bilen baglanşykly gapma-garşylyklara garşy göreşýän bir erkek adamyň, bir zenanyň betbagtlyklary suratlandyrylýar. Romanyň gahrymanlary Suat, Nejip we Suatyň adamsy Süreýýadyr. Süreýýa bilen Suat başlaryny birikdirip maşgala guranlaryna birnäçe ýyl geçen maşgaladyr. Tomus aýlarynda, ýaş çatynjalar kakalarynyň oba ýerindäki ýazlagdaky öýlerinde ýaşaýarlar. Ençeme gezek kakasyna olar üçin bir öý alyp bermegini we olara öz başlaryna ýaşar ýaly mümkünçilik döredip bermegini haýyş eden hem bolsa, kakasy Süreýýanyň aýdanlaryna gulak gabartmaýar we täze jaý satyn almaýar. Şol sebäpli hem her ýylyň tomus aýalarynda çagyl çykarylýän käne meňzäp duran oba gelýärler we şol ýerde ýürekgysgynç günlerini geçirýärler. Süreýýa bilen Suatyň öýüne, Süreýýnyň garyndaşy we Süreýýänyň gaty gowy görýän, ynamdar adamy Nejip gelip gidýärdi.  

Nejip olaryň öýlerine gelip-giden wagty, ýene-de olaryň garyndaşlary, Suatyň gyz jigisi Hajer hem olaryň öýlerine gelýär. Hajer, Nejip bilen gyzyklanýar, emma Nejip Hajer bilen gyzyklanmaýar.

Hajer maşgalaly aýaldyr we adamsy onuň üçin her hili ýagdaýlara döz gelmäge taýýardyr. Soňky döwürlerde Suat bilen Süreýýa ikisi bile bolan wagtlary bagtly bolmagy arzuw edýärler we bagtly bolmagyň ýoluny hem tapýarlar. Suat gelin adamsyna aýtman kakasyndan pul alyp, adamsy üçin deňiziň kenaryndan kiçiräk bir jaýy kireýine tutýar. Adamsy bu zatlary görüp gaty şat bolýar. Nejip hem olaryň hem dostlary hem-de garyndaşlary hökmünde Suat we Süreýýänyň ýanyna gelýär. Süreýýa ýelkenli gaýykda gezmegi gaty gowy görýändigi üçin ýelkenli gaýykda gezelenç etmekligi durmuşyň hözüri hasaplaýardy. Süreýýa şol endigini goýut bilmeýärdi, şonuň üçin hem hökman gezelenç etmäge gidýärdi. Suat bolsa Nejip bilen öýde galyp pianino çalyp wagtlaryny geçirýärdi. Günleriniň agramly bölegini ikiçäk geçiren we gaty köp wagtlap dowam eden tomusky dynç alyşlarynyň ahyrlanmaga ýüz tutan günleri Nejip özüniň ýaşaýan duýgularynda bir üýtgeşikligiň bolýandygyny, Suat geline aşyk bolandygyny syzmaga başlaýar. Şeýle ýagdaýdan dynmak üçin tagalla etse hem bolmaýar. Ahyrynda bu ýagdaýdan dynmanyň ýeke-täk çäresi hökmünde olaryň ýanyndan aýrylyp gitmeli diýen netijä gelýär. Olaryň ýanyndan aýrylyp giden wagty Suatyň ellikleriniň bir taýyny, onuň özünden soraman ýadygärlik galar ýaly alyp gaýdýar. Şondan soňra, belli bir wagtyň geçmegi bilen Nejibiň garahassa bilen keselländigini öwrenýärler. Süreýýa bilen Suat bu ýagdaýa gaty gynanýarlar. Keseliň howply döwrü geçenden soň Nejibiň ýanyna gidýärler. Nejip, ýokuşan keseliň degnasyna degendigi sebäpli ejizleýär. Hajer, Nejip kesellän wagty oňa seretmek üçin onuň ýanynda bolýar we şol günleriň birinde Nejip özünden giden wagty ýassygynyň aşagyndan aýal adamyň elliginiň bir taýyny tapýar. Oturyp syrkaw hakynda gürrüň eden wagtlary, Nejibiň ejesi, şol elligi görkezýär. Suat öz elligini gören wagty agyr tolgunmany başdan geçirýär we derrew bolup geçýän hadysa göz ýetirýär, emma buny hiç kime bildirmeýär. Edil şol wagtda Nejibiň hem utanjyndan meňzi sararýar we biçäreligi sebäpli näme etjegini bilmeýär. Keseli gaýra tesenden soňra, Nejibi deňiziň kenaryndaky şol kiçijik öýde ýaşamaga mejbur edýärler. Ol bolsa neneňsi edip olardan gaçyp gutulyp bolar diýip pikir edýärdi. Bir tomys sessiz we hadysasyz geçip gidýär.         

Bir tomus sessiz-sedasyz we hadysasyz geçse hem olaryň durmuşlary sessiz-sedasyz we hadysasyz dowam etmeýär. Romanyň soňraky bölümlerinde bu adamlaryň durmuşynda dürli wakalar bolup geçýär. Wakalaryň ýaýbaňlanşy näjüre bolsa hem iň soňunda bu adamlaryň durmuşu ýangyn çykan öýde öýüň çöken üçeginiň aşagynda pajyga bilen gutarýär.


Etiketkalar: güýz , gussa , gynanç , sentýabr , roman

Degişli Habarlar