Garaşsyzlyk Baýramy

29-njy Oktýabr Garaşsyzlyk Baýramy

Garaşsyzlyk Baýramy

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň döredilen gününi belläp geçýäris. 1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda top atyşlary we şatlyk-buýsanç bilen dünýä jar edilen Türkiýe Respublikasy döredildi.

Osman imperiýasynyň 1-nji jahan urşunda ýeňilmegi we ýurduň ýeňiji döwletler tarapyndan talanmagy ýurtda uly gynanç döredipdi. Milli güýçler hökmünde döredilen we M.K. Atatürkiň öňbaşçylygynda birleşen Milli güýçler Azat edijilik söweşini başladýar. İlatynyň esasy bölegi türklerden emele gelýän ýerler türk serhedi hökmünde kesgitlenmeli diýlen düşünjeden ugur alan göreşiň netijesinde 1922-nji ýylyň 30-njy awgustynda Başserkerdelik meýdan söweşinde üstün çykylyp, basyp alyjy güýçler Türkiýeden kowulyp çykarylýar. Ýaraşyk gepleşikleri bilen Stambulyň halas edilmegi, soň gazanylan Lozzana ýaraşyk ylalaşygy bilen Osman imperiýasy taryh sahnasyndan düşdi, ýerine täze Türkiýe Respublikasy döredildi. 1923-nji ýylyň 29-njy oktýabryna çenli dowam eden gepleşiklerden soň Respublika we Ankaranyň paýtagt bolmagy bütin dünýä jar edildi. Respublikanyň döredilen gününde milli azat edijilik göreşiniň gahrymanlaryny milli lider M.K.Atatürkiň başda durmagynda hormatlamak bilen hatyralaýarys.



Degişli Habarlar