Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Özbek lideriniň Türkiýä guran resmi sapary we Türkiýe-Özbegistan gatnaşyklary

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Geçen hepde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkiýede  saparda boldy. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda Özbek lideriniň Türkiýä guran resmi sapary we Türkiýe-Özbegistan gatnaşyklary hakynda maglumat bermekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç Ipegiň mesele hakyndaky analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

Özbegistanyň Prezident Şawkat Mirziýoýew 2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-27-si aralygynda Türkiýede saparda boldy. Mirziýoýew 18 ýyl soň Türkiýede saparda bolan Özbek prezidenti boldy.

Özbegisandan 18 ýyl soň prezident derejesinde guralan ilkinji sapar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň öňümizdäki döwürde has-da pugtalanjakdygyny görkezýär. Soňky 1 ýyldan bäri aktiw daşary syýasat alyp barýan Mirziýoýewiň Türkiýe-Özbegistan gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini aýdyp bileris.  Hünärmenler hem Türkiýe bilen Özbegistanyn arasyndaky gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn pugtalanjakdygyny nygtaýar.

Türkiýe 1991-nji ýylda Özbegistanyň garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar etdi. Şol sebäpli iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar çalt depginde ösdi. 2005-nji ýylda Özbegistanda başdan geçirlen Andijan wakalary sebäpli BMG-nyň Baş Assambleýasynda geçirlen sese goýulşykda Türkiýe Özbegistana garşy ses berdi. Şol sebäpli 1991-nji ýylda başlan gatnaşyklar 2005-nji ýyldan soň pese gaçmaga başlady. Mirziýoýewiň guran sapary gatnaşyklaryň ýaňadandan güýçlenmegine itergi berer. Birnäçe aý ozal Samarkantda bolan duşuşykda Erdoganyň aýdan “gatnaşyklarda täze sahypa açmak”, Mirziýoýewiň hem “boş gürrüňleriň däl hyzmatdaşlyk etmegiň wagty” diýen sözleri Mirziýoýewiň Ankara guran sapary bilen uly ähmiýet gazandy.

Iki ýurduň liderleri geljek ýylyň başynda Özbegistan-Türkiýe maýa goýum forumynyň we Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň maslahatynyň geçirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny mälim etdi.

Özbegistan taryhy baglary sebäpli Türkiýä has ýakyn ýurt. Bu sapar bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösmegine garaşylýar. Türkiýe bilen Özbegistanyň arasynda tekstil, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, ykdsadyýet we deriçilik pudagynyň başda durmagynda terrora garşy göreşi hem öz içine alýan howpsyzlyk taýdan  edilýän gatnaşyklar çalt depginde öser. Elbetde şol gatnaşyklar jemgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ylmy guramalar tarapyndan hem goldanmaly. Gazagystandaky Türkiýe-Gazagystan Ahmet Ýasawy uniwersiteti ýaly Türkiýe-Özbegistan uniwersitetiniň açylmagy has peýdaly bolar. Biri Stambulda beýlekisi Samarkantda boljak “Türkiýe-Özbegistan Ulug beg uniwersiteti Türkiýe bilen Özbegistanyň arasyndaky taryhy gatnaşyklaryň ösmeginde uly rol oýnar.

Özbegistan ýerlişişi we ilaty taýdan Ýewraziýanyň esasy ýurtlaryndan biridir. Özbegistan bilen gatnaşyk etmezden Türkistanda bolmak gaty kyn. Geljekde Özbegistan bu özbouşlylygy sebäpli halkara we sebitara derejesinde has täsirli ýurt bolar.

Mirziýoýew prezidentliginiň ilkinji ýyllarynda halkyň sosial kynçylyklaryny çözmek we goňşy ýurtlar bilen edýän ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berip biler. Mirziýoýew daşary syýasatda goňşy türki dilli döwletler bilen ýakyndan gatnaşyk eder. Mirzioýewiň Özbegistanyň prezidenti hökmünde ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa guramagy bolsa Russiýa-Özbegistan gatnaşyklarynyn esasan-da ykdysady gatdan pajarlap ösjekdigini görkezýär.

Mirziýoýew döwri Özbegistan üçin täze başlangyç bolar. Kerimow Türk geňeşiniň başda durmagynda sebitara hyzmatdaşlyk guramalaryndan çetde durmagy saýlap aldy. Şol syýasatyň üýtgemegi sebitdäki aktýorlaryň we Özbegistanyň uly girdeji gazanmagy taýdan bähbitli bolup biler. Özbegistanyň nagt pul ýetmezçiligini we energetika taýdan käbir kynçylyklary başdan geçirýändigini bilýäris. Şuňa meňzeş kynçylyklaryň ortadan aýrylmagynda Türk geňeşi ýaly sebitara guramalara agza bolmak uly rol oýnar.

Mirziýoýew Yslam Kerimow döwründe 13 ýyl Özbegistanyň Premýer ministri wezipesini ýerine ýetirdi, ýagny Mirziýoýew şol bir wagtda Kerimow hökümetiniň agzasy. Şol sebäpli birden üýtgemek beýle aňsat bolmaz. Emma Mirziýoýew ýurdunyny we sebiti ýakyndan tanaýar. Bu meselede has terjibeli. Geljekde Özbegistanyň Türk geňeşi bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmegi hem Özbegistan hem-de sebit ýurtlary üçin has bähbitli bolar.



Degişli Habarlar