Dost-Doganlygyň Taryhy

Häzirki döwriň meselelerini bilen „Bikär adam“

Dost-Doganlygyň Taryhy

Her wagt, dünýädäki edebiýat älemine degişli, edebiýat tankydyny ele alan halatymyzda, iň köp gabat gelýän meseleleriň biri, ýazylan eserleriň wagtynda düşünilmändigi hakyndaky gürrüňlerdir. Türk edebiýatynda “ýazyjylaryň ýazan döwründe, ýazan zatlary düşünilmän galan ýazyjylaryň ýadygärligini” döretmäge ýetjek sandaky eser bar. Oguz Ataý, Ýusuf Atylgan, Ahmet Hamdi Tanpynar ýaly ýazyjylaryň ady türk edebiýat taryhynyň iň wawwaly meseleleriniň özenini emele getirýär.

Gümansyz bolan bir ýagdaý bar, ol hem, bu ýagdaýa düşünmegiň kyn bolşy ýaly, bu meseläniň wajyp mesele boyp durýandygydyr. Edebiýatyň nazaryýeti we tankydynyň taryhyna ser salan salymymyzda, haýsy hem bolsa bir eseriň „dogry düşünilmegi“ üçin köp sandaky, dürli pikirleriň öňe sürülendigini görmek bolýar. Emma, bar bolan ähli pikirleri sadalaşdyryp ele alan ýagdaýymyzda, haýsy hem bolsa bir okyýja Ýusuf Atylganyň „Bikär adam“ eseri nämäni düşündirip biler?  – diýen sorag alamaty ýüze çykýar.

Edebi eseri, onyň ýazyjysyndan, onyň durmuşyndan we onyň şahsyýetinden ugur almak bilen baha bermäge çalyşmak peýdasyz işler bilen gümra bolmak diýmekdir. Şonyň bilen birlikde, eserini hem ýazyjysyndan aýyrmak aňsat däldir. Esasan hem okyýjylarynyň gözi bilen esere ser salan halatyňda. Bir ýazyjynyň eseri hakynda aýdanlary, ony şol eseri ýazmaga itergi bolan sebäplerdir. Ýazyjy bilen onyň zehininde janlandyran gahrymanynyň arasyndaky birmeňzeşlikler, şol eseri okan okyýjylaryň köpüsinde gyzyklanma döretýär we bilesigelijiligini artdyrýar. Ýazyjynyň oýlap tapan gahrymany bilen arasyndaky meňzeşligi zamanamyzyň “sada okyjysy” her wagt gözlemäge meýillidir.

Ýusuf Atylganyň, „Bikär adam“ eserini ele alan wagtymyzda, ýokarda belläp geçenlermize meňzeýän halatlara ýygy-ýygydan gabat gelmek bolýar. Çünki ýazyjy köp halatlarda özüniň dünýäsine we onyň düşünjelerine degişli bolan dünýägaraýşyna salgylanmak bilen eserlerindäki wakalary suratlandyrýar. Ýagdaý şeýle bolansoň okyjy, wakalary gürrüň berýän adamy, eserdäki oýlanyp tapylan gahrymanyna meňzetmäge meýilli bolýar. Ýazyjynyň „Bikär adam“ eserindäki gahrymany bilen Ýusuf Atylganyň arasynda hem meňzeşlikleriň bardygy gümansyzdyr.

„Bikär adamdaky“ baş gahrymanyň başyndan geçirenleri, Ýusuf Atylganyň, 1939-1946 ýyllarda, Yssambylda ýaşan döwründäki durmuşynda başyndan geçirenleri suratlandyrýan wakalardyr.

Ýokarda agzap geçenlerimiziň subutnamasy hökünde, Ýusuf Atylganyň özüniň, onyň bilen, „Bikär adam“ romanyna degişli geçirilen bir gürrüňdeşlikde aýdanlary tassyklaýar diýip bileris. „Ol döwürlerde men obada otyrýardym. Şol sebäpli hem uly şäherlerdäki durmuş hakynda gussa doly günlerimi geçirýärdim“ diýip aýdypdyr.  

Ýusuf Atylgan obasyna gaýdyp gelenden soňra, Yssambylda başdan geçiren wakalary, geçen günleriň gatlaklarynda gaýyp bolýar. Gaýdyp gelenden soňraky ilkinji birnäçe ýylynda, oba hojalyk işleri bilen gümra bolýar. Soňra bolsa işlerini ýoldaşyna tabşyrýar. Şeýlelik bilen bir seretseň onyň özi hem „bikär adam“ bolyp galaýýar. Bu ýagdaýy hem onyň başga bir gürrüňdeşlikde beren maglumatlaryndan anyklamak mümkin. „Üç ýyl mundan owal, men hem az wagytlyk hem bolsa bikärlik bilen tanyşdym, şeýle ýagdaýyň ýürek gysgynçlygynyň ejirini çekýärdim. Gün-güzeran görmek bilen baglanşykly hiç hili kynçylyga gabat gelmeýän adamyňam perişan bolýandygyny gördüm, şol meseleleri hem galama aldym. Bu eseriň döremeginde Yssambyla bolan hasratymyň hem ýeri bar“ diýýär.

Edil şonyň ýaly pikire, romanyň başga böleginde hem gabat gelmek bolýar. Ynha şol pikir: „Bikär bolmak dünýäniň iň kyn işidir.“. Ýusuf Atylgan bu pikiri özüniň gürrüňdeşlikde aýdyp geçenleri bilen tassyklan bolsa. Belli bir döwürde Ýusuf Atylgan bilen bir gazamatdaky günlerini geçiren suratkeş ýoldaşy, özüniň şaýatlyk eden we gözünden gaçmadyk ýagdaýy gürrüň berende, gazamadyň içine gezmäge çykan wagtymyz Ýusuf Atylgana mahsus bolan bir endigi gördim. „Aýlanyp gezen wagtymyzda onyň bir endigi meniň ünsümi özüne çekdi. Ýusuf, elmydama, bir eli bilen gulagyny oýnardy“. Romanyndaky gahrymanynyň hem edil şonyň ýaly endigi bardyr.

Eserde gabat gelýän şeýle ýagdaýlar hakynda tankydy pikir ýoredip bolar. Wakalaryň, eseri döreden şahsyýetiň durmuşy bilen baglanşykly wakalardan alnandygyny okyjynyň bilmekligi oňa nähili goşant goşup biler, oňa näme peýdasy bolar? Haýsy hem bolsa bir okyjynyň, eser hakynda ýokarda bellenilip geçilen ýagdaýlardan habardar bolmagy, okyjynyň esere dogry düşünmegine kömegi degermi? Dogrysyny aýtmak gerek bolsa, şeýle pikir ýöretmeklik belli bir derejede dogry we peýdaly bolup biler. Ýagny ýazyjy bilen eseriniň arasyndaky şeýle arabaglanşygy okyjynyň bilmegi, onyň „çakdanaşa düşündiriş bermekden“ saklanmagyna sebäp bolyp biler. Eseri dogry düşünmegine goşant goşman biler, emma esere ýalňyş düşünmeginiň öňüni alyp biler.

Diňe bir eserdäki meňzeşlikler däl, eýsem gapma-garşylyklar hem okyjysyna häzirki günümizdäki wakalar hakynda pikir berip bilýär. Romanyň ahyrky bölümleri, häzirki döwriň meselelerini şol günlerde bilendigini görkezýär. Onyň şol döwürde gören we häzirki döwürde hem bar bolan meselesi aşakdaky bir oýnam setirde ýatyr.

Eseriň gahrymanynyň dosty Sadyk, dostyna ýüzlenip: „Seniň gözleýän zenanyň dünýäde ýok“ diýýär. Ol bolsa: „Bar! Ol bolmadyk bolsa men bolmazdym. Şu şäherde ýaşamazdym. Bir gün men ony taparyn.“ diýýär. Elbetde ki, eserdäki döwrümiziň meselesi, bu söýgi we wepalylyk meselesidir.


Etiketkalar: Ýusuf Atylgan , eser , ýagdaý , adam , bikär

Degişli Habarlar