Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Türk dünýäsi üçin milli oýanyşyň iň esasy simwollaryndan biri Gaspyraly Ysmaýyl

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Türk dünýäsi üçin milli oýanyşyň iň esasy simwollaryndan biri Gaspyraly Ysmaýyldyr. Gaspyraly türk dünýäsinde bileleşik pikiriniň ýüregi we esasy esaslandyryjydyr. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Gaspyraly Ysmaýyly we onuň işleriniň biziň günlerimizdäki beýanyny analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti, dr. Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türk dünýäsinde bileleşik pikiri diýlende ilki bilen ýada düşýän Ysmaýyl Gaspyralydyr. Ysmaýyl Gaspyraly Krymyň Bahçasaraý etrabynyň Awjyköý obasynda dünýä inýär. Rus mekdeplerinde alan bilimi ony milli duýgulara gönükdirdi. Rus patyşalygyndaky türk duşmanlygy Gaspyralyda milli düşünjäniň döremegine sebäp bolýar. 1868-nji ýylda Bahçesaraýda rus dili mugallymy bolup işe başlaýar. 1872-nji ýylda Krymdan bilim almak üçin Parije gaýdýar. Parijde iki ýyl bolan Ysmaýyl Gaspyraly, günbataryň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga pursat tapýar.

Krymly tatarlardan bolan Ysmaýyl Gaspyraly türkleriň bileleşik döretmezligine bolan nägileligini ýa-da biynjalyklygyny: “eger biz şeýle dowam etsek Russiýadaky türki halklaryň geljegi garaňkydyr” diýmek bilen beýan edipdir. Gaspyralynyň pikirine görä Russiýada tapawutly atlandyrylýan, emma şol bir kowumdan gelip çykýan türki halklar aýralyklary dowam eden halatynda daşyny gurşap alan slawýan deňizinde gark bolma howpyna sezewardyr. Aýralyklary ortadan aýyrmak üçin bolsa bilelikde hereket etmek hökmanydy. Gaspyraly Rus patyşalygynyň çäginde ýok bolup gitmegine alada birildip, türki halklaryň umumy türki dilde birleşip, has-da güýçlenjekdigine ynandy. Şol ideasyny iş ýüzüne geçirmek üçin bolsa gazet çykardy. Bütin türki dünýäsine niýetlenen gazet diňe türki dilde çap edildi. “Dilde, pikirde, işde birlik” şygary bilen neşir edilen gazetiň ady “Terjimandyr.” Ysmail Gaspyraly 1883-nji ýylda çap eden “Terjiman” gazeti bilen Russiýada ýaşaýan türki halklaryň başda durmagynda bütin türki dünýäsiniň milli we pikir taýdan oýanyşy üçin başlangyç etdi. Gaspyraly Ysmailşň çykara “Terjiman” gazeti Stambulda we türki dünýäniň beýleki merkezlerinde bilim alan intellektuallar tarapyndan okaldy. Esasanda Azerbaýjanda we Krymda uly gyzyklanma döretdi. Russiýa türkleriniň pikir, medeni we syýasy hereketleri onuň tagallalary bilen başlaýar. Gaspyraly Ysmailiň göz öňünde tutan özgertme maksatnamasyna görä bilim reformasy geçirilmegli, türki halklaryň arasynda umumy edebi dil döredilmeli, zenanlaryň bilim almagy erkekleriňkiden has möhüm.

Ruslaryň türki halklar boýunça alyp baran ruslaşdyrma syýasatynyň türki halklaryň ýok bolmagyna sebäp boljakdygy düşünjesine laýyklykda hereket eden Gaspyraly, Russiýa türklerini birleşdirmek üçin özgertme maksatnamasyny taýarlady. Gaspyraly Ysmailiň özgertme ugrundaky esasy başlangyjy 1884-nji ýylda Bahçasaraýda açan ilkinji täze usul mekdebidir. Gaspyralynyň Krymyň Bahçasaraý şäherinde açan mekdebinde başladan ýeňil okama usuly barha ýaýbaňlandy. Gysga möhletde Russiýanyň beýleki sebitlerindäki türki halklaryň arasynda giňden ýaýrady. Ysmail Gaspyraly bilim we medeniýet ugurlarynda iş alyp baryp, ilki Russiýa türkleriniň soň bolsa bütin türki dünýäsinde milli bileleşik düşünjesiniň döredilmegi üçin tagalla etdi.

Gaspyraly Ysmailiň türki dünýäsinde bileleşik pikiri boýunça esasy işlerinden biri umumy türki diliniň döredilmegi baradaky başlangyçlarydyr. Ol Stambul türkiçesini bütin türki halklar üçin umumy edebi dile öwürmegi pikir edýärdi. Türk dili pars we arap dillerinden alynan artykmaç sözlerden saplanmaly we halk üçin düşnükli ýönekeýlige eýe bolmalydy. Gaspyralynyň “Terjiman” gazeti mynasybetli ýaýbaňlandyran dili, Krymda, İdil-Uralda, Kawkazda we Türkistanda intellektuallaryň arasynda güýçli täsir döretdi. Şol dilde ýazanlar tarapyndan baý edebiýat döredildi. Emma Sowet döwründe Gaspyraly Ysmailiň başladan umumy türki dil akymy bökdeldi. Şeýlede ýerli dilleriň ösdürilmegi üçin höweslendirmeler boldy.

“Terjiman” gazeti arkaly umumy türki dil arkaly türk dünýäsini jebisleşdirmek Gaspyralynyň esasy maksadydy. Şol maksat bilen gazetinde umumy dil hökmünde Stambul dialektini saýlap aldy. Gaspyralynyň pikirine görä Stambul dialekti hem ýönekeýleşdirilmeli, türki dünýäsi üçin düşnükli häsýete eýe bolmaly.

Şu günki günde; R.T. Erdogan, Nursoltan Nazarbaýew we İlham Aliýew ýaly liderleriň tagallasy bilen Gaspyraly Ysmailiň idealary dürli halkara guramalarynyň çäginde iş ýüzüne geçýär. Türk Geňeşi, TÜRKSOÝ, Türk Akademiýasy ýaly dürli halkara guramalary şol ugurda iş alyp barýar. Alynyp barylýan işleriň maksadynyň pan-turkizm bolmandygyny nygtamak ýerlikli bolar. Eýsem şol guramalar haýsydyr bir döwlet ýa-da millete garşy duşmançylyk etmeýärler. Eýsem diňe öz ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmegi nazarda tutýarlar. Şeýlelikde şol guramalar hiç kimde şübhe döretmesin. Gaspyraly Ysmail tarapyndan beýan edilen “Dilde, pikirde, işde birlik” parolynyň türki dünýäsi üçin iş ýüzüne geçmegi dünýä parahatçylygyna hem uly goşant goşar.

 



Degişli Habarlar