Aktual Analiz

NATO-Türkiýe gatnaşyklary

Aktual Analiz

Demirgazyk Atlantik Alýansy (NATO) 2-nji Jahan urşundan soň Sowet Soýuzynyň kommunistik imperializmine garşy döredilen guramalardan biri. Sowet Soýuzynyň imperialist syýasatynyň döretmegi ähtinal howplaryna garşy järe görmek maksady bilen 1949-njy ýylyň 4-nji aprelinde ABŞ-nyň başda durmagynda Britaniýa, Belgiýa, Fransiýa, Gollandiýa, İtaliýa, İzlandiýa, Daniýa, Lýuksemburg, Norwegiýa, Portugaliýa we Kanada ýaly günbatar ýurtlary tarapyndan döredilen bileleşik. Türkiýe şol bileleşige 1952-nji ýylda agza boldy. Guramanyň esasy maksady agza ýurtlara daşardan abanmagy ähtimal howplardan harby taýdan goranmagyny üpjün etmek we şol bir wagtda syýasy hem-de ykdysady-jemgyýetjilik taýdan hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybarat.

Şol maksada laýyklykda döredilen NATO 1991-nji ýylda Gündogar Bologunyň dargamagyndan soň jedelleşilmäge başlandy. Hyzmatdaşlygyň legallygy we işi jedelleşilmäge başlandy. Emma birnäje aý ozal Yragyň Kuweýdi basyp almagy we ýüze jykan täze terror tolkuny “NATO-nyň gerekdigi” üjin ýeterlik sebäp boldy.

Şol döwürlerde İtaliýada NATO-nyň legal bolmadyk ýaragly guramasy ýüze jykaryldy. İtaliýanyň Premýer ministri Giulio Andreotti 1990-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda GLADİO-nyň ýurdunda iş alyp barýandygyny resmi taýdan boýun aldy.

Gurluşy umuman “Ýörite güýjleriň” gurluşyna meňzeýän şol güýjleriň beýan edilen resmi wezipesi Gündogar Blogy haýsydyr bir Ýewropa ýa-da NATO agza ýurdy basyp alan halatynda partizan urşy usuly bilen duşmany güýmemek, oňa zeper ýetirmek, maglumat ýygnamak, aragatnaşyk we logistiki güýjlerine sabbotaj guramak, strtegik ähmiýetli nyşanalary ýok etmek ýaly käbir ýörite işleri berjaý etmekdi.

Latyn dilinde “gylyj” manysyny aňladýan gladio sözüni at hökmünde saýlap alan gurama Amerikan we iňlis kontr-partizan guramasy bolan “Staý Behing” tarapyndan 1952-nji ýylda döredilýär. JİA tarapyndan dolandyrylan we maliýeleşdirilen gurama 1956-nji ýylda ABŞ bilen arkalaşyp ijalylyk we partizan urşuny alyp barmak üjin guramalaşdy.

Gladio diskussiýalary bilen birlikde NATO-nyň ähli agza ýurtlarda partizan uruş usulyndan peýdalanýandygy ýa-da peýdalanmaga synanşandygy öňe sürüldi. Köp sanly ýurtda onuň bardygy ýüze jykandan soň diskussiýalar ýaňadandan başlady.

Geň zat, NATO-nyň legallygy jedelleşilmäge başlananda Ýugoslawiýada ijerki uruş turdy. Diýseň pajygaly bolan ijerki uruş genoside öwrüldi. Bir bada NATO genosidiň durmagyny isleýän adamlaryň umydyna öwrüldi duruberdi.

Soň Yrakdaky we Owganystandaky basyp alyşyklar NATO baradaky jedelleşikleriň täsirini ortadan aýyrdy.

NATO-nyň legal bolmadyk işleri halk köpjüligi tarapyndan ýatdan jykarylmaga başlanda Türkiýede halkara ijalylyk we dönüklik ulgamy bolan Fetullahjy terror guramasy FETÖ pajygaly agdarlyşyk synanşygyny amala aşyrdy.

Türk halky liderleri we Prezidentleri R.T.Erdoganyň islegi bilen köjelere jykyp, agdarlyşygy yza serpikdirdi. Agdarlyşyk synanşygyna goşulan ýokary jinli ofiserleriň köpüsi NATO agza ýurtlara gajdylar. NATO-da işleýän FETÖ agzadygy anyklanan ofiserleriň ählisi ýene şol pakta agza ýurtlarda migrant boldy.

Hatda ofiserleriň esasy bölegi Türk ýaragly güýjleri tarapyndan işden jykarylandygyna garamazdan NATO-daky işlerini belli bir möhlet dowam etdirdi.

Türk polisi tarapyndan terrorjylykly aksiýalara gatnaşandygy anyklanan käbir raýatlar NATO-nyň dürli järelerine gatnaşdylar. Terrorda günäkärlenýänleriň tas ählisi NATO-da aýlykly işleýän resmi işgärlerdi. Soňky gezek Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy M.K.Atatürk bilen Prezident Erdoganyň fotosuratlaryny duşman güýjleriniň tarapyndan görkezen NATO-nyň ofiserleri ýaly.

2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda FETÖ terror guramasynyň pajygaly agdarlyşyk synanşygyndan soň NATO onuň bilen bolan gatnaşygyny ýüze jykarýan birjä waka ser salalyň.

NATO işleýän 4 sany türk ofiseri bilen bir sany harby attaşeniň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň Norwegiýadan soran başpenalygy Norwegiýanyň Migrasiýa gullugy tarapyndan kabul edildi.

FETÖ-niň adamlara basyş etmek üjin ýaýradan galp resminalaryny “dogry” kabul edip, tassyklan hünärmen kapitan Ahmet Erdogan Britaniýanyň harbylarynyň umumy ýaşaýyş jaýynda entegem ýaşamaga dowam edýär.

15-nji iýul agdarlyşyk synanşygyna gatnaşan we ABŞ-daky Hyzmatdaşlyk serkerdeliginde işleuän admiral Zeki Mustafa Ugurlu wakadan soň hem NATO-nyň şol bazasyndady. Türk ýaragly güýjleriniň hataryndan jykarylandygyna garamazdan NATO-da admiral wezipesinde işleýändigi ýüze jykandan soň dessine Amerikadan başpena sorady.

Türk goşunyna garşy FETÖ-nyň süljileriniň alyp baran galp işlerinde hünärmen bolup işleýän FETÖ-ji gajgyn, TÜBİTAK-yň Kiber howpsyzlyk institutynyň ozalky müdiri Haýrettin Bahşiniň Estoniýada NATO agza ýurtlarynyň gatnaşmagyndaky Kiber howpsyzlyk türgenleşiginde işleýändigi ýüze jykdy.

15-nji iýuldan soň wezipeden jetleşdirilen bäş sany ýokary jinli ofiser NATO-nyň we ŞAPE-niň Belgiýadaky ştab kwartirasyndadygy ýüze jykdy. Birnäje wagt soň bolsa Belgiýa şolaryň paşpenalyk ýüztutmasyny kabul etdi.

Birnäje aý mundan ozal ABŞ-da gejirilen NATO-nyň Parlamentarlar Assambleýasyunyň maslahatyna jagyrylmandygyna garamazdan Ortaýer deňzi forumynyň başlygy Daniel Pipes tarapyndan FETÖ-ji we Rumi forumynyň başlygy Emre Jelik legal bolmadyk görnüşde maslahata kabul edildi. NATO dymmagy saýlap aldy. Türk wekiliýeti ony protest edip, maslahatdan jykdy. Beýleki ýurtlaryň wekilleri hem şol proteste goşuldylar.

Şunja delile garamazdan bu hyzmatdaşlyk, agzalary tarapyndan derňelmezmikä?


Etiketkalar: jedelleşik , Ýewropa , skandal , Erdogan , NATO

Degişli Habarlar