Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyzyň ady Täze Beýik ýüpek ýoly 2018 halkara gezelenji ýola goýular.

Täze Beýik ýüpek ýoly 2018 Halkara gezelenji Gazagystanyň hemaýatkärlik etmeginde öňümizdäki ýylyň aprel we iýun aýlary aralygynda geçiriler.

Gazagystanyň Medeniýet we sport ministrliginiň Medeniýet we sungat bölüminiň müdüri Almaz Nurazhan Kazmedia merkezinde geçiren metbugat ýygnagynda Gazagystanyň hemaýatkärlik etmeginde polşaly syýahatçy we akademik Ýatsek Palkewiçiň ýolbaşçylyk etmeginde Täze Beýik ýüpek ýoly 2018 halkara gezelenjiniň guraljakdygyny habar berdi.

Hytaýdan başlajak gezelenjiň Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Russiýa we Belarussiýa ýaly ýurtlary geçip iýun aýynda Polşada tamamlanjakdygyny aýdan Nurazhan: “Gezelenjiň maksady Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän gadymy Ýüpek ýolunyň geçýän ýurtlarynyň medeni baýlyklaryny görkezmek” diýip belledi.

Nurazhan 33-den gowrak taryhy ýeri özünde jemlejek gezelenjiň UNESCO tarapyndan hem goldanjakdygyny sözleriniň üstüne goşdy.

Ýüpek ýoluny marka hökmünde ulanarys.

Gazak syýahatçylygy Milli kärhanasynyň Ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygynyň orunbasary Timur Duýsengaliýew şu ýyl iýun-sentýabr aýlarynda geçirilenAstana EXPO 2017 Halkara Energetika sergisinden soň Gazagystanyň nebit we tebigy gaz ýurdy dälde, eýsem syýahatçylyk ýurdy hökmünde hem dünýä açylandygyny nygtady.

Gazagystanyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň daşary ýurtlarda tanyşdyrylmagy taýdan Ýüpek ýoly ýaly güýçli taraplary ulanjakdyklaryny aýdan Duýsengaliýew: “Sebäbi Ýüpek ýoly temasy dünýä markalaryndan has meşhur ýagdaýa geldi. Bu biz üçin örän möhüm we Ýüpek ýoly söwda markasy hökmünde ulanmagymyzy üpjün edýär. Gazagystanyň emele getirjek markalarynyň biri hem Ýüpek ýoly bolar” diýdi.

 

Nobatda Gyrgyzystandan gelip gowuşan habarymyz bar.

Türk Iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy agentligi TIKA Gyrgyzystanyň demirgazgyndaky Krasnyý Reçka obasynyň agyz suwunyň zerurlygyny üpjün etjek taslamany durmuşa geçirdi.  

Gyrgyzystanyň Ahyska türkleri jemgyýetiniň talabyna laýyklykda TIKA-nyň Bişkekdäki programasynyň koordinatory Krasnyý Reçka obasynda 125 maşgalanyň agyz suwy bilen üpjün etmek üçin ýeriň aşagyndan 1250 metr uzynlykda suw turbasyny geçirdi we obanyň metjidiniň golaýyna kran gurdy. 

Taslamanyň açylyş dabarasyna TIKA-nyň başlygynyň maslahatçysy Kamil Kolabaş, TIKA-nyň Bişkekdäki programanyň koordinatory Ali Muslu, Ahyska türkleri jemgyýetiniň agzalary, ýerli ýolbaşçylar we köp sanda raýat gatnaşdy.

Gurhandan aýat-töwirleriň okalmagy bilen başlan dabarada Kolabaş TIKA-nyň başlygy Serdar Çamyň salamyny ýetirip, gyrgyz raýatlary bilen sosial ugurda taslamalary durmuşa geçirmeklerini dowam etdirjekdiklerini habar berdi.

TIKA-nyň durmuşa geçiren taslamalarynyň obanyň halky üçin gutly bolmagyny dilän Kolabaş: “Kranyň gurulan ýerinde hemişe baýram bolsun” diýdi. 

Programanyň koordinatory Muslu bolsa TIKA-nyň Gyrgyzystanda arassa suw taslamalaryna uly ähmiýet berýändigini belledi.

 

Gepleşigimizi Türkiýäniň Stambul şäherinden gelip gowuşan habarymyz bilen tamamlamak isleýäris.

Türkiýäniň ýerli ulagyny öndürjek Ortak Girişim toparynyň 5 kärhanasynyň biri bolan Zorlu Holdingiň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Ahmet Nazif Zorlu ýerli ulagda gowy zatlaryň boljakdygyny belläp: “Muňa her kimiň ynanmagy gerek. Ynanmasaňyz bolmaz. Ýola çykdyk. Bysymylla diýýäris. Nesip bolas soňuny hem gowy edip netijelendireris” diýdi.

Zorlu bir programanyň çäginde baran Bursa şäherinde Anadoly habarlar agentligine beýanat berip, şäheriň awtoulag öndürmek babatynda örän wajyp bir ýerdigini beýan etdi.

Türkiýede öndürilýän ulaglaryň 60-70 göteriminiň Bursada öndürilýändigini bellän Zorlu geçen hepde geçirilen “Awtoulag duşuşygy” çäresine daşary ýurtlardan gelen myhmanlaryň gatnaşandygyny wee çäräniň çäginde ikiçäk duşuşyklaryň geçirilendigini habar berdi.

Ýerli ulag önümçiligine talap bildirendiklerini aýdan Zorlu: “Bu konsorsiuma girdik. Biz senagatdan gelen topardyrys. Türkiýede senagatda iş alyp barýan iň uly toparlaryň biridiris. Senagatda 30 müňe golaý işleýän adamymyz bar. Nesip bolsa ýurdumyz we toparymyz üçin bähbitli bolar” diýdi.

Zorly beýanatyny şeýle dowam etdirdi: “Vestel Türkiýede ilkinji 4.0-a girjek kärhanalaryň biridir. Häzirki wagtda 4.0-a başladyk we dowam edýäris. 4.0-yň programalaryny hem-de robotlaryny hem özümiz ýasaýarys. Häzirki wagtda başladyk we ýuwaş-ýuwaş ýolumyzy dowam etdirýäris. Toparymyz bu babatda goşant goşar. Muňa hiç kim şübheli garamasyn. Batareý babatynda hem iş alyp barýarys. Geçen hepde Zorlu Meta Nikel Kobalt desgasynyň açylyşyny ýerine ýetirdik. Kobalt we sulfat zawodlaryny gurdyk we olaryň çyg maddasy hem Türkiýede. Biz bu ýurt üçin hemişe bardyrys we bolmagymyzy dowam etdireris” diýdi.



Degişli Habarlar