Dost-Doganlygyň Taryhy

BERDI KERBABAÝEW ÝAKYN TARYHY ÝAZAN ÝAZYJY

Dost-Doganlygyň Taryhy

Öñ zamanlar bardy şeýle bir wagyr:
”Añsadyna bakan aýal gyz dogyr”

Bu pikir gelýärdi örän uzakdan,

Aýal-gyzy hiç çykarman duzakdan.

 

         – setirlerini, Berdi Kerbabaýewiň ‘lkinji gezek 1927-nji ýylda “Türkmenistan” gazýetinde çap edilen, şondan bir ýyl soňra bolsa özbaşdak kitap bolup çykan “Gyzlar dünýäsi” atly poemasyndan aldyk.

 

         Berdi Kerbabaýew türkmeniň ýakyn taryhyny ýazmaga başlanda ýokarda agzap geçen esermizde türkmeniň taryhyny açyp görkeýän, örän uzaklardan gelýän pikirleri, eserdäki şol pikirleriň bolsa aglabasynyň aýal-gyzlary duzaga düşürmek, şol duzakdan sypmalaryny kynlaşdyrmak ýaly nysaklary giňişleýin beýan edýär. Şeýle eserleriň ençemesiniň döremegine we biziň günlermize gelip ýetmegine sebäp bolan Berdi Kerbabaýew, 1894-nji ýylda Aşgabat oblastynyň Tejen raýonynyň Gowkuzereň obasynda dogulýar. Ol türkmen sowet ýazyjysy, dramaturg, jemgyýetçilik işgäri; türkmen sowet edebiýatynyň başyny başlanlaryň biri. Kommunistik partiýanyň agzasy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, SSSR-iň Döwlet baýragynyň 2 gezek eýesi, TSSR-iň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, TSSR Ylymlar Akademiýasynyň akademigi, Sosialistik zähmetiň gahrymany, TSSR-iň sungatda at gazanan işgäri, TSSR ýokary Sowetiniň deputaty. 1924-27 ýyllarda «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynda işleýär. 1927 ýylda Leningradyň Gündogary öwreniş institutyna okuwa girýär. Köp ýyllaryň dowamynda TSSR Ýazyjylar birleşiginiň müdiriýetiniň başlygy bolup işleýär.

 

B.Kerbabaýew döredijilik işine 1923 ýylda başlaýar. Şol döwürden başlap, W. I. Lenine, Sowet hökümetine, sosialistik gurluşyga, Gyzyl goşuna, aýal-gyzlaryň azatlygyna, ylym-bilime, azat zähmete bagyşlap onlarça goşgular we poemalar döredýär. Olaryň arasynda «Gyzlar dünýäsi», «Dakylmak», «Ýaz möwsüminde bir gözel», «Kepän dodak», «Amyderýa» ýaly poemalary bar.

 

B.Kerbabaýew şol ýyllarda edebiýatyň proza, dramaturgiýa žanrlary bilen hem iş salyşýar, hekaýalar, oçerkler, powestdir pesalar döredýär. Olardan «Obada bolan waka» hekaýasyny, «Tirýekkeş we tebip» pýesasyny, «Hakykat» atly oçerkler ýygyndysyny görkezmek bolar.

 

Onuň ilkinji eserlerinde rewolýutsiya, W. I. Lenine bolan söýgi, Türkmenistanda Sowet häkimiýetiniň dabaralanyşyny görkezmek, öň yzda galan halkyň ýer-suwdan paý alyp, sowatlylyk ugrundaky göreşi, kollektiwizasiýanyň ähmiýeti we könäniň zyýanly däp-dessurlaryny tankytlamak pikirleri öňe sürülýär.

 

          30-njy ýyllarda Kerbabaýew «Kim ýeňdi?», «Adat dälmi?» ýaly goşgularyny, «Nepes», «Gabanjaň ene» ýaly hekaýalary, «Baýram», «Batyr» ýaly powestleri döretmek bilen birlikde türkmen sowet çagalar edebiýatyna degişli «Kim bilmeşek?» diýen kitabyny çykarýar.

 

          1940 ýylda Kerbabaýewiň meşhur «Aýgytly ädim» romanynyň birinji kitaby çapdan çykýar. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda onuň döredijiligi watançylyk temasyna bagyşlanýar. Eserlerinde şol döwriň adamlarynyň edermenlikleri wasp edilýär. «Gurban Durdy» atly powestinde Sowet Soýuzynyň Gahrymany Gurban Durdynyň söweş edermenligi beýan edilse, «Aýlar» poemasynda türkmen gyzynyň duşmana bolan gahar-gazaby görkezilýer. «Doganlar» dramasy-da, «Komissar Geldiýew» oçerki-de duşmany ýeňmek maksadyna ýugrulandyr.

 

Urşdan soňky ýyllarda edebiýatyň dürli žanrlaryndan onlarça eser döredýär, «Aýgytly ädim» trilogiýasyny ýazyp gutarýar. Onda türkmen halkynyň azatlyk we özbaşdaklyk ugrundaky göreşi, rus rewolýusionerleriniň halkyň aň-düşünjesiniň ösmegindäki uly işi, interwensiýa we graždanlyk urşy, Sowet häkimiýetiniň berkarar edilişi çeper beýan edilýär.

 

«Aýsoltan» powesti ýazyjynyň «ak altyn» ussatlaryna bagyşlap ýazan eserleriniň iň görnüklisidir. Türkmenistanyň pagta, nebit ýaly baýlyklaryna bagyşlanan eserlerinde ýazyjy türkmen halkynyň ösüp ýeten derejesini her taraplaýyn çeper suratlandyrmagy, Aýsoltanyň, Begenjiň azat zähmet netijesinde ýeten uly bagtyny olaryň ruhy taýdan ösüşi bilen baglanyşdyryp görkezmegi ussatlarça başarypdyr.  

 

Türkmenistanyň rewolýusiýadan soňky keşbini çeper suratlandyrýan eserleriniň arasynda «Nebitdag» romany has-da saýlanýar. Bu eserde gumuň jümmüşinde nebit çykarmak ugrundaky göreş, Gumdag, Barsagelmez ýaly ýerlerde nebitli gatlaklaryň özleşdirilişi çeper beýan edilýär.  

 

Kerbabaýew ömrüniň soňky günlerine çenli öz döredijiligi bilen halkyna hyzmat etdi. Onuň «Gaýgysyz Atabaýew», W. I. Lenin adyndaky Garagum kanalyna bagyşlap ýazan «Suw damjasy—altyn dänesi» romanlary munuň aýdyň şaýadydyr. Onuň «Suw damjasy—altyn dänesi» romany hakykatda «Aýgytly ädim» romanynyň dowamydyr. Ol ýerde Artygyň, Aşyryň, Mawynyň we «Aýgytly ädimdäki» beýleki gahrymanlaryň agtyk-çowluklary hereket edýärler. Türkmen halkynyň bir maksat ugrunda göreşişleri dogruçyl we aýdyň görkezilýär.

 

Ömrüniň soňky günlerine çenli öz döredijiligi bilen halkyna hyzmat eden, türkmen halkynyň öz maksatlary ugrundaky göreşlerini dogruçyl, hakykata gabat gelýän görnüşde, aýdyň görkezmegi başaran ýazyjynyň eserleri aňsatlyk bilen döremändir, halka ýetirilmegi hem aňsat bolmandyr. Buýryp bolmaýan täleý, ýazyjynyň ykbalyna-da, eserlerine-de özüçe erk edýär.    

 

Berdi Kerbabaýewiň "Päsgel berme" şygrynda ýazyşy ýaly:


Öňde bolsaň, biri yzyňdan ýetse,

Guwan, päsgel berip, döşünden itme.

Kim senden bir basym ýokary ätse,

Sen oňa hiç haçan görüplik etme.

Päsgel berme, öňe geçýän adama,

Ýaryş, çalyş, gaýrata gal, ýadama.

 

         - her kim öz işi, öz döredijiliýi bilen meşgullansa, onda ýazyjynyň ömründäki we eserleriniň ykbalyndaky oňaýsyz ýagdaýlar orta çykman bilerdi. Berdi Kerbabaýewiň adynyň diňe Türkmenistanda däl, eýse onuň çäklerinden uzakda dünýä ýaýranlygyny görmek üçin uzak ýyllap garaşmaly, göreşmeli bolman hem bilerdi. Ýene-de, şeýle ýagdaýlar türkmen edebiýatynyň ösüşini we Berdi Kerbabapewiň eserleriniň üsti bilen türkmeniň ýakyn taryhy hakyndaky maglumatlaryň gelip ýetmegine böwet bolyp bilmedi.

 



Degişli Habarlar