Aktual Analiz

"Eýranda mundan soň nämeleriň boljakdygy. Aksiýalaryň gerimi ýaýbaňlanarmy, ýa-da bes edilermi?"

Aktual Analiz

 

Eýranda ýoksullygy we işsizligi protest etmek üçin Maşatda başlan aksiýalar Nişapur, Şahrud, Kirmanşa, Gum, Reşt, Ýezd, Kazwin, Zahidan, Ahmaz we beýleki birnäçe şäherde dowam etdi. Protest aksiýalarynyň başynda höklümet tankyt edilen bolsa, soň Ynkylabyň serdary Hamaneý, syýasy awtoritarlar we rejim ýazgarylmaga başlandy. Gum ýaly Eýran şaýylygynyň esasy merkezinde “Ýok bolsun Hamaneý, ýok bolsun Hizbulla” diýlen şygarlar aýdyldy. Aksiýalarda we başdan geçirilen wakalarda ýüzlerçe adam saklandy, köp sanly adam ýogaldy.

Elbetde esasy sorag Eýranda mundan soň nämeleriň boljakdygy. Aksiýalaryň gerimi ýaýbaňlanarmy, ýa-da bes edilermi?

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Umuman alnanda Eýranyň içerki deňagramlyklaryna ser salanymyzda iki sany möhüm meseläniň bardygyny görýäris. Agyrlaşýan ykdysady şertler we içerki syýasy dartgynlyklar.

Hökümet bilen Welaýeti Fakihiň ýagny Hamaneýiň arasynda dowam edýän göreş soňky saýlawdan soň hasam möwjeýär. Ruhanynyň ýakyn töweregine we Eýranyň Ynkylap goragçylaryna garşy iki taraply galplyk günäkärlemeleri Eýranyň halkynda döwlete bolan ynamy azaltdy. Eýrana garşy goýulan embargolar we başarnyksyz dolanşyk galplyklar bilen birleşip ykdysadyýeti hasam ejizletdi. Nebit we tebigy gaz ätiýaçlaryna garamazdan milli girdeji 500 milliard dollardan 350 milliard dollara çenli aşaklady. Ýurtda agyr inflýasiýa we işsizlik meselesi bar, infrastruktura ýeterlik däl, howanyň hapalygy hemde guraklyk hem bularyň üssesine. Daşary syýasatda bolsa imperialist syýasat dowam edýär. Liwanda, Ýemende, Siriýada we Yrakda uly çykdajylar edilen hem bolsa uly netijeler alyndy. Emma ol geosyýasy gazançlar adaty halk üçin beýle möhüm däl.

Eýranyň içindäki ýörişlerde üns çekiji faktorlardan biri hem etniki häsýetli aksiýalar boldy. Ahwazdaky arapar, Eýranyň gündogaryndaky buluçlar, Eýranyň günbataryndaky kürtler we Eýrandaky türkmen etraplarynda geçirilen ýörişlerde käbir toparlaryň hem-de aksionerleriň Eýranyň rejimine garşy durmaklarynyň sebäpleriniň etniki alalama bolandygy görülýär.

Eýrandaky aksiýalaryň özeninde içeri syýasatdaky meseleler we halkyň biynjalykly durýan hem bolsa, aksiýalaryň halkara tarapy hem bar. Eýranyň döwlet organlary aksiýalaryň dowamynda öldürilen adamlaryň ganhorlarynyň daşary ýurtlaryň içalylarydygyny öňe sürdi. ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň twitter arkaly Eýrandaky aksiýalary goldaýan beýanatlary hem döwlet organlarynyň daşarky güýçleriň işi gönükdirýändigi baradaky garaýyşlaryny güýçlendirýär. Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu hem Eýrandaky protest aksiýalaryna hoşallyk bildirdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi beren beýannamasynda dost we dogan Eýranyň asudalygynyň we durnuklylygynyň goralmagyna aýratyn uly ähmiýet berýändigini nygtady. Beýannamada: “Şol çäkde Prezident Hasan Ruhaniniň halkyň parahatçylykly ýöriş geçirmäge hukugynyň bardygy, emma düzgünleriň bozulmaly däldigi we döwlet emlägine zeper ýetirilmeli däldigi baradaky beýannamasyna üns berilip, çaknyşykdan çetde durulmalydygyna we meçew bermelere aldanmaly däldigine ynanýarys. Ýurtda gysga möhletde asudalygyň üpjün edilmegini we wakalaryň ýaýbaňlanmagynyň öňüniň alynmagyny tama edýaris” diýildi.

Donald Trampyň Pars aýlagy ýurtlaryna guran saparyndan soň esasanda Eýrana garşy döretmäge synanşýan Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Müsürden, Bahreýnden we Ysraýyldan ybarat bolan frontyň Eýrandaky aksiýalar bilen ýakyndan gyzyklanýandygy görülýär.

Şeýlelikde Eýran döwleti hem uzak ýyllardan bäri ýurtdan başdan geçirilýän meseläniň sebäbi hökmünde daşarky güýçleri görkezýär. Eýranyň Prezidentiniň birinji orunbasary İshak Jihangiri hepdäniň ahyrynda sözlän sözünde: “Ykdysady meseleler başga meseleleriň bahanasy boldy. İşiň aňyrsynda başga hasaplar bar” diýdi. Hökümetiň resmi neşirýaty bolan “Eýran” gazeti hem düýn birinji sahypasynda çap eden makalasynda “Käbirleri halky maksadyna ýetmek üçin oýunjykdyr öýdýär” diýilýär.

Aýatula Hamaneý bolsa şol çäkde “Duşmanlarymyz ýurdy dartgynlaşdyrmak üçin pul, ýarag we içaly ulanýar” diýip, soňky nokady goýdy.

Emma Eýranyň halkara jemgyýetçiligindäki duşmanlary şol aksiýalaryň halkyň öňünde kabul edilýän sebäpleriniň bardygyny ýaşyrmaly däl. Ýurtdaky ykdysady meseleler sebäpli onsuz hem kiçi göwrümli ýörişler geçirilýärdi. Ähli tebigy baýlyklaryna garamazdan halhy günsaýyn garyplaşýan Eýran bar.

Aksiýalarda: “Pullaryňyzy Siriýada, Gazada we Liwanda sowurmaň”, “Halk gedaý boldy”, “Siriýany goý, biziň halymyza seret”, “Ne Gaza Ne Liwana, janym Eýrana gurban bolsun”, “Ýok bolsun Hizbulla” ýaly şygarlar aksionerleriň Eýran döwletiniň Ýakyn Gündogardaky imperialist syýasatyndan biynjalykdygyny görkezýär. Eýran bir tarapdan ykdysady meseleler bilen göreşýän bolsa beýleki tarapdan Ýakyn Gündogarda HaHimperialist syýasat alyp barýardy. Eýranda imperialist syýasatdan biynjalyk bolan gatlagyň bardygy bilinýärdi. Eýranyň Siriýada söweşýän söwşijilere töleýän tölegi öz ýurdunda ýaşaýan raýatlarynyň köpüsiniň aýlygyndan köp.

Şeýlede “Yslam Respublikasyny İslemeýäris”, “Garaşsyzlyk, azatlyk, Eýran Respublikasy” ýaly şygarlar aksionerleriň Eýrandaky basyş ediji rejimden bizar bolandygyny görkezýär. Ýörişleriň dowamynda Eýranyň agdarylan şasy Ryza Pehlewä doga edilmegi hem şol jähtden ironiki. Global aragatnaşyk we transport şertleri bilen başga ýurtlar bilen ýakyndan gyzyklanýan Eýranyň halky esasanda Türkiýe ýaly musulman ýurtlar bilen öz ýaşaýyş şertlerini deňeşdirip bilýär.

Netijede Eýrandaky protest aksiýalarynyň birnäçe sebäbi bar. Bir tarapda azatlyk we ykdysady eşret gözlegi, beýleki tarapda bolsa Eýrany nyşana alan ýurtlaryň haos gözlegi. Türkiýäniň Eýrandaky wakalara bolan garaýyşy bolsa iki hakykaty hem görýän deňagramlyga laýyklykda kesgitlenene meňzeýär.


Etiketkalar: waka , protest ýöriş , Eýran

Degişli Habarlar