Aktual Analiz

Türkiýäniň Terrorçylyga Garşy Göreşinde Täze Tapgyr: “Zeýtun Şahajygy” Operasiýasy”

Aktual Analiz

Türkiýäniň Terrorçylyga Garşy Göreşinde Täze Tapgyr: “Zeýtun Şahajygy” Operasiýasy”

Türkiýe hem milli howpsyzlygyna hem-de Siriýanyň territorial bitewiligine uly howp hökmünde görülýän PKK-nyň Siriýadaky bölegi bolan PÝD/ÝPG-ä garşy birnäçe wagtdan bäri giň gerimli harby operasiýa üçin taýarlyk görýärdi. Ýetilen sepgitde terror guşagynyň günbatar tarapyndan Afrin üçin herekete geçildi. Türk ýaragly güýçleri birnäçe wagtdan bäri goşmaça harby güýç ugradyp, Idlibde Afriniň günortasynda ornaşyp, etraby gurşaw astyna aldy. Birnäçe wagt bäri taýarlyklary dowam eden operasiýa Prezident R.T.Erdoganyň “Afrin operasiýasy başlady” diýlen beýanatyndan gysga möhlet soň 20-nji ýanwarda 17:00-da hüjüm görnüşinde başladyldy. Operasiýa “Zeýtun Şahajygy” ady goýuldy.

Afrin Türkiýe bilen serhet zolagynyň esasy geosyýasy ýerlerinden birini emele getirýär. Siriýada 2004-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijesine görä, Afrinde 64,758 adam etrap merkezinde, etrapda bolsa 172,095 adam ýaşaýardy. Afriniň hökümetiň howa hüjümine sezewar bolmazlygy sebäpli beýleki ýerlere seredilende howpsyz bolmagy etraba başga ýerlerden göçülmegine sebäp boldy. Häzirki wagtda Afrin etrabynda ilatyň 300 müňe golaýlandygy çaklanylýar.

Etrap terror guramasy üçin hem Ortaýer deňizine çykalga hökmünde görülýär. Şeýlede Türkiýä Amanos daglarynyň üsti bilen geçelge açyp partizan we ýarag geçirmäge synanşýar. Türk ýaragly güýçleri we içeri işler gullugy häzirki wagta çenli Afrinden sebite geçen 40-dan gowrak terrorçyny ýok etdi.

Türk ýaragly güýçleriniň “Zeýtun Şahajygy” atlandyran operasiýasynyň hüjüm tapgyry 20-nji ýanwar güni sagat 17:00-da Türk howa güýçleriniň harby uçarlarynyň Siriýanyň howa giňişligine geçip, Afrindäki terror pozisiýalaryny bombalamagy bilen başlady. Terror guramasy PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä degişli gaçybatalgalar, ok-däri ammary hökmünde peýdalanylýan 108 nyşana operasiýa gatnaşan 72 uçar tarapyndan derbi-dagyn edilendigi habar berildi. Operasiýanyň birinji tapgyry Afrindäki PKK terroryna garşy giň gerimli harby operasiýa geçiriljekdigini görkezdi.

Türk ýaragly güýçleri we Türkiýe tarapyndan goldanýan siriýaly oppozisionerler “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň 2-nji gününde gury ýerden operasiýa başladyp, birnäçe ýeri almagyň hötdesinden geldi. Wagtyň geçmegi bilen esasy maksadyň daglyk ýerlerdäki depelerdigi görüldi. ÝPG-niň garaşmaýan we iň kynçylykly tarapdan operasiýa başlanmagy, operasiýanyň strategiýasy taýdan möhüm. Daglyk ýerlerdäki depeler alnyp, ÝPG-niň gaçmagynyň öňüni alynmak isleýär. Türk ýaragly güýçleri depeleriň alynmagyndan soň ÝPG-ni sözüň doly manysynda saplaýyş tapgyryna geçerler. Beýleki tarapdan ünsi çekýän bir husus hem operasiýanyň 8 frontdan dowam etmegi. ÝPG-ni şol bir wagtda birnäçe frontda söweşmäge mejbur edip, güýji azaldylýar.

Häzirki wagta çenli üstünlik bilen dowam edýän we 6 güni yzda galan operasiýada terror guramasy PKK/PÝD bolsa assimetriki-gibrid uruş usullary bilen göreşip, ilatly ýerlere çekilip, asuda ilaty galkan hökmünde peýdalanmagyň ugrunda. Guramanyň asuda ilaty galkan hökmünde peýdalanyp hem öz ýitgisini azaltmaga synanşýandygy hem-de asuda ilatyň ýitgi çekmegini ýola goýup, şolar arkaly halkara derejesinde gara propoganda alyp barmagy nazarda tutýar. Guramanyň agzalary tarapyndan Afriniň merkezindäki we çetki obalaryndaky ilatyň başga ýerlere gitmegine ýol berilmezligi onuň iň anyk görkezijisidir.

Operasiýanyň harby tarapy bilen birlikde diplomatik tarapy hem ünsleri çekýär. Russiýa Siriýanyň howa giňişligini hökümet bilen gazanan ylalaşygyna laýyklykda öz gözegçiliginde saklaýar. Sebitde gözegçilik nokatlaryna eýe bolan Russiýanyň Türkiýäni has kiçi göwrümli operasiýa razy etmek isleýändigi hem bilinýär. Emma Türkiýäniň Afrindäki terror howpyny doly ýok etmegi üçin giň gerimli saplaýyş işlerini geçirmegi hökman.

Russiýa bilen yzgiderli aragatnaşygyň ýany bilen Türkiýe ABŞ, ÝB-ne agza ýurtlar we Pars aýlagynda ýerleşýän ýurtlar bilen depginli diplomatiýa alyp barýar. Operasiýanyň başlamagyndan soň köp sanly ýurduň ilçileri daşary işler ministrligine çagyrylyp, maglumat berildi. Beýleki tarapdan Fransiýanyň “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň gün tertibine getirme başlangyjy türk daşary işler ministrliginiň diplomatik tagallasy bilen Siriýadaky gumanitar şertleriň ara alynyp maslahatlaşylan gün tertibine öwrüldi. Şeýle-de Ýewropa Geňeşinde PKK-ny goldaýan käbir töwerekleriň “Zeýtun Şahajygy” operasiýasyndan hoşal däldikleri görülýär. Britaniýanyň, Germaniýanyň we NATO-nyň “Zeýtun Şahajygy” operasiýasyny legal hökmünde ykrar edýändigine garamazdan Russiýa ABŞ-nyň Siriýadaky äwmezek çemeleşmesini jogapkär saýýar.



Degişli Habarlar