Türk daşary syýasatyna syn 05

Zeýtun şahasy operasiýasynyň çäginde Türkiýäniň milli goranyş ulgamlary

Türk daşary syýasatyna syn 05

Türkiýe Respublikasy Zeýtun şahasy operasiýasy bilen terror guramalaryna garşy göreşini tutanýerlilik bilen dowam etdirýär. Türkiýe terrora garşy bolan bu operasiýada milli goranyş ulgamlaryny ulanýar. Biz hem gepleşigimiziň bu günki sanynda Zeýtun şahasy operasiýasynyň çäginde Türkiýäniň milli goranyş ulgamlary barada maglumat bermekçi

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türk goranyş senagaty serhetaşa Afrin operasiýasynda uly synagdan geçýär. Soňky ýyllarda dürli ýurtlardaky durnuksyzlyklar sebäpli türk goşuny gün saýyn kämilleşýär. Ýurduň sezewar bolýan howplarynyň köpdürlügi, durmuşa geçirlen taslamalaryň sanyny artdyrýar we hilini ýokarlandyrýar. Artýan howplar sebäpli türk goşuny hem gün saýyn güýçlenýär.

Soňky 15 ýylda Türkiýede öndürlen goranyş enjamlarynyň sany 15 esse artdy. Türk ýaragly güýçleriniň operasiýalarynda ýerli ýaraglary ulanmagy, pudagyň güýçlenmegine itergi berdi. Goranyş senagaty pudagynda iş alyp barýan 450 firma 2013-nji ýyldan bäri enjamlaryny 177 ýurda eksport etdi. Geçen ýyl Türkiýäniň goranyş senagaty eksporty 2 milliard dollara barabar boldy. Pudagyň awiasiýa bilen birlikde gazanan jemi girdejisi bolsa 6 milliard dollara çenli baryp ýetdi. 2002-nji ýylda goranyş senagatynyň importy 80 göterime golaýdy indi şol san 35 göterime çenli aşaklady.

Sowutly gury ýer ulaglary, gysga wa orta menzilli raketa ulgamlary, ýaragly uçarmansyz howa ulaglary, deňiz ulaglary we olaryň enjamlarynyň ýerli mümkinçilikler bilen öndürilmegi elbetde diýseň möhüm.

Türkiýä ýarag we harby enjam satýan ýurtlaryň syýasy sebäplerden beren wadalaryna durmandyklary sebäpli Türk goranyş senagatynyň ýerli enjamlar bilen üpjün edilmegi üçin işe girişildi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdoganyň “Erbet goňşy sebäpli  bizi öý hojaýyny bolduk” sözleri bilen kesgitlän etabynda Türkiýe dünýäniň ýarag we goranyş tehnalogiýasyny öndürýän esasy ýurtlaryň hatarynda ýer aldy.

Esasan Yrakdan we Siriýadan abanýan howplarda NATO-nyň we BMG-nyň hyzmatdaşlygyň kadalaryna laýyklykda Türkiýä ýeterlik goldawy bermändikleri, howadan goranyş ulgamlarynyň Türkiýä garşy ulanylmagynyň öňüni alyp bilmändikleri, zerur bolan gury ýer we howa ulaglarynyň döwrebaplaşdyrylmagy taslamalarynyň depginini gowşadandyklary sebäpli Türkiýäniň hyzmadaşlaryna bolan ynamy azaldy.

Şu günki günde ýetilen sepgitde dünýäniň iň abraýly goranyş senagaty sanawy hökmünde kabul edilýän “Defense News Top 100” sanawynda üç türk firmasy ýer alýar. Şol firmalardan önüm satyn almak üçin ýüz tutýan ýurtlaryň sany barha köpelýär. Soňky gezek Pakistan milli mümkinçilikler bilen öndürlen ATAK hüjüm we gözleg dik uçaryny satyn almak üçin, Malaýziýa bolsa uçarmansyz howa ulagyny satyn almak üçin ýüz tutdy.

 Şeýlelikde Pakistan bilen dik uçar şertnamasy baglaşyldy, Malaýziýa  bilen hem uçarmansyz howa ulagynyň satylmagy üçin geçirilýän gepleşikler dowam edýär.

Geçen ýyl geçirlen Ýefrat galkany operasiýasynda ulanylan Altaý tanklarynyň köpçülikleýin öndürilmegi işleri dowam edýär. Gysga menzilli howadan goranyş ulgamlary Atylgan we Zypkyn bilen birlikde Hisar-A taslamasynyň 2020-njy ýylda köpçülikleýin öndürilmegine garaşylýar.

Dikuçar we ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryna birleşdirilýän Jirit raketalary soňky gezek Afrindäki Zeýtun şahasy operasiýasynda Türk ýaragly güýçleri tarapyndan ulanylmaga başlandy.

Emma ýerli we milli goranyş ulgamynyň dolulygyna milli tehnalogiýalar bilen üpjün edilmegi gysga möhletde elbetde gaty kyn. Bu uzak möhletli meýilnama ýaly görünýär. Ykdysady we tehnalogiýa taýdan mümkinçilikleri çäkli bolan Türkiýäniň öňünde uzyn ýol bar. Ykdysady we tehnalogiýa taýdan ösen ABŞ we Russiýa ýaly ýurtlardan başga ýurtlar goranyş senagatynda başga ýurtlara doly bolmasada tabyndyrlar. Elbetde Türkiýäniň ýakyn geljekde şol iki ýurda bäsdeş bolmagy beýle aňsat däl. Şol sebäpli Türkiýe uzak möhletde howadan goranyş ulgamlaryni kämilleşdirmäge dowam etmeli.

Beýleki tarapdan orta we uzak möhletde Türkiýäniň milli goranyş ulgamlary Türkiýäniň sebitara we halkara derejesinde öz maksadyna ýetmegine goşant goşýan esasy ugurlardan biri bolup biler.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň Türkiýäniň milli goranyş ulgamlary baradaky analizini dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar