Global Perspektiwa 06 Böleklere Bölünen Şahsyýetler

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Global Perspektiwa 06 Böleklere Bölünen Şahsyýetler

 

Böleklere Bölünen Şahsyýetler

Barha bölünýän degişlilikler adamzady nirä alyp gider?

Ýaşan döwrümize, wakalara ser salanymyzda 1-nji Jahan urşundan ozalka nähili meňzeýär! Başdan geçirilýänlerden netije çykarylman halatynda bolsa “taryh gaýtalamakdyr” diýilýär.

Sözüň doly manysynda ýüz ýyldan ozal dünýäni täze şahsyýetler, täze degişlilikler hamala diýersiňiz ýakyp-ýandyrýardy. İmperial şahsyýetlere söweş yglan edilipdi. Her bir sebitden esasy bölegi düýpsiz, täze, taryhsyz, emele usulda döredilen şahsyýetler çogup çykýardy. Netijede belli aralyklar bilen Osman, İňlis, Awstriýa, Wengriýa ýaly ähli imperiýalar dargady.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Dünýä gynansagam fransuz ynkylabynyň we nasionalizminiň dünýäniň başyna inderen belasyndan halas bolup bilenok. Şol hassalyk tolkunlar görnüşinde bütin dünýäni zäherlemäge dowam edýär. Dünýäniň çeken iki jahan urşy ýetmeýän ýaly. Entegem şol bela bütin ýurtlaryň başynda aýlanyp dur.

Daş-töweregimize ser salanymyzda 1-nji Jahan urşundan ozalka meňzeş şertleri başdan geçirýäris. Böleklere bölünen Balkanlary, Gündogar Ýewropa, Ýakyn Gündogar, böleklenmäge tarap barýan İspaniýa…

Diňe bir böleklere bölünen ýa-da bölünmäge tarap barýan döwletler däl. Eýsem täze emele getirilen ölüm howply şahsyýetler bilen, atomlaşan degişlilikler bilen bilelikde bütin sebit partlamaga taýar giňişliklere öwrülýär.

Imperiýalar zamanasynyň geçmegi bilen täze şahsyýetler we täze döwletler bilen dünýäniň eşreti artmady. Tersine has-da böleklenen dünýä bilen ähli ýurtlara abanýan global imperialist güýçler tarapyndan abanýan howp has-da artdy.

Eýsem böleklere bölünen degişlilikler dünýäni nirä alyp giderkä? Etniki we dini bölünşikler nirä çenli dowam ederkä?

Aslyna seredilende bular adamzadyň bilmeýän zady däl. Ýewropanyň feodallyk döwründe, feodal baýlaryň öňünde ýer bilen alynyp-satylan gula öwrülen adamzadyň başdan geçirenleri hemmelere mälim.

Osman döwletinden ozal Anadoly hanlyklary döwründe adamlar nähili we nirä çenli erkin hereket edip bilýärdiler?

Döwletleriň, şahsyýetleriň, degişlilikleriň bölünmegi adamzada ykdysadyýet, söwda, saglyk, bilim, syýahat taýdan gündelik durmuşy has-da agyrlaşdyrmakdan başga näme getirip biler?

Adamy sosiallaşdyrýan, özüni uly jemgyýetleriň bir bölegi hökmünde duýmagyna sebäp bolýan mega şahsylyklar bölündigi saýyn adam has-da ýalňyzlaşar. Ol köp sanly psihiki, sosiologik, patologik meseleleriň ýany bilen düýpli howpsyzlyk meselelerini hem ýüze çykarar. Şu günki günde ähli döwletleriň anyklamakda, kesgitlemekde kynçylyk çekýän jenaýat toparlary, terror guramalary bir adamlyk ýa-da kiçi toparlardan emele gelýän terror guramalarydyr. Böleklere bölünen, atomlaşan şahsyýetler we degişlilikler bilen aslyna seredilende belkem şahsyýetsizleşip, ähli gymmatlyklardan çetleşen ýa-da öz kiçijik fanusynyň içinde özüne mahsus gymmatlyk döreden adamdan ýa-da kiçi topardan howply zat bolup bilermi?

Indi sebitimiziň, adamzadyň we dünýäniň çekýän ejiri ýeterlik bolmadymy? Zulum çekýän milletler we sebitler has-da bölünip, ýönekeýje etniki we dini rasizm ugrunda ýene-de näçe jerime çekmeli bolar? Global şer güýçleriň “bölekle, bölejiklere böl, dolandyr” duzagyna ýene-de näçe wagt düşmeli? Şol etniki we dini rasizm ne rasional, ne ynsanperwer, ne ahlaky ne-de yslamydyr.

Eger şeýle bolsa Nejip Fazyl ýaly; “duruň eý mähelle, bu ýoluň soňy ýok/götersem ellerimi gaýçy kimin açyp” diýip, çagyryş etmeli. Adamzat üçin böleklere bölünmegi, çetleşmegi däl, eýsem bitewileşmegi, jebisligi üpjün etjek şert, düşünje, garaýyş tapmaly. Bölünmek, men-menlik däl, bölüşmek, ahlakly, kadaly çemeşme, ärdem gerek. Ähliumumy, gumanitar, ahlakly, yslam gymmatlyklary bilen, parahat we asuda ýaşamagyň ugruna çykmaly. Şol ugurda syýasat alynyp barylmaly.

Emmä nähili?

Aslyna jogaplar näbelli däl. Emma iş ýüzüne geçirmek kyn. Sabyr bilen, erjellik bilen iş ýüzüne geçirilmeli.

Ilki bilen ähli ýurtlar öz içindäki etniki, dini, ideologik gatlaklar boýunça jebisleşdiriji syýasat alyp barmaly. Eger alyp barýan bolsalar ýalňyş mysallara we ýazgarmalara garamazdan şol syýasatdan egilşik etmeli däl. Derwiş Ýunusuň aýdyşy ýaly ýaradylany ýaradan üçin söýmeli.

Şeýle syýasatlar alynyp barylýan bolup biler. Emma ýeterlik däl. Şol sebäpli ikinjisi hasam möhüm: Adam hukuklary, başlangyç haklar we azatlyklar daşary syýasatyň serişdeleri hökmünde pedalanylmaly däl. Käbir ýurtlardaky ähli strategik serişde hökmünde garaýan şer güýçleri, başga ýurtlardaky tapawutlyklary şol ýurtlara zeper ýetirmegiň iň gymmatsyz usuly hökmünde görmeli däl. Şol tapawutlyklar şol ýurtlara urmak üçin pursat hökmünde görülmeli däl.

Bilýän, bu aýdýanlarym köp sanly adam üçin, häzirki bähbide esaslanýan daşary syýasat we syýasy hakykat taýdan diňe bir maslahat hökmünde görüler. Hawa, şeýle pikir edýänler global imperialist aktýorlaryň işleri we maksatlary taýdan diýseň mamla. Eýsem “döwrebap dünýäniň syýasy hakykaty” şeýle bolany üçin gymmatlyga esaslanýan çagyryş bermälimi? Adamzady hemmeler üçin gowulyga çagyrmalymy? Makro syýasatlar kesgitleýiji güýçde bolmasalar hem her bir ýurtda döwletiň içinde we daşynda şübhesiz sagdyn pikire eýe gatlaklar bardyr. Uzak möhletde elmydama gowular üstün çykar…

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar