Aktual Analiz 06

Türkiýe 30 ýyldan gowrak wagt bäri terrorizme garşy egilşiksiz göreşýär

Aktual Analiz 06

 

 

Türkiýe 30 ýyldan gowrak wagt bäri terrorizme garşy egilşiksiz göreşýär. Şol möhletde terror guramasy PKK-nyň terror hüjümleri sebäpli müňlerçe adam ýogaldy, maddy we ruhy taýdan uly ýitgi çekildi. Emma soňky ýyllarda Türkiýäniň PKK bilen dowam edýän göreşine goşmaça Yrakda we Siriýada dowam edýän haosdan peýdalanyp DAEŞ-iň ýüze çykmagy we Türkiýede-de hüjümler guramaga başlamagy başga bir garşylyk hökmünde ýüze çykdy.

Bu şertler Türkiýänň PKK bilen bilelikde DAEŞ-e garşy hem düýpli göreşe başlamagyna sebäp bolan bolsa, Türk howpsyzlyk güýçleri Türkiýäniň ähli künjeklerinde DAEŞ-e we PKK garşy üstünlikli operasiýalary amala aşyryp, terror howpyny azaltmagyň hötdesinden geldi. Siriýada dowam edýän awtoritar boşluk we uruş sebäpli özlerine logistiki baza we howpsyz zolak döreden terror guramalary DAEŞ we PKK-dan abanýan howplar üçin Türkiýe serhetaşa harby operasiýalary guramaga mejbur boldy. “Ýefrat galkany” operasiýasy bilen serhet ýakasyny DAEŞ terroryndan saplan Türkiýe “Zeýtun şahajygy” operasiýasy bilen bolsa PKK-nyň Siriýadaky bölegi ÝPG-ä garşy aýgytly ädim ätdi.

Afrin etrabyna ýyllardan bäri gözegçilik edýän terror guramasy ÝPG Türkiýäniň milli howpsyzlygy taýdan uly wehim döredýär. Amanos daglarynyň üstaşyr Türkiýä ýaraglaryň we terrorçylaryň geçiş ugry bolan Afrin etrabyndaky ÝPG terrorçylary Türkiýe üçin milli howp emele getirýärdi. Şeýlelikde Siriýadan Türkiýä geçýän köp sanly ýarag ulgamy terrora garşy geçirilýän operasiýalarda howpsyzlyk güýçleri tarapyndan ele salynypdy. ÝPG-niň Afrinde ornaşmagy şol bir wagtda PKK-a tarapdar ýygnamak üçin amatly şert döredýärdi. Şeýle-de Afrindäki ÝPG terrorçylary halkara propoganda alyp baryp, hem Türkiýäniň içinde hem-de daşynda käbir töwerekleri Türkiýä garşy küşgürdip, terror guramasy PKK üçin propoganda goldawyny berýärdi. ÝPG-niň esasanda Kilise we Reýhanla guran hüjümlerinde asuda ilatdan köp sanly adam pida bolupdy. “Zeýtun şahajygy” operasiýasynyň üstünlik bilen tamamlanmagy Türkiýe üçin sebitde howpsyzlygy berkitmek bolsa, Afrindäki ÝPG terrorynyň ýok edilmegi şol bir wagtda PKK-nyň Türkiýäniň günorta serhedinde Yrakdan Ortaýer deňzine çenli uzap gidýän terror koridoryny açma hyýalyny puja çykarar.

PKK-nyň Siriýadaky bölegi bolan ÝPG-niň Siriýadaky häkimiýeti diňe bir Türkiýäniň milli howpsyzlygyna däl, şol bir wagtda-da Siriýanyň territorial bitewiligine wehim salýar. Şeýlelikde ÝPG-niň tabyn bolan KJK atly guramasynyň dolanşygy Siriýanyň, Eýranyň, Yragyň we Türkiýäniň çäklerinde “Kürdistan” hyýalyndan el çekmedi. Şeýlelikde Afrinde ÝPG-den alynan ýerlerdäki häkimlik yglan edilen ýerlerde şol kartalar görülýär. ÝPG öz häkimiýeti astyndaky ýerlerde Demirgazyk Siriýa federal sebitini yglan edip, bikanun saýlawlar geçirdi.

Beýleki tarapdan Türkiýäniň “Zeýtun şahajygy” operasiýasy Afrini terror guramasy ÝPG-den saplap, ýerli halky terroryň zulmundan halas etmegi nazarda tutýar. Mälim bolşy ýaly Afrindäki ilatyň esasy bölegi siriýaly kürtlerden ybarat. Köp sanly kürt ÝPG-niň zulumyndan gaçyp Türkiýä, Yraga ýa-da Ýewropa ýurtlaryna gitdi. Diňe bir Türkiýäniň özünde ÝPG-den gaçan 300 müň siriýaly kürt ýaşaýar. Afrinde ýaşaýan we gaçmak isleýän siriýaly kürtlere ÝPG tarapyndan rugsat berilmeýändigi we zor bilen saklanýandygy hemmelere äşgär. Türkiýe siriýalylardan emele gelýän Milli goşun bilen bilelikde Afrini ÝPG terrorçylaryndan saplap, Afrindäki halky halas etmegi nazarda tutýar. Türkiýäniň Afrinde paýlan bildirişlerinde “Afrin afrinlileriňkidir” diýilýän sözlem, Türkiýäniň niýetini aç-açan görkezýär.

“Zeýtun şahajygy” operasiýasy Türkiýe üçin birnäçe sebäpden başladylan harby operasiýa. Türkiýäniň siriýalylardan emele gelýän Milli goşun bilen bilelikde Afrini ÝPG terrorçylaryndan saplap, hem öz milli howpsyzlygyna abanýan wehimi ortadan aýyrar hem-de Siriýanyň territorial bitewiligini gorap, siriýaly kürtleri ÝPG-niň zulmundan halas eder. DAEŞ-iň Türkiýe serhedinden saplanmagyndan soň Türkiýäniň içinde DAEŞ tarapyndan guralýan hüjümleriň azalmagy ÝPG-niň saplanmagyndan soň hem şeýle netijäni ýüze çykarar.

“Zeýtun şahajygy” operasiýasy tolkunlaýyn netije emele getirip, PKK/ÝPG-ä beýleki ýerlerde-de zarba urar. Menbiçde, Hasakada, Rakkada we Deýrezzorda terror guramasy tarapyndan sussy basylan halk garşylyk görkezmäge başlady. Menbiçde halk aýaga galdy. Terrora hemaýat berýän ABŞ ýaly ýurtlar bu işiň gymmatynyň uly boljakdygyny we dowam etmesi mümkin bolmadyk derejä ýetjekdigine has gowy göz ýetirmäge başlarlar.



Degişli Habarlar