Aktual Analiz 13

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Aktual Analiz 13

 

 

“Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň çäginde Afriniň şäher merkezi we Afrin etraby terrorçylardan saplanandan soň asuda ilat yzyna dolanmaga başlady. Afrindäki PKK/ÝPG zulmundan Türkiýä tarap gaçan siriýaly kürtleriň hem öýlerine dolanmak üçin ýola düşýändigi görülýär. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan siriýaly bosgunlar meselesi ara alynyp maslahatlaşylmaga dowam edýärkä, esasanda ABŞ-da we ÝB-ne agza ýurtlarda rasizm ýaýbaňlanýarka Türkiýäniň Siriýada alyp barýan syýasaty siriýalylaryň meýletin ýagdaýda öýlerine dolanmagyny üpjün edýär.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

“Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen azat edilen ýerlere Türkiýäniň beren ynsanperwer kömekleri, infrastruktura işleri, azatlyk we erkinlik şertleri saýasynda Türkiýede myhman bolýan siriýaly bosgunlaryň Siriýa dolanýandyklaryny görýäris. Türkiýe Siriýada bir tarapdan terrorçylyga garşy göreşýän bolsa, beýleki tarapdan hem asuda ilat üçin howpsyz zolaklar döredýär. “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen halas edilen etraplara Siriýanyň daşyndan 200 müňe golaý bosgun öýüne dolandy. Şeýle-de Siriýanyň beýleki ýerlerinden müňlerçe ilatyň Demirgazyk Halaba gelip, “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen halas edilen ýerlere ýerleşýändigi görülýär.

Siriýanyň hökümeti Damaskda we etraplarynda gabaw asrtyna alan ýerlerinden göçürilenler Türkiýe tarapyndan saplanan Demirgazyk Halaba geldiler. Şeýle-de Siriýanyň köp sanly etraplaryndaky zulumdan gaçan ilatyň “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen halas edilen ýerlere göçüp gelendigi mälim. Türkiýe Siriýanyň içinde geçiren operasiýalar bilen diňe bir öz milli howpsyzlygyny üpjün etmeýär. Şol bir wagtda siriýalylar üçin täze bir umyt we howpsyz ýaşaýyş üpjün edýär. Mysal üçin ABŞ-nyň PKK/ÝPG partizanlary bilen Tabkada, Rakkada we Deýrez Zorda geçiren operasiýalarynyň dowamynda sebitden göçmäge mejbur bolan ýa-da PKK/ÝPG tarapyndan göçmäge mejbur edilen ilatyň “Ýefrat Galkany” operasiýasy halas edilen ýerlere gelip ornaşandyklary hem bilinýär.

ABŞ-nyň terrorçylyga garşy göreş ady bilen Siriýada PKK/ÝPG-ä şert döreden ýerlerine ilatyň dolanyp barmagy gün tertibin-de däl. ABŞ-nyň PKK/ÝPG-niň gözegçiligine beren zolagy “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen halas edilen has uly bolandygyna garamazdan asuda ilat yzyna dolanmak beýlede dursun, sebitdäki ilat daşary ýurtlara ýa-da Demirgazyk Halaba gaçýar.

Şonuň ýaly hem Siriýanyň hökümeti we Russiýa tarapyndan köp sanly adamyň pida bolan operasiýalary bilen alynan Homs, Zabadani, Daraýýa ýa-da Halap ýaly uly şäherler entegem haraba bolmagynda galýar.

Siriýanyň içinde asuda ilatyň yzyna dolanan ýeke-täk ýeri “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen halas edilen ýerler. “Zeýtun Şahajygy” bilen halas edilen Afrin etraby hem asuda ilatyň we bosgunlaryň ynam bilen dolanyp geljek ýeri bolar.

“Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen halas edilen ýerlerde Tel Ryfaatda we golaýynda PKK/ÝPG tarapyndan basyş bilen göçürilen ýüz müňden gowrak adam ýaşaýar. Öýlerine dolanmak isleýän ilat türk we Azat siriýa goşunynyň Tel Ryfaady we obalaryny PKK/PÝD terrorçylaryndan saplap, asuda ilatyň hem-de bosgunlaryň yzyna dolanmaklary üçin ýöriş geçirýär. Türkiýe bolsa Tel Ryfaatlylaryň yzyna dolanmagy üçin degişli çäreleri görmäge başlady.

Mysal üçin Germaniýada siriýaly bosgunlar baradaky diskusiýalar gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryndan biri. Esasanda aşa sagçy AFD partiýasy siriýaly bosgunlaryň Germaniýada ýaşamagyny islemeýär. AFD şol çäkde Siriýa wekiliýet ugradyp, hökümet bilen bosgunlaryň mejbury ýagdaýda hökümetiň gözegçiligindäki ýerlere dolanyp gelmegi barada gepleşikler geçirdi. Emma nemes jemgyýetçiligi şol garaýyşy goldamady we bosgunlaryň hökümetiň gözegçiligindäki ýerelere dolanyp baran halatynda olara uly howplaryň garaşýandygy beýan edildi. Esasanda hökümetiň siriýaly bosgunlary dönük hökmünde görmegi, gynamagy we gysyş etmegi şol pikiriň gumanitar gymmatlyklara nähili ters gelýändigini görkezýär.

Türkiýe asuda ilatyň we bosgunlaryň öýlerine dolanmaklary üçin terrordan saplan ýerlerinde howpsyz we erkin zolaklar döredendigi üçin bosgunlar öýlerine meýletin dolanyp barýarlar. Şonuň ýaly-da Yrakda PKK-ny ýok etmek üçin Sinjara guralmagy ähtinal harby operasiýa hem asuda ilatyň öýlerine dolanyp barmagyny üpjün eder. Sinjaryň DAIŞ-iň hüjümine sezewar bolmagyndan soň ezidileriň esasy bölegi DAIŞ-den gutulypdy. Emma DAIŞ-iň etrapdan saplanandygyna garamazdan ezidileriň 80 göterimi entegem Sinjaryň daşyndaky düşelgelerde ýaşaýar. Şeýlelikde PKK-nyň Sinjarda ornaşmagy ezidileriň öýlerine dolanyp barmagyna ýol bermeýär. Türkiýe Yragyň merkezi hökümeti bilen bilelikde Sinjary PKK-dan saplan halatynda ezidileriň esasy bölegi öýlerine dolanarlar.

Türkiýe guraýan ähli harby operasiýalarynda ýumrujy däl, dikeldijidigini subut etdi.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik



Degişli Habarlar