Global Perspektiwa 16 Ysraýylyň Howpsyzlygymy? Imperializmimi?

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Global Perspektiwa 16 Ysraýylyň Howpsyzlygymy? Imperializmimi?

 

Ysraýylyň Howpsyzlygymy? Imperializmimi?

Terminologiýa mazmuny hem kesgitleýär. Ulanýan adalgalarymyz meselä nähili çemeleşýändigimizi, şol meselä nähili garaýandygyňyzy we nämäni mesele ýa-da çözgüt hökmünde kabul edýandigimizi görkezýär.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Has düşnükli bolmagy üçin bir mysal getireliň: “parasatly yslam” adalgasyny saýlap alsaňyz, esasan meselä öwürýän zadyňyz yslam bolar. Şol adalga barada durup geçeniňizde umuman “radikal, jihadist, fanatik yslam görnüşleri hem bar, emma şolaryň arasynda iň ýerliklisi parasatly yslamdyr” düşünjesini kabul etdigiňiz bolar. Ozal hem beýan edişimiz ýaly “parasatly günbatar” adalgasyny saýlap alanyňyzda bolsa, esasan günbataryň adamzada ýetiren köp sanly zeper bilen birlikde, parasatly bolan halatynda günbataryň adamzada goşýan goşantlaryna ünsi çekip, şol sebäpli parasatly günbataryň hökmanydygyny nygtadygyňyz bolar.

Ýakyn Gündogar baradaky analizlerde esasanda Siriýa meselesinde iki kemçilik ünsi çekýär. Birinjisi käte Ýakyn Gündogarda hamala diýersiňiz Ysraýyl diýilýän ýurt ýok ýaly analizler berilýär. Siriýa meselesinde  hem bolşy ýaly Ýakyn Gündogardaky çykgynsyzlyklar şol ýurt bilen baglanşygy ýok ýaly Ysraýyl ünsden düşürilýär. Eýsem Ysraýylyň gurulmagyndan soň Ýakyn Gündogaryň halklary belkem taryhlarynyň iň bir durnuksyz döwürlerinden birini başdan geçirýärler. Siriýa meselesinde-de Ysraýylyň täsiri ýene-de käte ýatdan çykarylýan ýa-da çykardylýar. Onuň emele gelmeginde Ýakyn Gündogaryň halklaryna ýat bolan Ysraýylyň asuda we çuňňur syýasatynyň täsiriniň bardygyny belläp geçmek ýerlikli bolar. Başyndan bäri Siriýa meselesinde ýitgi çeken ýurtlaryň haýsylardygy soralanda köp sanly ýurduň adyny tutup bileris. Emma şol çökgünlikden iň uly bähbidi gazanan ýurt Ysraýyldyr. Çünki çökgünlik bilen birlikde Ysraýylyň özüne howp hökmünde görýän ýurtlarynyň tas ählisi ünslerini başga tarapa sowmaly boldy. Siriýanyň başda durmagynda Eýran, Türkiýe, arap ýurtlary şol çökgünlikdan agyr ýitgi çekýär. Ozal palestinalylaryň hakly gowgalarynyň ýanynda duran käbir arap ýurtlary şu günki günde hamala diýersiňiz Ysraýyl bilen blok döredene meňzeýärler.

Beýleki tarapdan Ysaraýylyň halkara jemgyýetçiliginiň, adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň, ähliumumy wyždanyň garşy durýan basgylamalary, imperialist syýasatlary ünsler Siriýa gönügendigi üçin ýeterlik garşylyk döretmeýär.

Analizlerdäki ikinji bir kemçilik bolsa, umuman Ýakyn Gündogar, hususan Siriýa meselesinde Ysraýyly ünsden düşürmezlik bilen birlikde meseläni Ysraýylyň howpsyzlygy bilen düşündirýän çemeleşmeler. Günbatarly analitikler dolulygyna, Ýakyn Gündogaryň analistikleri bolsa käte öz analizlerinde “Ysraýylyň howpsyzlygy” frazasyny ulanýar. Meselä Ysraýylyň howpsyzlygy jähtinden seredilende Ýakyn Gündogarda edilen şunça ýalňyşlyklar, Ysraýylyň şu günki güne çenli eden  we edýän şunça zulum legallaşdyrylan ýaly bolýar. Çünki mesele howpsyzlyk meselesi bolsa, tebigy ýagdaýda her bir ýurt özüne abanýan howplara garşy degişli çäreleri görmelidir. Bu taýda döwletlerden biri şeýle çäreleri görýärkä öte geçýänlikde, adam hukuklaryna we başlangyç hak-hukuklara garşy durmak bilen günäkärlenip bilner.

Eýsem ýarym asyrdan gowrak wagt bäri Ýakyn Gündogarda dowam edýän mesele Ysraýylyň howpsyzlygy däl, Ysraýylyň imperalizmi meselesidir. Mediada ýygy-ýygydan orun berilýän we 1947-nji ýyldan biziň günlerimize çenli Ysraýylyň territoriasyny näçe giňeldendigi görkezýän karta şol hakykaty aç-açan görkezýär. Ýehudiler 1946-njy ýylda Palestina degişli ýerleriň belli bir böleginde ýaşan bolsalar, şu günki günde ol tersine öwrüldi. Şol karta palestinalylaryň ýaşaýyş giňişligini näçe daraldandygyny, ýaşaýan ýerleriniň hamala diýersiňiz açyk tussaghana öwrülendigini aç-açan görkezýär. Jurnalist Mehmet Akif Ersoýyň “hyýalyň näme” diýlen soraga gazaly ýaşlardan biriniň beren jogaby ýaşaýan ýerleriniň tussaghana öwrülendigini görkezýän gussaly beýanydyr: Bir ulag bilen Ysraýyl tarapyndan haýsydyr bir barlagsyz sagatda 180 kilometr tizlik bilen ýarym sagat gitmek”…

Beýleki tarapdan Ysraýylyň eýe bolan serhetleriniň üýtgemejekdigini hiç kim aýdyp bilmez. Käbir ýehudileriň garşy durýandygyna garamazdan fanatik rasist we sionist ýehudileriň “Beýik Ysraýyl ideýasynyň” ugrunda tagalla edýändikleri gizlin däl. Internetde kiçijik barlag edeniňizde şol hakykata artykmajy bilen göz ýetirip bilersiňiz. “Beýik Ysraýyl ideýasyna” laýyklykda sionist ýehudiler Tigr we Ýefrat derýalaryna çenli araplaryň, kürtleriň, türkleriň we beýleki etniki toparlaryň ýaşaýan sebitleriniň özleri üçin “wada berilen ýerler” bolandygyny öňe sürýärler. Şu günki günde Siriýa meselesi taýdan iň esasy durnuksyzlyk hem şol rasist ýehudileriň “Wada berilen” diýýän ýerlerinde başdan geçirilýär.

Hem Ysraýylyň gurlan gününden bäri alyp barýan syýasatyna ser salynanda hem-de şu günki günde sebitleýin syýasaty göz öňünde tutulanda Ysraýylyň hüjümçi syýasat alyp barýandygyny görmek mümkin. Ysraýylyň howpsyzlygy sözi aslyna seredilende gurlan gününden bäri alyp baran imperialist syýasaty gizleýän funksiýany ýerine ýetirýär. Şol sebäpli dogry terminologiýa Ysraýylyň howpsyzlygy däl, eýsem Ysraýylyň imperializmidir.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.

 



Degişli Habarlar