Aktual Analiz 16

ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň harby operasiýasy giň däl, eýsem hökümeti “jezalandyryjy” häsýete eýedi

Aktual Analiz 16

Siriýadaky hökümetiň Gündogar Gutada oppozisionerlere garşy himiki ýarag ulanmagy sebäpli halkara jemgyýetçiliginiň ünsi sebite gönügip, ABŞ-nyň öňbaşçylygynda hökümete garşy harby operasiýa gün tertibine geldi. 14-nji aprel şenbe gijesi bolsa garaşylýan boldy.

ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň harby operasiýasy giň däl, eýsem hökümeti “jezalandyryjy” häsýete eýedi. ABŞ-da başdan geçirilýän diskusiýalara ser salynanda Trampyň giň gerimli operasiýa guramak isleýändigi, emma Goranmak ministri Mettisiň we Pentagonyň Russiýa bilen dartgynlyga sebäp bolmazlyk üçin gerimi giň bolmadyk operasiýanyň guralmagyny saýlap alandyklary bilinýärdi. Görnüşine görä operasiýa Mettisiň we Pentagonyň islegine laýyk guraldy.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Aslyna seredilende ABŞ, Britaniýa we Fransiýa hyzmatdaşlyk döredip, hökümetiň üsti bilen Russiýanyň pozisiýasyny we Eýran bilen birlikde hereket edýän şaýy söweşijilerini nyşana alýar. Netijede ABŞ-nyň Siriýadaky hökümeti agdarmak niýeti ýok. Aslyna seredilende ABŞ-nyň eline uly pursadyň geçendigine garamazdan giň gerimli operasiýa guramazlygy muny aç-açan görkezýär. Obamanyň iş başynda bolan döwründe Siriýada we umuman Ýakyn Gündogarda Russiýa we Eýrana giň şert döredilipdi, indi bolsa Russiýanyň eýeleýän giňişligi azaldylmak we Eýranyň Siriýadaky pozisiýasy gowşadylmak islenýär.

Ysraýyl we Aýlag sebitinde ýerleşýän arap ýurtlary taýdan Eýranyň pozisiýasynyň gowşadylmagy möhüm. Şeýlelikde Ysraýyl, arap ýurtlary we Türkiýe taýdan Eýranyň sebitdäki ekspansionist syýasaty biynjalyk ediji çäge ýetipdi. Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň, Hizbullahyň we Eýrana tabynlykdaky ýaragly toparlaryň Siriýadaky sany 60 müňe çenli baryp ýetendigi habar berilýär. ABŞ soňky hüjüm bilen käbir möhüm harby howa bazalaryny bombalady, emma umuman harby operasiýanyň çäklidigi görülýär. ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmegindäki harby operasiýadan ozal Ysraýyl T4 howa menzilini we Eýran tarapyndan ulanylýan birnäçe bazalary bombalady.

ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmegindäki harby operasiýasyna Russiýanyň we Eýranyň görkezjek garşylygy golaýda belli bolar. Şeýlelikde Siriýanyň hökümeti, Eýranyň tarapynda durýan ýaragly topar we rus hakynatutma esgerleri birnäçe aý ozal Deýrez Zorda ÝPG tarapyndan gözegçilik edilen nebit känlerine tarap süýşmäge synanşypdy. ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky Halkara hyzmatdaşlygy şol synanşyga berk garşylyk görkezip, howa hüjümleri we top atyşlary bilen şol güýçleri yza serpikdiripdi. Emma ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky soňky operasiýadan soň Russiýanyň we Eýranyň Deýrez Zora giň gerimli operasiýa başlatmagy mümkin bolup biler. Eger şeýle bolan halatynda ÝPG tarapyndan gözegçilik edilen we ilatynyň tas ählisi araplardan emele gelýän sebitdäki nebit känleri üçin uly göreş başlap biler.

Emma Russiýanyň we Eýranyň reaksiýasy näme bolsa bolsun, Siriýanyň hökümetiniň soňky himiki hüjümi halkara jemgyýetçiliginde uly reaksiýa döretdi. Öz halkyna garşy himiki ýarag ulanan hökümetiň legallygy ýene-de bir gezek jedelleşilmäge başlandy. Hökümetiň işlän soňky harby jenaýatynyň jezalandyrylmagy möhüm. Türkiýe taýdan hökümetiň gumanitar jenaýatlar üçin jezalandyrylmagy kanagatlanma döreden bolsa, Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlyk Türkiýäniň islemeýän netijesidi. Russiýa bilen ABŞ-nyň arasynda Türkiýäniň töwellaçy bolmagy Türkiýäniň Siriýa meselesinde eýeleýän strategik pozisiýasyny aç-açan görkezýän delillerden biri. Türkiýäniň töwellaçylyk etmeginde ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky diplomatik we harby dialog ýaňadandan ýola goýuldy, ABŞ Russiýanyň wekilçilikli güýçlerini nyşana alan bolsa, Russiýa oňa gönüden çäre görmedi. Tehnologik ösüş we goranyş senagatynyň ýeten sepgidi göz öňünde tutulanda halkara güýçleriň biri-birini harby taýdan gönüden nyşana almagy mümkin görünmeýär. Ykdysady we kiber uruşlara goşmaça wekilleriň üsti bilen hem söweş dowam edýär. ABŞ-nyň Russiýanyň wekilini bombalamagyndan soň Russiýanyň ABŞ-nyň Siriýadaky wekili bolan ÝPG-ni bombalap bombalamajakdygy näbelli bolmagynda galýar.



Degişli Habarlar