Aktual Analiz 18

Siriýadaky sebitleýin we global güýç görkezme göreşi Siriýadaky içerki uruşdan hem öňe geçdi

Aktual Analiz 18

Siriýadaky sebitleýin we global güýç görkezme göreşi Siriýadaky içerki uruşdan hem öňe geçdi. Siriýanyň hökümetiniň 2011-nji ýyldaky jemgyýetçilik islegleri ret edip, ýurdy demokratiýalaşdyrmagyň ýerine urşa sezewar etmegi Siriýanyň köp sanly sebitleýin we global güýçleriň göreş meýdanyna öwrülmegine sebäp boldy. Uruş meýdanyna öwrülen Siriýa bir tarapdan içerki meseleleriň çaknyşygyny we terror meselesini başdan geçirýän bolsa, beýleki tarapdan sebitde döwletleriň arasynda wekilçilikli uruş dowam edýär. Rusiýa, ABŞ, Britaniýa we Fransiýa ýaly global güýçleriň ýany bilen Türkiýe, Eýran, Saud Arabystany, Katar, Ysraýyl ýaly sebitleýin güýçler hem Siriýada berk pozisiýa eýelediler.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Global we sebitleýin güýçler Siriýadaky maksatlaryna ýetmek üçin köp sanly wekilden peýdalanýar. Russiýa Siriýanyň hökümetine Eýran bilen bilelikde howadan, gury ýerden, diplomatik we maddy goldaw berýär. Rus harby howa güýçleri we gury ýer goşunlary bilen köp sanly hakynatutma rus esgerleri hem Siriýada iş alyp barýar. Eýran bolsa maddy we harby goldawyň ýany bilen hökümeti dam serişdesi bilen üpjün edýär. Eýran Russiýanyň tersine Siriýada hem siriýaly hem-de daşary ýurtly köp sanly ýaragly wekillerini ornaşdyrdy. Esasanda liwanly Hizbullah, owgan Fatimiýýun dwiziýasy, yrakly Nujaba hereketi we pakistanly Zeýnebiýýun dwiziýasy ýaly köp sanly daşary ýurtly wekil güýçler bar. Eýranyň Siriýadaky daşary ýurtly wekilleriniň ýany bilen Halkyň gorag güýçleri ady astynda köp sanly siriýaly wekilleri hem bar. Emma Eýranyň Siriýada diňe bir wekilleri däl, şol bir wagtda gönüden göni öz Ynkylap goragçylary hem iş alyp barýar. Russiýanyň we Eýranyň Siriýanyň birnäçe ýerinde harby bazalary we ulanýan howa menzilleri bar.

Beýleki bir fronty bolsa ABŞ, Fransiýa we Britaniýa emele getirýär. Günbatar blogunyň emele getirýän fronty DAIŞ-e garşy göreş ady astynda terror guramasy ÝPG-ä kömek berdi. ÝPG-niň öňbaşçylygynda döredilen Siriýanyň demokratik güýçleri bilen demirgazyk Siriýadaky Munbiçden günorta-gündogardaky Abu Kemala çenli uzap gidýän liniýa gözegçilik edýar. ABŞ-nyň we Fransiýanyň şol liniýada 25-e golaý harby bazasy bar. Şol bazalaryň arasynda 2 sany awia gonalga hem günbatar blogy tarapyndan peýdalanylýar. Şeýle-de Britaniýanyň we ABŞ-nyň Siriýanyň günortasyndaky Tenef etrabynda jemi 2 bazasy bar. Şol sebitde bolsa Magawir Al Sawra atly gurama bilen işleşýär. Saud Arabystany Siriýada uzak möhletli oppozisiýany goldan hem bolsa soňky döwürde ÝPG-niň öňbaşçylygyndaky Siriýanyň demokratik güýçlerini goldamaga başlady. Şeýlede Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky arap ýurtlarynyň Siriýanyň demokratik güýçleri tarapyndan gözegçilik edilýän etraplara goşun getirendigi beýan edilýär.

Beýleki bir fronty bolsa Türkiýe emele getirýär. Türkiýe Idlib etrabyndaky çaknyşyksyz zolagyna gözegçilik etmek maksady bilen 9 sany gözegçilik nokadyny döretdi. Jemi 12 gözegçilik nokadynyň döredilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle-de “Ýefrat galkany” we “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy bilen terror guramalary DAIŞ hem-de ÝPG-den saplanan etraplardan harby güýçlerini çekmedi. Siriýanyň halky üçin howpsyz zolaga öwrülen Afrin, Azaz, Al Bab we Jarablus etraplarynda şol bir wagtda Türk ýörite harby güýçleri tarapyndan tälim berilen Siriýanyň Polis guramasy tertip-düzgüni ýola goýýar. Siriýanyň Polis guramasy Siriýanyň oppozisiýasy tarapyndan gurlan we halkara derejesinde ykrar edilýän Siriýanyň geçiş hökümetine tabynlykda iş alyp barýar. Harby taýdan döredilen Milli goşun hem Siriýanyň geçiş hökümetine tabyndyr. Katar bolsa dartgynlykdan ozal Siriýanyň oppozisiýasyny ýakyndan goldaýardy, emma çäklendirmelerden soň Kataryň Siriýadaky pozisiýasy gowşady.

Beýleki bir faktor bolsa Ysraýyl. Ysraýyl 67-nji ýyldaky uruşlarda halkara hukugyna bap gelmeýändigine garamazdan basyp alan Golan depeleri bilen Siriýa degişli ýerleri ele geçiripdi. 2011-nji ýylda başlan uruşdan soň bolsa Ysraýyl Golan depelerindäki hökmürowanlygyny hasam berkitdi.

Siriýanyň hökümetiniň 2011-nji ýylda halkyň talaplaryny kabul etmän, ýurtda uruş turuzmagyndan soň Siriýa global we sebitleýin güýç göreşiniň meýdanyna öwrüldi. Milli özygtyýarlylygyny ýitiren Siriýanyň birnäçe bölege bölünendigini aýtmak ýalňyş bolmasa gerek. Emma Siriýada dowam edýän uruşy global we sebitleýin güýç göreşi hökmünde häsýetlendirmek nädogry bolar. Siriýada içerki urşuň entegem dowam edýändigini beýan etmek ýerlikli bolar



Degişli Habarlar