Aktual Analiz 21

Katara garşy başladylan göçüm

Aktual Analiz 21

 

Mundan bir ýyl ozal Kataryň resmi habarlar gullugynyň haklenmegi we Kataryň Emiriniň adyndan käbir galp interwýularyň oňa ýerleşdirilmegi bilen başlan media kampaniýasyny başdan geçiripdi… Şol media kampaniýasy wagtyň geçmegi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň we Saud Arabystanynyň öňbaşçylyk etmeginde ABŞ-nyň goldaw bermeginde döredilen hyzmatdaşlygyň Katary gönüden nyşana almagyna öwrüldi. Şol hyzmatdaşlyk Katary harby, syýasy we ykdysady taýdan doly gabaw astyna alyp, hamala diýersiňiz boýun egdirmek isleýän ýalydy.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Wagtyna seredilende Katara garşy başladylan şol göçümiň 2017-nji ýylyň 21-nji maýynda Saud Arabystanynyň paýtagty Riýadda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň gatnaşmagynda halkara maslahatdan soň başlandygyny görýäris. Şol çäkde Muhammed 2-nji atlandyrylýan Bin Salman we Bin Zaýed Riýaddaky maslahatda Trampyň goldawyny alandan soň işe girişýär. Ysraýyl bilen bilelikde taýarlan sebit üçin täze strategiýalarynda Katary uly howp hökmünde görýärler we düşýän gymmatyna garamazdan şol howpy ortadan aýyrmak üçin işe girişýärler. Kataryň Türkiýe ýaly ýurtlar bilen Arap bahary tapgyrynda sebitde özgerlişigi goldamagy elindäki ykdysady güýjüň ýany bilen eýe bolan media güýji nyşana alynmagyndaky esasy faktor hökmünde öňe saýlandy.

Emma yza ser salyp, analiz edenimizde Katara garşy edilen göçümiň ähli ugurda başarnyksyz bolandygy görüldi. Türkiýe ýaly ýakyn hyzmatdaşlarynyň beren goldawy we döreden şertleri Kataryň ünslilik we parasatlylyk bilen alyp baran diplomatiýasy özüne garşy edilen göçümleri netijesiz goýan bolsa, indi ABŞ-nyň hem pozisiýasynyň doly üýtgemäge başlandygyny görýäris. BAE we Saud Arabystanynyň Katara goýan sanksiýalar indi olaryň özleri üçin zyýanly bolmaga başlady.

Katar bilen bilelikde Türkiýe hem nyşana alynypdy

Katary nyşana alan hyzmatdaşlygyň talaplaryndan biriniň Katardaky türk harby bazasynyň ýapylmagy we iki ýurduň arasynda dowam edýän harby ylalaşygyň bes edilmegi bolandygy ýüze çykypdy. Meniň pikirimçe onuň iki sebäbi bar. Birinjisi Türkiýäniň harby goldawy bolmasa Kataryň özleri üçin has ýeňil nyşana boljakdygyny pikir edýärdiler we Türkiýäniň Katardaky harby bazasy hem-de Kataryň goşuny bilen gazanylan harby ylalaşyklar, türgenleşik ylalaşygy Katary olaryň öňünde has güýçli garşydaşa öwürdi. İkinjiden bolsa Türkiýäniň sebitdäki harby we syýasy güýji Muhammed 2-njiniň we Ysraýylyň sebitleýin syýasaty taýdan howp hökmünde kabul edilýär. Netijede Palestinadan Katara çenli uzap gidýän giň musulman sebitini isleýişleri ýaly dizaýn etmek ýa-da ejizletmek ugrunda tagalla girişdiler. Elbetde Türkiýe we Katar şol islegleri dolulygyna ret edip, özara bähbitlere laýyklykda harby hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirdiler. Esasanda Türkiýäniň netijeli syýasaty Katara garşy synanşylaryň puja çykmagyna uly goşant goşdy.

Türkiýe özüne Saud Arabystany däl eýsem Birleşen Arap Emirlikleriniň garşy durýandygyny pikir edýär, aslyna seredilende ony görkezýän käbir alamatlar hem ýüze çykdy. BAE-niň ABŞ-daky ilçisi Ýusuf Al Uteýbeniň metbugatda ýer berilen elektron poçtalarynda tas ähli platformarda BAE-niň Türkiýäniň bähbitlerine garşy alyp barýan kampaniýalary ýüze çykýar. Liwiýadan Somala, Siriýadan başga ýurtlara çenli BAE-niň Ysraýyl we beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlyk edip, Türkiýä garşy durýandygy mälim. Türkiýe elbetde BAE-niň para berip, adam satyn alyp, hat-da käbir terror guramalaryna goldaw berip, oýnaýan kirli oýnuna birmeňzeş jogap bermeýär. Emma soňky gezek Somalide başdan geçirilen wakalarda bolşy ýaly BAE-ne onuň düşünýän dilinden jogap berýär. Türkiýe syýasy guramalary we harby goşuny bilen güýçli döwlet, öz sebitinde sözi geçýän ýurt, sebitiň durnuklylygy üçin Yrak we Siriýa ýaly ýurtlarda gönüden iş alyp barýar. Kataryň ýany bilen Somali ýaly köp sanly ýurtda harby güýjüni berkidýär. Iýerusalim meselesinde eýeleýän pozisiýasy bilen musulman dünýäsiniň we ejir çekýän halklaryň bähbitleri üçin göreşjekdigini görkezýär.



Degişli Habarlar