Global Perspektiwa 23 Prezident Respublikasy Ulgamyndan Başlamanka Yza Dolanmak?

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Dekany Prof. Dr. Kudret BÜLBÜLüň mesele boýunja synyny dykgatynyza ýetirýäris…

Global Perspektiwa 23  Prezident Respublikasy Ulgamyndan Başlamanka Yza Dolanmak?

Prezident Respublikasy Ulgamyndan Başlamanka Yza Dolanmak?

Türkiýe 24-nji iýunda taryhynyň 32-nji parlament we ilkinji prezident dolanşygy saýlawyny geçirer. Adalat we ösüş partiýasynyň başda durmagynda “Jemhur” arkalaşygy referendumda kabul edilen Prezident Respublikasy dolanşyk ulgamynda meseleleri nähili çözjekdigini wada berýän bolsa, “Millet” arkalaşygyna girýän partiýalaryň esasy wadalaryndan biri parlamentar ulgama dolanyp gelmek. Saýlawdan soň eger üstün çykan halatynda bellenen gysga möhletde parlamentar dolanşyk ulgamyna dolanyp gelmek üçin gepleşikler geçirilýär.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Dekany Prof. Dr. Kudret BÜLBÜLüň mesele boýunja synyny dykgatynyza ýetirýäris…

Oppozision partiýalar nädereje garşy durýan hem bolsalar Prezident dolanşygy ulgamy ýa-da Türkiýedäki ady bilen Prezidentlik hökümet ulgamy referendum bilen kabul edildi. Täze dolanşyk ulgamy 24-nji iýunda doly iş ýüzüne geçer. Oppozisiýanyň täze ulgamy entek synap görmezden, milletiň başdan geçirýän meselelerine çözgüt tapyp tapmajakdygyny görmän kategoriki ýagdaýda garşy durmagyny aň-düşünje bilen düşündirilmek mümkin däl. Üssesine yzyna getirilmek islenýän ulgam Türkiýede 140 ýyla golaý wagt bäri dowam edip gelen we yzgiderli häsýetde kynçylyklar döreden ulgam bolýan bolsa… Şübhesiz parlamentar ulgamyň kadaly we üstünlikli dowam edýän ýurtlary hem bar. Emma Türkiýe taryhy taýdan seredilende parlamentar ulgamyň ýüze çykaran dartgynlyklary, ýurduň dolanşyk taýdan çykgynsyzlaşmasy, içerki we daşarky basyş merkezlerine yzgiderli häsýetde boýun egme höwesi entegem ýatdan çykmady. 1961-nji ýylda kabul edilen konstitutsia bilen konstruktiwleşen, haýsydyr bir görnüşde milletiň wekilleri tarapyndan derňelmeýän harby we kazyýet agalygynyň ýüze çykaran meseleleleri hemmelere mälim. Asylan premýer ministr we ministrler, hemle atylan syýasatçylar, Mejlisi gurşaw astyna alyp,prezidentiň saýlanmagy ýaly başdan geçirilen mysallaryň awusy henizem unudylmady.

1961-nji ýyldaky konstitutsiýa bilen getirilen we gurluşy, funksiýasy taýdan milletiň wekilleriniň pozisiýasyna orun berilmedik kazyýet býurokratiýasynyň goýup giden galyndylary henizem gutarmady. Agdarlyşyklaryň, harby goşulyşmalaryň legallyk serişdesi funksiýasyny eýelän, durmuşa we daşarky dünýä arkasyny dönen, ýapyk ulgamda işleýän ýokary derejeli kazyýet býurokratiýasy ýurduň adaty ösüşiniň, demokratiýalaşmagynyň we has-da erkinleşmeginiň öňüne hamala diýersiňiz böwet basdy.

Gurluş özboluşlygy taýdan durgunlyga esaslanýan býurokratiýamyz, ýygy-ýygydan özgeren syýasy häkimiýetler we koalisiýalar sebäpli hasam ygtyýarsyzlaşdy. Gysga möhletde çalyşjakdygy, iş başyna geçjek täze hökümetiň özi bilen işleşip, işleşmejekdigine bolan ynamsyzlygy sebäpli, eden işleri sebäpli hasabat berme aladasy bolan býurokratyň ygtyýar almagy haýsy hakykata bap geler?

Türkiýe öz isleglerine laýyk hereket eden halatynda daşarky basyş ediji güýçleriň, global aktýorlaryň içerki basyş ediji organlary arkaly ykdysady serişdeler ýa-da terrory ýaýbaňlandyrmak arkaly ulgamdaky deňagramlyklar bilen oýnamaklarynyň täsiri entegem doly ortadan aýrylmady.

Başdan geçirilen kynçylyklar we ulgamlaýyn meseleler Ak partiýanyň häkimiýet başynda bolan ýyllarynda ýatdan çykardylana meňzeýär. 2000-nji ýyllardan soň 4 möhlet dowam eden Ak patiýanyň häkimiýet ýyllary aldadyjy bolmasyn. Bu şertler ulgamyň ýüze çykaran netijesi däl, eýsem özboluşly şertdir.

Musulman dünýäsi bilen birlikde günbatardan daşgary jemgyýetleriň esasy iki meselesi milletiň islegleriniň syýasatda ýeterlik beýan tapmaýanlygy, häkimiýet başyna gelinenden soň demokratik özgerlişiň ýola goýulyp bilinmezligi.

Türkiýede kabul edilen Prezident Respublikasy dolanşygy bilen Prezidenti saýlamak üçin dalaşgärlerden biri azyndan %50+1 ses almaly, şeýlelikde indi gönüden halka esaslanmaga mejbur. Täze ulgamyň kynçylygyny gören, Prezident dolanşygy ulgamyny goldaýanlaryň käbirleri “eýsem dogry etdikmi” diýlen aladalary beýan edýär. Ozallar başgasynyň sesini almazdan, öz tarapdarlarynyň sesi bilen häkimiýet başyna geçýändiris öýdýärler.

Bu garaýyş Taýýip Erdoganyň elmydama häkimiýet başynda galjakdygyna ynanylýan garaýyşdyr. Parlamentar ulgam Taýýip Erdogan ýaly güýçli liderleriň bolan döwürlerinde kynçylyk döretmän biler.  Emma syýasy taryhymyza ser salanymyzda bir partiýanyň yzgiderli görnüşde saýlawda üstün çykmagy iňňän seýrek ýagdaý. Ol Taýýip Erdoganyň şahsy üstünligidir. Yne şol sebäpli Erdogandan soňky döwürler hem göz öňünde tutulmaly.

Häkimiýet başyndaky partiýa jähtinden seredilende diňe öz tarapdarlary bilen saýlawda ýeňillik bilen üstünlik gazanmak, saýlanmak üçin möhlet çäklendirmesi bolmadyk Parlamentar demokratiýa has rahat ulgam hökmünde görlüp bilner.

Durnuklylygyň birsydyrgyn bolmagy, basyş ediji güýçleriň däl, milletiň islegleriniň syýasy häkimiýetdäki beýanynyň güýçlenmegi, iňňän dartgynly sebitlerden biri bolan Türkiýäniň has ýeňil dolandyrylmagy, ulgamdaky demokratik özgerlişikleriň ýeňillik bilen amala aşmagy taýdan bolsa syýasy ulgamyň üýtgedilmegi Türkiýe üçin mejburlykdy.

Şol jähtden Ak partiýa özi üçin kyn, emma dogry bolany etdi. Edilen özgerlişikler bilen Türkiýe ulgamyň hojaýyny indi millet bolmadyça milletden ygtyýar almaýan içerki we daşarky basyş merkezleriniň syýasy ulgama goşulyşma mümkinçiligi diýseň azaldy. Syýasy ulgamdan gelip çykýan kynçylyklar esasan çözüldi. Mundan beýläk ýüze çykjak kynçylyklar indi ulgamlaýyn däl, praktikadan gelip çykýan meseleler bolup biler.

Şol sebäpli oppozisiýadan garaşylýan zat täze ulgam doly işe başlaman, synagdan geçmän, geçmişiň islenmeýän ulgamyny yzyna getirme tagallasy däl, terjribe bilen bagly meselelerde duýduryş bermek we çözgüt tapmak.

Oppozision partiýalar parhyna barmadyk hem bolsalar, täze syýasy ulgam azyndan diskurslar taýdan hem olary özgerdýär. Millete ýokardan seredýän, oňa ýaşaýyş görnüşlerini mejbur edýän, yzgiderli häsýetde raýatlaryň egin-eşigine goşulyşan partiýalaryň millete döreden kynçylyklary däl, has oňyn wadalar bermeginiň esasy sebäplerinden biri özgeren syýasy ulgamdyr. Özgeren syýasy ulgamyň güýje girmänkä hem  saýlaw tapgyryna ýetiren täsirlerini gepleşigimiziň indiki sanynda analiz edeliň.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Dekany Prof. Dr. Kudret BÜLBÜLüň mesele boýunja synyny dykgatynyza ýetirdik.



Degişli Habarlar