Aktual Analiz 23

Türkiýäniň Munbiç meselesindäki pozisiýasy

Aktual Analiz 23

Soňky ýyllarda Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda birnäçe meselede dartgynlyk ýüze çykýar. Esasanda ABŞ-nyň FETÖ-niň agdarlyşyk synanşygyndan soň Pensilwaniýada ýerleşen lideri Fetullah Güleni yzyna bermezligi we PKK-nyň Siriýadaky şahasy bolan ÝPG-ni aç-açan goldap, hyzmatdaş yglan etmegi özara gatnaşylkara zeper ýetirýär. Türkiýäniň terror guramasy bilen göreş baradaky täze doktrinasyna laýyklykda guralan “Ýefrat Galkany” we “Zeýtun Şahajygy” operasiýalaryna goşmaça Astana tapgyrynyň çäginde Türk ýaragly güýçleriniň Idlibde açan 12 sany gözegçilik nokady Türkiýäniň sebitdäki pozisiýasyny güýçlendirdi. Türkiýäniň “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy bilen terror guramasy ÝPG-niň esasy bazalaryndan birini terrordan saplamagy Türkiýäniň Munbiç meselesindäki pozisiýasyny hasam berkitdi.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Munbiç Siriýadaky ynkylabyň ilkinji ýyllarynda Azat Siriýa goşuny tarapyndan alynýar, 2014-nji ýylda DAIŞ tarapyndan ele geçirilýär. 2016-njy ýylda bolsa ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky halkara hyzmatdaşlyk ÝPG-niň esasynda döreden Siriýanyň demokratik güýçleri bilen Munbiç etrabyna operasiýa başladýar. Türkiýäniň garşylygy we duýduryşlary netijesinde ABŞ türk tarapyna DAIŞ-iň etrapdan saplanmagyndan soň ÝPG partizanlarynyň Ýefrat derýasynyň gündogaryna çekiljekdigini we sebitiň ýerli arap güýçler tarapyndan gözegçilik ediljekdigini kepillendiripdi. Amerikaly ýolbaşçylaryň ÝPG-niň Munbiçden çekilendigi baradaky beýanatlaryna garamazdan ÝPG etrapdan gitmedi. Şeýle-de ABŞ-nyň Munbiç üçin döreden Munbiç harby geňşi ÝPG-niň hakynatutma guramasy hökmünde iş alyp barýar. Munbiç harby geňeşi resmi taýdan garaşsyz hem bolsa, PKK tarapyndan Munbiç etrabyna gönüden bellän Jemil Mazlum we Ismail Derik Harby geňeşi gönükdirýär. Üssesine etrapdan habar berýän köp sanly žurnalist PKK/ÝPG-niň etrapdaky mekdeplerde öz ideologiýasyny propogandirleýändigini mälim edýär.

Munbiç etraby üçin Türkiýäniň pozisiýasyny güýçlendirýän möhüm faktorlardan biri, ýerli halkyň ÝPG-den biynjalyk bolmagy. Şeýlelikde Munbiçdäki ÝPG zulumyndan gaçan müňlerçe adam “Ýefrat galkany” operasiýasy bilen azat edilen ýerlere ornaşdylar. Şeýlede Munbiçdäki taýpalar we ýerli halk ÝPG-niň ýaşlary zor bilen goşunyň hataryna almagy we olary gynamagyna garşy demonstrasiýalar geçirdi. Bikanun iş alyp barýan we jana kast etmeler bilen ÝPG partizanlaryny öldüren Al Kyýam hereketi Munbiçde döredildi.

“Zeýtun Şahajygy” operasiýasyndan soň Türkiýäniň Munbiç baradaky beýanatlary we gören taýarlyklary amerikaly ýolbaşçylar bilen türk resmileriniň arasynda diplomatik gepleşikleriň başlamagyna sebäp boldy. ABŞ-nyň ozalky döwlet Sekretary Reks Tillersonyň Türkiýä guran saparynyň çäginde Munbiç meselesi boýunça ylalaşmak we çözgüt tapmak üçin Türk-Amerikan bilelikdäki iş topary döredildi. Reks Tillersonyň wezipeden boşadylmagy sebäpli gepleşik tapgyry üznügen hem bolsa, Maýk Pompeonyň wezipä bellenmeginden soň gepleşikler dowam etdi. Türk we Amerikan iş toparynyň kesgitlän 3 tapgyrly iş meýilnamasy boýunça ylalaşyk gazanyldy.  Meýilnama laýyklykda ÝPG Munbiçden çykar, Türkiýe we ABŞ Munbiçiň gözegçiligini bilelikde amala aşyrar, Munbiçiň ýerli güýçleri tarapyndan täze dolanşyk dörediler.

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda Munbiç meselesinde ylalaşyk gazanylmagy NATO agza iki ýurduň arasyndaky dartgynlygy gowşatma we hyzmatdaşlygy güýçlendirme potensiýalyny özünde jemleýär. Emma birnäçe husus kesgitlenen meýilnama we özara gatnaşyklar üçin uly wehim emele getirýär. Meýilnama iş ýüzüne geçirilmän halatynda, ýagny ÝPG partizanlary Munbiçden çekilmeseler özara gatnaşyklar ýaňadandan dartgynlaşar. Şeýle-de iki ýurduň arasynda haýsy guramalaryň we kimleriň PKK/ÝPG bilen gatnaşykda bolandygy meselesi öz çözgüdine garaşýar. Mysal üçin Munbiç harby geňeşi ABŞ-nyň beýanatlaryndan doly garaşsyz bolsa, iş ýüzünde Kandil tarapyndan dolandyrylýar. Türkiýe üçin Munbiçdäki meýilnama nusgawy häsýete eýe bolmaly we ÝPG tarapyndan gözegçilik edilýän ähli ýerlerde iş ýüzüne geçirilmeli. ABŞ bolsa Munbiçde iş ýüzüne geçirilen meýilnamanyň Ýefrat derýasynyň gündogarynda-da iş ýüzüne geçirilmegine garşy durup biler.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen amerikaly kärdeşi Maýk Pompeonyň Munbiç meselesinde ylalaşmagy özara gatnaşyklar üçin uly pursat döredýän hem bolsa, meýilnamanyň iş ýüzüne geçirilmegi we Munbiçden soňky gatnaşyklar üçin hem synag bolar.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar