Türk daşary syýasatyna syn 27

Türkiýe bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dartgynlyk

Türk daşary syýasatyna syn 27

Birleşen Arap Emirlikleri soňky ýyllarda sebitleýin güýje öwrülmegi maksat edinýän syýasat alyp barýar. Beýleki tarapdan Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkiýäniň arasyndaky dartgynlyk dowam edýär. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda Birleşen Arap Emirlikleriniň sebitleýin amallary we Türkiýe bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dartgynlygy analiz ederis.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Birleşen Arap Emirlikleri soňky ýyllarda sebitlýin güýje öwrülmek üçin giň gerimli syýasat alyp barýar. Ýakyn Gündogar bilen Demirgazyk we Gündogar Afrikany öz içine alýan sebitleýin güýje öwrilmegi maksat edinýär. Birleşen Arap Emirlikleri şol maksadyna ýetmek üçin sebitde başan geçirilýän her bir waka diýen ýaly gönüden ýada aýlawly ýollardan goşulýar.

Birleşen Arap Emirlikleri dünýäniň nebit ätiýajy taýdan iň baý 6-njy ýurdy. Arap Ýarymadasynyň günbatarynda ýerleşýän ýurt gündogarda Oman, günortada Saud Arabystan bilen goňşy. Günbatarda Katar bilen, demirgazykda bolsa Eýran bilen deňiz serhedi bar. Birleşen Arap Emirlikleri 1971-nji ýylda gurulýar we  Abu Dabi, Dubai, Sharžah, Fužairah, Resül Haýme Umm Al Quwain we Ažman Emirlikleri ýaly 7 Emirlikden emele gelýär.

Birleşen Arap Emirlikleri şol 7 Emirligiň emele getirýän federassiýasy. Birleşen Arap Emirlikleriniň territoriasynyň we nebit önümçiliginiň 90 göterimi Abu Dabi Emirliginde. İkinji uly Emirlik bolsa Dubai.

 Birleşen Arap Emirlikleri birnäçe wagtdan bari Ýakyn Gündogardaky agdarlyşyklaryň, dartgynlyklaryň we içerki uruşlaryň esasy aktýory. Soňky ýyllarda pulyny we lobi güýjini Ýakyn Gündogardaky bölünşikler üçin sarp etdi.

Dünýäniň nebit ätiýajynyň % 10 göterimine eýe we nebit eksportunda dünýäde 7-nji orny eýeleýän Birleşen Arap Emirlikleri üçin Aýlag ýurtlarynyň energetika serişdeleriniň ynamdar ýagdaýda daşary ýurda akdyrylmagy möhüm. Dubai hem Ýakyn Gündogaryň söwda we maliýe pudagynda esasy merkez ýagdaýa geldi. Şol sebäpli hem Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky deňiz söwda ýollaryna we energetika gözegçilik etmek Birleşen Arap Emirlikleri üçin diýseň möhüm.

Birleşen Arap Emirlikleri syýasy taýdan bolsa ilkinji nobatda Arap dünýäsiniň içerki uruşlar bilen bölünen we Kair, Damask, Bagdat ýaly gadymy medeni merkezleriň güýçden gaçan döwründe emele gelen boşlugy doldurmak we täsiri güýçlenýän Türkiýe bilen Eýranyň öňüni almagy maksat edinýär.

İkinji syýasy maksady bolsa Ýakyn Gündogardaky üýtgedip gurmak tolkunyna ähli taraplaýyn garşy durmak we eger mümkin bolsa etaby yzyna öwürmek.

Birnäçe wagtdan bäri Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkiýäniň arasynda dartgynlygyň başdan geçirilýändigi syr däl. Birleşen Arap Emirlikleri Müsürdäki harby agdarlyşyga çenli Türkiýe üçin syýasy we söwda taýdan esasy hyzmatdaş hökmünde görünýärdi. Emma Müsürdäki agdarlyşykdan soň ýagdaý üýtgemäge başlady. 2013-nji ýylda başdan geçirlen Müsürdäki agdarlyşykda Türkiýe bilen Katardan daşary Birleşen Arap Emirliklerini öz içine alýan Arabystan blogy tapawutly syýasat alyp bardy. Türkiýe bilen Katar demokratik saýlaw arkaly häkimiýetiň başyna gelen Mursä goldaw berdi, beýleki blok bolsa Sisä maddy we ruhy taýdan goldaw bermegi saýlap aldy.

Türkiýe bilen Katar Müsürde saýlanan hökümetiň hukuklaryny goramaga çalyşdy. Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlary bolsa Sisä ykdysady taýdan uly goldaw berdi.

Birleşen Arap Emirlikleri şeýlelikde garaşylmadyk ýagdaýda syýasy manýowrlar bilen Müsüriň syýasy durmuşyna girdi. Saud Arabystany bilen birlikde beýleki Aýlag ýurtlary hem bu mesede Birleşen Arap Emirlikleriniň ýanynda ýer aldy.

Birleşen Arap Emirlikleri Türkiýäni sebiti gönükdirmek tagallalarynda bökdençlik hökmünde görýär. Balkanlardan Somala çenli birnäçe sebitde Türkiýe bilen bäsleşýär. Somalide ykdysady güýjini Türkiýe ýaly Somaliniň geljegi üçin däl eýsem Türkiýä garşy syýasy platformalaryň gurulmagy üçin ulanýar. Gezi seýilgähinde başdan geçirlen wakalardan 15-nji iýula çenli Türkiýäniň durnuklylygyny nyşana alan topar bar bolsa Birleşen Arap Emirliklerinden maddy taýdan goldaw aldy. Ýaňy ýakynda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkiýede 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda başdan geçirlen agdarlyşyk synanşyna Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýe goldawyny berendigi hakynda habarlar ýer aldy. Bu mesele wagtal-wagtal Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem ýer alýar.

Aýlag ýurtlarynyň başda durmagynda Arabystan Ýarym adasyndaky ýurtlar Eýran bilen şaýylyk we ýadro howpsyzlyk meselesinde uly dartgynlygy başdan geçirýär. Eýranyň Türkiýe bilen Katar bilen edýän gatnaşyklaryna alada bildirýärler. Katar bolsa başga mesele hökmünde Aýlag ýurtlarynyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär. Katar indi Eýran we Türkiýe bilen ýakyndan gatnaşyk edýär. Mundan başgada Müsürdäki Musulman doganlara goldaw berýär. Bu mesele Saud Arabystany bilen birlikde Birleşen Arap Emirliklerini hem aladalandyrýar. Birleşen Arap Emirlikleri Katar bilen Türkiýäniň bu meselede birlikde hereket edýändigi barada pikir edýär.

Türkiýäniň Eýran bilen ýakyndan gatnaşyk etmegi Birleşen Arap Emirliklerini biynjalyk edýär. Birleşen Arap Emirlikleri Eýran bilen hyzmatdaşlyk edilmeginden nägile. Türkiýäniň Katarda harby bazasynyň bolmagy hem Birleşen Arap Emirliklerini biynjalyk edýär. Elbetde Birleşen Arap Emirlikleriniň çemeleşmelerini näçe wagt dowam etdirjekdigini wagt görkezer.

Birleşen Arap Emirlikleri şol agresiwliginden ýüz öwürmezden Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň üpjün edilmegi beýle aňsat bolmasa gerek. Birleşen Arap Emirlikleriniň agresiwligi Saud Arabystany bilen birlikde ähli aktýorlara ýaramaz täsirini ýetirýär. Şol sebäpli hem Birleşen Arap Emirlikleri meselesi makul we jogapkär Ýakyn Gündogar ýurtlary tarapyndan çözülmeli.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.



Degişli Habarlar