Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 01

Türk Başlangyç we Esasy Tälim Uçaryny Öndüriş Taslamasy (HÜRKUŞ)

Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 01

Türkiýe soňky ýyllarda goranyş senagatynda edilen başlangyçlaryň oňyn netijelerini soňky harby operasiýalarda gördi. İçerde terror guramalaryna garşy göreşde, daşarda “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen başlan we “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy bilen dowam eden üstünlikli operasiýalarda ýerli hem-de milli goranyş enjamlary peýdalanyldy. Ýerli ýaraglar, Uçarmansyz howa ulaglary, Ýaragly, uçarmansyz howa ulaglary we operasiýanyň geçirilmegini üpjün eden abatlaýyş we bejeriş işleri bilen bütin dünýäniň ünsüni çekdi. Ozal goranyş senagatynda esasan daşary ýurtlara garaşly bolan Türkiýe, indi milli gämisini, milli radaryny, Uçarmansyz howa ulaglaryny, ýaragyny öndürýär we älem giňişligine hemrasyny uçurýar. Ýurtda goranyş senagatynda ýetilen sepgit goranyş senagaty pudagynda iş alyp barýan firmalar bilen harby kärhanalarda işleýänleriň tagallasyny we esasanda soňky 15 ýylda edilen başlangyçlaryň başarjaň liderlik bilen gönükdirilmeginiň netijesidir.

Nuri Demirag: “Ýeňiş bürgüdi uçaryň ganadynyň üssüne gondy”

Türkiýäniň goranyş senagatynyň taryhyna ser salanymyzda goranyş senagatyna çekilen zähmetlere we edilen pidakärliklere garamazdan ýolbaşçylardan ýeterlik goldaw alyp bilmedik pudaklardan biri. 1930-njy ýyllar. Şol ýyllaryň Türkiýesinde Diwrigi etrabyndan ýetişen belli telekeçi bolan Nuri Demiragyň ömür beýany ýerli-milli senagaty uzak ýyllaryň dowamynda näme sebäpden ösdürip bilmändigimizi görkezýär. Ýurdy demir ýollary tory bilen gurşandygy üçin “Demirag” familisiýasyny alýar. Ýurduň galkynmagy üçin onlarça taslamany iş ýüzüne geçirýär. 1939-njy ýylda uçar öndürýär, “Asman” mekdebini açyp, onlarça uçarman taýarlaýar. Nuri Demirag “Ýeňiş ýaragyň ujunda däl. Ýeňiş bürgidi ýaragyň ujundan uçdy, uçaryň ganadyna gondy” diýmek bilen, şol döwürde gök asmanda höküm sürmegiň nähili möhümdigini her pursatda gürrüň berýär. Diňe bir gürrüň bermek bilen hem çäklenmeýär. 1939-njy ýylda ýurduň gök-asmanda höküm sürmegi üçin uçar fabrigini açýar. 1939-njy ýylda ilkinji ýerli uçary öndürýär.

Emma onuň başdan geçirenleri aň-düşünjä sygmaz. Irki ýyllarda ýurtda elektrik energiýasyna bolan islegi kanagatlandyrmak üçin 1933-nji ýylda Keban bendi taslamasyny döwrüň Gurluşyk ministri Ali Çetinkaýa hödürleýärkä durçar bolan çemeleşmesi iň ýerliksiz bolýar. Ali Çetinkaýa döwrüň Garaşsyzlyk kazyýetinde işlän “Üç neberen” biridi. Demirag taslamasyny hödürlemäge başlamanka ministr; “Hawa Nuri beý, bent gurjakmyşsyňyz. Nahili gurmakçy, kim bilen gurmakçy, şeýle uly işiň hötdesinden nähli geljek? Diýeli gurduň, öndüren toguňy kime satjak? diýip, söze sowuklyk bilen başlaýar. İnženerleri bilen gelen Demirag taýarlyklydy. Çünki habarnamasynda ähli soraglaryň jogaby bardy. Emma ministriň diňlemek niýeti ýokdy. Demirag: “bu mesele ýurduň geljegidir” diýende, ministr tarapyndan sözi kesilýär. Ministr “Ýurduň geljegini pikir etmek saňa galdymy, biz pikir ederis” diýmek bilen Demiragy kowmakdan beter edýär. 1933-nji ýylda taslamasy düzülen Keban bendi, 1966-njy ýylda gün tertibine gelýär we gurluşygy 10 ýyl dowam edýär. Döwrüň diýdimzor ýolbaşçylary sebäpli möhüm taslamalardan biri 33 ýyl soň gurulmaga başlanýar.

Nuri Demirag 1939-njy ýylda Ilkinji Milli Uçarymyzy Öndürýär

1935-nji ýylda ýurda gerek bolan uçarlary almak üçin kampaniýa guralýar. 10 müň liradan ýokary kömek edenleriň atlary uçarlara dakylýardy. Nuri Demirag bolsa pul kömegini bermegiň ýerine ähli baýlygyny milli uçar öndürmek üçin sarp etmek netijesine gelýär. Şol güne çenli gazanan puluny “milletiň amanady” hökmünde kabul edýärdi. “Ýewropadan, Amerikadan lisenziýa alyp, uçar öndürmegi” kopiýaçylyk hökmünde kabul edýändigi üçin dolulygyna “türk usuly” uçar öndürmek üçin işe girişýär. 1936-njy ýylda Beşiktaşda fabrigin gurluşygyna badalga berýär. Diwrigi etrabynda guruljak fabrik bilen häzirki Ýeşilköý Atatürk howa menziliniň ýerleşýän ýerinde uçarlara howa menziliniň gurulmagy üçin taýarlyklara başlaýar.

1937-nji ýylda Türk awiasiýa guramasynyň yglan eden 10 sany tälim uçary bilen 65 sany planer tenderinde üstün çykan Demirag we egindeşleri gije-gündiz işleýär. Atatürkiň 1938-nji ýylda aradan çykmagy sebäpli ýurtda syýasy çekeleşikler başlaýar. 1939-njy ýylda uçarlar ähli tehniki şertleri berjaý edýändigine we Türk awiasiýa guramasynyň oňyn habarnamasyna garamazdan kabul edilmeýär. Uçarlardan biri Eskişehirde gonalganyň darlygy sebäpli ekin meýdanyna gonandygy üçin heläkçilige sezewar boldy. Türk awiasiýa guramasynyň resmileri heläkçiligiň tehniki sebäplerden ýüze çykandygy sebäpli uçarlary almady. Demirag döwrüň ähli ýylbaşçylaryna ençeme hat ýazandygyna, kazyýete ýüz tutandygyna garamazdan netije alyp bilmeýär. Ýurduň geljegine uly goşant goşjak taslamalardan ýene-de biri syýasy çekeleşiklere we diýdimzorlyklara gurban edildi.

Türk Başlangyç we Esasy Tälim Uçaryny Öndüriş Taslamasy (HÜRKUŞ)

Şu günki günde bolsa ýurdy dolandyrýan liderleriň goşandy we degişli guramalaryň goldawy netijesinde köp sanly goranyş taslamasy iş ýüzüne geçirilýär. HÜRKUŞ-yň prototip önümçiligi tamamlandy. Şeýlede taýarlyklary dowam edýän milli uçarymyzyň 2023-nji ýylda uçurylmagy meýilleşdirilýär. Ýewropanyň raýat awiasiýasy guramasyndan tip şahadatnamasyny alan ilkinji türk uçary HÜRKUŞ-dan 2 sany prototip uçar öndürildi. HÜRKUŞ raýat we harby awiasiýanyň ösen döwrebap uçar islegine laýyklykda dolulygyna özbaşdak görnüşde dizaýn edildi. Şeýle-de HÜRKUŞ-J atlandyrylan görnüşiniň ýaraglandyryş işleri dowam edýär.

Milli Harby Uçar Taslamasy

Milli harby uçar taslamasy bilen Harby howa güýçleri serkerdeliginiň 2030-njy ýyllardan soňky harby uçar islegi ýurduň içinde özbaşdak dizaýn modeli bilen kanagatlandyrylar. Ýerli senagat önümlerini giňden peýdalanýan ýurdumyzda özboluşly dizaýn taýarlyklary dowam edýär. Taýarlyklary dowam edýän möhüm taslamada ilkinji uçuşyň 2023-nji ýylda amala aşyrylmagy meýlleşdirilýär.

F-35 Bilelikdäki Hüjüm Uçary Taslamasy

Döwrebap harby uçar F-35 bir uçarmanly, bir hereketlendirijili, köp maksatly, az görünme özboluşlygyna eýe harby uçaryň dizaýny we önümçiligi ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmeginde halkara konsorsiumy tarapyndan amala aşyrylýar. Türkiýäniň degişli bolan taslamasynda 100 sany uçar aluwy bilen ünsleri çekýär. Türkiýe maksatnamada şärik bolan taslamasynyň çäginde ilkinji uçaryny 21-nji iýunda Tehas-Fort Wertda geçirilen dabarada kabul edip aldy. Häzirki wagtda türk uçarmanlary ABŞ-da tälim almaga başladylar.

Türkiýe F-35-leriň Ýewropadaky göwre we hereketlendiri, esasy abatlaýyş hem-de bejeriş bazasy bolar. F-35 uçarlarynyň iň çylşyrymly konstruktiw bölümlerinden biri bolan “Ortaky korpusy” ABŞ-dan daşgary diňe Türkiýede öndürilýär. Şeýle-de F-35 A/B/J Kompozit komponentler, F-35 A-nyň aşakky metaliki korpusy we howa sorujysy bilen F-35 A/B/J Howa-ýerden daşgary ýük gatnadýan-Paýlon önümçiligi ýurdumyzda amala aşyrylýar. Ýokary gönükdiriji koplektiniň weTÜBITAK SAGE-niň dizaýn edip, Roketsan tarapyndan öndürilen SOM-J-leriň F-35-e utgaşdyryş işleri hem Türkiýe tarapyndan amala aşyrylýar.

Döwletiň arkasynda duran taslamalary durmuşa geçýän bolsa, geçmişde döwletiň bökdençlik döreden taslamalary başa barmady. Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda iş ýüzüne geçirilen taslamalary gürrüň bermäge dowam ederis.



Degişli Habarlar