Türk daşary syýsatyna syn 28

Türkiýede geçirlen saýlaw we saýlawyň Türk daşary syýasatyna ýetirjek täsirlerini analiz etmekçi

Türk daşary syýsatyna syn 28

 

Türkiýede 24-nji iýunda prezident we parlament saýlawy geçirildi. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda Türkiýede geçirlen saýlaw we saýlawyň Türk daşary syýasatyna ýetirjek täsirlerini analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe Respublikasynda 24-nji iýunda prezident we parlament saýlawy geçirildi. Dünýä ýurtlary saýlaw bilen ýakyndan gyzyklandy. Bu ýagdaý hem Türkiýäniň sebitara we halkara derejesinde gün saýyn artýan roluna uly ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Prezident saýlawynda R. T. Erdogan, partlament saýlawynda hem Adalat we ösüş partiýasy bilen Milletçi hereket partiýasynyň döreden Jemhur Arkalaşygy üstünlik gazandy. Saýlawa bolan  ýokary gatnaşyk ünsleri özüne çekdi. Gatnaşygyň ýokary bolmagy türk demokratiýasynyň ýeten sepgidini we hökümetiň alyp barýan syýasatyna halkyň goldaw berýändigini görkezýär.

Saýlaw etabynda ünsden düşürlen daşary syýasat saýlawdan soň ýaňadandan hereketlenmäge başlady. Saýlawdan soň daşary syýasatda hem täze döwre gadam basylandygyny aýtmak mümkin. Saýlawdan soň Türkiýäniň gün tertibinde iki mesele esasy orun eýeleýär. Biri daşary syýasat beýlekisi bolsa daşary syýasat bilen arabaglanşykly bolan terrora garşy göreş meselesi.

Geljekde ÝB-niň başda durmagynda Günbatarly ýurtlar Türkiýe bilen edýän gatnaşyklarynda täze sahypa açmak isläp biler. Öňümizdäki 6 aý ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirjek Awstriýa döwründe gysga möhletde uly işleriň durmuşa geçiriljekdigine garaşmaýaryn. Emma Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň az hem bolsa ösmäge başlandygyny görüp bileris. Bosgunlar meselesi henizem çözülmedi we ÝB-niň Türkiýesiz bu meseläni çözmegi gaty kyn.

Türkiýe-Amerika gatnaşyklaryna soňky 2-3 ýyla seredilende uly ähmiýet berler, sebäbi ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär.

Türkiýe-Amerika gatnaşyklary içerki we daşarky howpsyzlykdan daşary syýasata, ykdysadyýetden maliýe pudagyna, jegmyýetçilik diplomatiýasyndan hukuga çenli birnäçe ugry öz içine alýar. ABŞ bilen başdan geçirilýän kynçylyklar Türkiýäniň üçinji taraplar bilen ýagny başga ýurtlar, NATO we ÝB ýaly halkara guramalar we hususy firmalar bilen edilýän gatnaşyklara hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Elbetde şol kynçylyklar ABŞ-na hem ýaramaz täsirini ýetirýär we ýetirmäge dowam eder.

Amerika-Türkiýe gatnaşyklary uly krizisi başdan geçirýär. S-400 howadan goranyş ulgamy meselesi şol krizisiň esasy simwollaryndan biri.  ABŞ S-400-ler meselesinde Türkiýäniň kararyndan ýüz öwürmegini isleýär. Esasy meselese S-400-ler meselesinde Türkiýä garşy alyp barjak strategiýasy bilen arabaglanşykly. Türkiýäniň kararyndan ýüz öwürmegi üçin alnyp baryljak strategiýa heniz näbelli. Türkiýä garşy sanskiýa hem goýlup bilner. Emma  Türkiýä garşy berk sanksiýa goýulmagy Amerikan hökümeti üçin hem bähbitli bolmaz. Sanskiýalar howpsyzlyk taýdan Türkiýäniň işini kynlaşdyrsada netije bermez, tersine Türkiýäni Günbatar dünýäsinden çetleşmegiň bosagasyna çenli getirip biler.

Prezident Erdogan saýlawdan soň eden çykyşlarynda terrora garşy göreşe uly ähmiýet berjekdiklerini we terrora garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini nygtady.

Türkiýäniň terror meselesi ünsleri özüne çekmäge dowam edýär. Halkara, sebitara we içerki wakalar hem terror meselesinde uly rol oýnaýar. Täze döwürde hem terror meselesi gün tertibinde esasy orun eýelemäge dowam eder.

Türkiýäniň daş-töweregindäki hyzmatdaşlyklar Siriýa, Yrak we Eýran bilen arabaglanşykly täze wakalara ünsi çekýär.

Öňümizdäki etapda Türk daşary syýasatynda şu aşakdaky 3 ugur esasy orun eýeläp biler.

-Döwrebap: Dünýäde başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýan we pro-aktiw syýasat alyp barýan Türkiýe.

-Milliýetçi: Daşary syýasatda türk halkynyň we Türk dünýäsiniň esaslaryny nazarda tutýan, Orta Aziýa ýurtlary bilen edýän gatnaşyklaryny has-da pugtalandyran Türkiýe.

Konserwatiw: ähli ezir çekýän milletler we musulman jemgyýetleri bilen edýän gatnaşyklaryny güýçlendiren Türkiýe.

Beýleki tarapdan türk halky bu saýlawda Prezident Erdoganyň Türkiýe Respublikasynyň ikinji taryhy özgerlişini amala aşyrmagy üçin ses berdi. Prezident Erdogan Parlamentlar ulgamdan prezident dolanşygy ulgamynda geljek 5 ýylda ýurdy gönükdirer. Elbetde  bu diýseň jogapkärçilikli wezipe. Täze ulgama geçiş bilen güýçlenen Türkiýe şeýlelikde daşary syýasatly has tasirli syýasat alyp barmak mümkinçilige eýe bolýar.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar