Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 02

Türkiýäniň Milli gämisi-MILGEM

Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 02

Ýurdumyzyň iň möhüm taslamalaryndan biri bolan Deňiz asty goranyş, harby gözleg-agtaryş we gözegçilik gämisi MILGEM taslamasy ýerli mümkinçilikler bilen Stambul gämi gurluşyk ussahanasynda öndürildi. Taslamanyň çäginde häzirki wagta çenli Türkiýe üçin zerur bolan 4 milli gämi öndürildi. Mundan başgada Pakistanyň harby flotynyň 4 gämilik tenderini gazanyldy.

Türk Harb-Iş kärdeşler arkalaşygynyň Bilim bölüminiň müdüri Tarkan Zenginiň şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny dykgatyňyza ýetirýäris.  

Ýurdumyzyň iň möhüm taslamalaryndan biri bolan Deňiz asty goranyş, harby gözleg-agtaryş we gözegçilik gämisi MILGEM taslamasy ýerli mümkinçilikler bilen Stambuldaky harby gämi gurluşyk ussahanasynda öndürildi. Taslama başlanyndan soň, wagtal-wagtal käbir bökdençlikler ýbaşdan geçirildi. Türkiýede şol çäkde öndürilmek islenýän milli goranyş pudagynyň önümleri bilen baglanşykly böwetler bu ýerde hem ýüze çykdy. Muňa garamazdan taslama durmuşa geçirilmäge dowam edýär. Stambul gämi gurluşyk ussahanasynda alynyp barylýan taslamadan şol wagt ýurdyň premýer ministri wezipesinde işlän Rejep Taýýip Erdoganyň habary bolýar. Şol wagt ýurdyň premýer ministri wezipesinde işlän Rejep Taýýip Erdogan taslamany durmuşa geçirýän serkerdelere MILGEM taslamasy üçin: “Näme gerek bolsa ediň, men arkaňyzdadyryn” diýip belleýär. Bu berilen söz we berilen goldawlar bilen şu günki gün 4-nji gämimizi deňize goýberdik. Ondan başgada Pakistana 4 gämi gurup bermek bilen bagly şertnama gol çekildi.

Taslamanyň çäginde ilkinji gämimiz bolan TCG HEÝBELIADA (F-511) 2011-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda, 2-nji gämi TCG BÜÝÜKADA (F-512) 2013-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda deňize goýberildi we Türkiýäniň Deňiz güýçleri serkerdeliginiň çägine berildi. 3-nji gämi TCG BURGAZADA (F-513) 2016-njy ýylyň 18-nji iýunynda, 4-nji gämi bolsa TCG KINALIADA (F-514)  2017-nji ýylyň 3-nji iýulynda deňize goýberilip, häzirki wagtda gämileriň enjamlaşdyrylyşy dowam edýär.

MILGEM korweti suwasty partlamalara çydamly ýagdaýda guruldy. Gämi hiç hili logistiki goldaw bolmadan 10 günüň dowamynda deňizde galyp bilmek mümkinçiligine eýe. Gämi tehnologik özgertmelere pararlel ýagdaýda çeýe we çalt öwrenişýän konfigurasiýa eýe. Mundan başgada 10 tonnalyk dikuçaryň gije we gündiz gonmak we uçmak aýratynlygyna eýe.

MILGEM korweti suwüsti, suwasty goranyş, howa goranyş, gözleg-agtaryş, asimmetrik howplara garşy goranyş we dolandyryş-kontrol wezipelerini ýerine ýetirmek mümkinçiliklerine eýe. Bu aýratynlyklar bilen gämi dünýäde iň döwrebap harby gämileriň biridir.

MILGEM köp sanda aýratynlyga we ulgama eýedir. Şol çäkde özüne berilip bilinjek wezipäni üstünlikli ýagdaýda ýerine ýetirip bilmek maksady bilen:

Howa, suwüsti, suwasty we elektronik maksatly nyşanany gözleýän we gözegçilik edýän döwrebap ulgamlara,

Suwyň üstündäki nyşanalara garşy ulanlmak üçin dolandyrylýan ok we top ulgamlaryna,

Howadaky nyşanalara garşy ulanylmak üçin dolandyrylýan ok we top ulgamlaryna,

Suwasty nyşanalara garşy ulnylmak üçin torpeda ulgamlaryna,

Elektronik goldaw we Lazer duýduryş sistemi bilen RF/Lazer radaryna we G/M-leri anyklamak mümkinçiligine,

Döwrebap tehnologiýa söweş ulgamlaryna,

Ähli bu zatlaryň integrasiýasyny üpjün edýän Milli komandowaniýa we atyş gözegçilik ulgamlaryna eýedir.

Goranyş senagaty müdüriýetiniň we Deňiz güýçleri serkerdeliginiň milli mümkinçilikleri dolulygyna ulanylýan Milli gämi MILGEM taslamasy bilen Türkiýede ilkinji gezek döwrebap tehnologiýa bap gelýän, ýokary ülňülere gabat gelýän, doly enjamlaşdyrylan suwüsti harby gäminiň dizaýny we integrasiýasy, ýerli senagatyň goldawy bilen milli mümkinçilikler bilen durmuşa geçirildi. MILGEM Stambul gämi gurluşyk ussahanasynda, döwlete degişli ýerde, döwlet işgärleriniň, ofiserleriň we straşinalaryň elleri bilen ýerli mümkinçilikler bilen göndürildi. Türkiýe milli gämi önümçiliginde görkezen netijeliliginiň saýasynda indi milli önümini başga ýurtlara satmaga başlady.

Pakistanyň Harby flodyna gerek bolan 4 korwetiň tenderi 2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda netijelendi we tenderi Türkiýe gazandy. Bu tender Türkiýäniň Goranmak senagatynda şu günki güne çenli bir saparda 5 milliard dollarlyk gymmady bilen iň ýokary mukdarly eksport hökmünde bellige alyndy. Tenderiň çäginde ýerli önümler ulanylyp, dört harby gämi gurular. Korwetleriň ikisi Milli Goranmak ministrliginiň çägindäki Stambul gämi gurluşyk serkerdeliginde, beýleki iki gämi bolsa Pakistanyň Karaçi şäherinde gurular.

Türkiýe özi üçin zerur bolan milli gämileri göndürýärkä, beýleki tarapdan öndürýän milli gämilerini başga ýurtlara satmaga başlady. Munyň diňe ykdysady goşantlary däl, eýsem köptaraplaýyn goşantlary bar.

Türk Harb-Iş kärdeşler arkalaşygynyň Bilim bölüminiň müdüri Tarkan Zenginiň şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny dykgatyňyza ýetirdik.  


Etiketkalar: Türkiýe , gämi , milli , MILGEM

Degişli Habarlar