Global Perspektiwa 31 Günbatar Boýunça Eýelenmeli Üç Görnüşli Pozisiýa

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Global Perspektiwa 31  Günbatar Boýunça Eýelenmeli Üç Görnüşli Pozisiýa

 

Günbatar Boýunça Eýelenmeli Üç Görnüşli Pozisiýa

Soňky 200 ýyla ser salanymyzda Osman döwletiniň soňky ýyllarynda, Respublika döwründe ýaşap geçen we döwrebap pikirzadalaryň esasy diskussiýalaryndan biri günbatar boýunça eýelenmeli pozisiýa bilen bagly. Ynkybalap, günbatar medeniýeti, Ýewropa Bileleşigi we soňky döwürde bolsa globallaşma bilen bagly tapawutly adalgalar bilen dowam etdirilýän diskussiýa esasan günbatar boýunça eýelejek pozisiýamyz baradaky esasy diskussiýanyň dowamydyr.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Osman döwletiniň soňky döwürlerindäki pikirzadalarynyň günbatary günbatar medeniýeti boýunça esasan üç sany tapawutly garaýyşa eýedigini aýdyp bileris. Boýun egmek hökmünde atlandyrylýan ilkinji çemeleşmäniň iň bir adaty mysaly döwrüň “Ijtihad” žurnalynyň eýesi we ýazyjy Abdullah Jewdediň çemeleşmesi. Jewdediň pikiriçe ýekeje medeniýet bar. Ol hem günbatar medeniýeti. Günbatar medeniýeti dikeni we güli bilen ykrar edilmeli. Eger şeýle bolman halatynda, ýok bolup gitmek gutulgysyz.

Ikinji çemeleşme bolsa, ret ediji çemeleşme. Sözüň doly manysynda reaksionerlik bilen günbatar bilen bagly ähli zada garşy durýan, günbatary hamala diýersiňiz ähli erbetlikleriň gözbaşy hökmünde kabul edýän çemeleşme.

Üçünji çemeleşme bolsa sagdyn pikirli ýa-da ynamly çemeleşme hökmünde atlandyrylýar. Bu çemeleşmede günbataryň imperialist tagallalary ünsden düşürilmeýär. Şonuň bilen birlikde boýun egijiligiň we ret edijiligiň arasynda sagdyn pikirli pozisiýa eýelemek mümkin. Günbatara bolan gahar-gazabymyzyň günbataryň gowy taraplaryny we öz ýaramazlyklarymyzy görmegimize päsgel bermegi islenýär. Bu çemeleşmäniň iň konkret mysaly 1-nji Jahan urşy ýyllarynda Osman döwletiniň baş weziri Halim Paşadyr. Baş weziriň pikiriçe başdan geçirilen wakalara garamazdan gündogar we günbatar bilelikde, agzybir ýaşamaly. Gündogar bilen günbataryň arasyndaky garşydaşlyklarda diňe bir günbataryň günäkär bolmandygyny, gündogaryň hem ýeterlik günäleriniň bardygyny beýan edýär. Baş wezir “Taassub” atly kitaby ýazmagyndan esasy maksadyň bu iki jemgyýetiň arasyndaky öýke-kinäni we duşmançylygy güýçlendirmek däl, eýsem agzybir, arkalaşykly ýaşamaklarynyň öňündäki ýalňyş düşünjeleriň ortadan aýrylmagyndan ybaratdygyny beýan edipdir.

 

Ýalňyş pozisiýa eýelemek we onuň netijeleri

Bu diskussiýa taryhda galan diskussiýa däl. Şu günki günde belki has güýçli. Globallaşma tapgyrlary bilen gündogaryň, günbataryň, demirgazygyň, günortanyň geografik we terminologik manyda nireden başlap, nirede gutarýandygy indi ozalkysy ýaly kesgitli däl. Dünýä indi has çylşyrymly. Dünýäden üzňe, öz medeni çäklerinde galmagyň hötdesinden gelmek has-da kynlaşdy.

Şu günki günde günbatarda millionlarça bosgun we musulman ýaşaýar. Geografik taýdan günbataryň daşynda ýaşaýan jemgyýetleriň günbatar görä pozisiýa eýelemek ugrundaky tagallalaryny bir gyra goýup, şu nukdaý nazardan syn etmek mümkin. Diskussiýany günbatarda ýaşaýan jemgyýetler boýunça dowam etdirmek bolar. Çünki günbatar halklarynyň içinde ýaşaýan bosgunlar we musulmanlar arkaly meselä has takyk göz ýetirmek mümkin, ýalňyş pozisiýa eýelemeleriň agyr, ýumrujy we ýok ediji netijeleri has ýerlikli seljeriler. Beýleki tarapdan günbatardan daşarda ýaşaýan jemgyýetleriň günbatara görä pozisiýa eýelemekleri hem beýan edilen üç çemeleşlmäniň daşynda däl.

Şu günki günde günbatarda ýaşaýan bosgunlaryň we musulmanlaryň arasynda, Osman döwründäki intelligentleriň arasynda-da görülen boýun egiji we ret ediji çemeleşmäniň diýseň giňden ýaýrandygyny aýdyp bileris. Eýe bolan ýeňiliş psihikasy bilen adamlar boýun egiji ýa-da ret ediji radikallyga eýe bolýarlar.

Awstraliýa, Kanada we ABŞ ýaly ýurtlarda tapawutly şahsyýetler we medeniýetlere degişli adamlar beýleki ýerlere görä has erkin ýaşaýar. Şonuň netijesinde-de şol ýurtlarda ýaşaýan bosgunlar we musulmanlar, ýaşaýan jemgyýetlerine has mylaýym we utgaşykly çemeleşýärler. Belkem şol sebäpli has gysga möhletde utgaşýarlar. Ýewropada bolsa ýurtlaryň has basyş ediji, assimilirleýiji syýasatlary sebäpli boýun egiji we ret ediji çemeleşmeler ýaýbaňlanýar. Şol ýurtlarda bosgunlar eýe bolan medeniýetleri we dini ynançlary bilen ýaşaýan jemgyýetiniň gymmatlary hem-de degişli döwletleriň gysyjy çemeleşmeleriniň arasynda galan halatynda boýun egiji ýa-da ret ediji pozisiýa eýelemeli bolýarlar.

Ret edijilik taýdan öz medeniýeti bilen gelen günbatar ýurdunda ykrar edilmeýän ýa-da özüni beýan edip bilmeýän gatlaklar ýaşaýan jemgyýetleriniň ähli gymmatlyklaryny, guramalaryny dolulygyna ret edýän garaýyşa eýe bolýarlar. Şeýle radikallyga eýe bolan gatlaklar birnäçe wagt soň ýaşaýan jemgyýetlerinden doly üzňeleşýärler. Şol gatlaklar birnäçe möhletden soň terror guramalarynyň arkaýynlyk bilen şert tapýan gatlaklaryna öwrülýärler. Şol sebäpli Owganystan, Yrak, Liwiýa ýaly günbatar tarapyndan basylyp alynan ýurtlardan daşgary  DAIŞ ýaly terror guramalaryna bolan iň ýokary gatnaşyk günbatar ýurtlaryndan amala aşýar. Ähli zada garşy durýan, ähli zady ret edýän psihiki çökgünlikde günbatardaky şol gatlaklar üçin terror guramalary azatlyk ýaly görünýär. Emma şol ýaşlar iňlis, fransuz, nemes dillerini bilýärler. Käbirleri gowy ýokary bilimli. Gelen ýurtlarynyň medeniýetlerini we dillerini bilýärler. Dogry pozisiýa eýelemegiň hötdesinden gelen halatynda günbatarda gelen ýurtlaryna uly goşant goşup biljekdigine garamazdan, ýalňyşlyklar sebäpli terror guramalarynyň toruna düşýärler. Ret edijiliň ýok bolmakdan daşgary hem şol psihika eýe bolan adamlar we hem ýaşaýan jemgyýetleri üçin hiç hili geljekleri ýok. Şol sebäpli ret ediji çemeleşmne plýuralizmi howp hökmünde kabul edýän plýuralist däl gatlaklar we günbataryň käbir howpsyzlyk gulluklary tarapyndan hem goldaw tapýarlar. Şol gulluklar ret ediji gatlaklaryň we garaýyşlaryň musulman ýurtlara ugradylmagy ugrunda tagalla edýärler.

Ret edijilige doly ters gelýän görnüşde günbatarda ýaşaýan bosgunlar beýleki bir ýalňyş pozisiýa bolan boýun egiji çemeleşmäge eýe bolýarlar. Boýun egiji çemeleşmäniň kabul edilmeginde ýaşaýan jemgyýetleriniň, döwletiň başga çykalga goýmazlygynyň hem täsiri uly. Boýun egiji çemeleşmä eýe bolanlar geçmişde eýe bolan gymmatlyklaryny, dini ynançlaryny, medeniýetlerini dolulygyna bir gyra goýup, assimiliýasiýa bolýarlar. Boýun egiji gatlaklar hem özboluşlyklaryny dolulygyna bir goýandyklary üçin ýaşaýan jemgyýetine goşant goşma potensiallary galmaýar. Boýun egiji gatlaklar ýaşaýan jemgyýetlerine ýaranjaňlyk etmek, özlerinden şeýle zada garaşylýandygy düşünjesi bilen ýa-da gelejek aladasy bilen öz medeniýetlerini we gelen ýurtlaryny yzgiderli kemsitme naýynjarlygy bilen hereket edýär. Bu çemeleşme aslyna seredilende haýsydyr bir özleşdirilip bilinmeýän çemeleşmäniň her bir wakada ýaňadandan ýüze çykarylma tagallasynyň netijesi bolup biler. Ýewropadaky bosgunlaryň arsyndan çykyp, assimilirlenen käbir gatlaklaryň kemala gelen jemgyýetine, medeniýetine we ýurduna garşy aşa realsiýasy bildirmeginiň näme sebäbi bolup biler eýsem? Bu radikal çemeleşmä bosgunlaryň öz arasyndan çykanlar tarapyndan kemsidilmegine, ýaşan ýurtlarynyň ýolbaşçylary tarapyndan goldaw berilen halatynda ol, ýaşalan ýurt bilen bosgunlaryň we gelinen ýurduň arasyndaky gatnaşygyň has-da dartgynlaşmagyna sebäp bolup biler.

Sagdyn pikirli pozisiýa nämeleri getirer? Gepleşigimiziň indiki sanynda dowam ederis.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar