Global Perspektiwa 32 Ewangelizm: Taňryny Kyýamata, Adamzady Apada Alyp Gitmek

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Global Perspektiwa 32 Ewangelizm: Taňryny Kyýamata, Adamzady  Apada Alyp Gitmek

 

Soňky döwürde Türkiýäniň syýasatynda we FETÖ-niň goýup giden öldüriji miras sebäpli hem din-döwlet gatnaşyklaryny giňden diskussiýa edýäris. Köplenç ýaşaýan ýurtlarymyzdaky faktorlaryň diňe bize degişlidigini pikir edip, gynanýarys. ABŞ-nyň ruhany Brunson sebäpli Türkiýe baradaky sanksiýa karary onuň şeýle bolmandygyny ýene-de bir gezek görkezdi.

Türkiýäniň  halk köpçüligi 15-nji iýuldan soňky özüne gönükdirilen günäkärlemelerden ozal onlarça ýyllap Türkiýede missionerlik işlerini alyp baran Brunsondan habarlam däldi. PKK we FETÖ goldaw bermekde günäkärlenýän ruhany Brunsonyň tussag edilmegi sebäpli ABŞ-nyň Türkiýä garşy sanksiýa goýmak baradaky karary ABŞ-daky din-döwlet gatnaşyklary barada pikirlenmegimize sebäp boldy. ABŞ tarapyndan din azatlygy taýdan seljerilýän hem bolsa, bu waka ABŞ-daky din-döwlet gatnaşygyklarymyza ýaňadandan ser salmagy mejbury ýagdaýa getirýär. Sebäbi meýillere, başga ýurtlaryň özygtyýarlygyna äsgermezçilik edýän beýanatlara başgaça düşünmek mümkin däl.

Bir döwletde din-döwlet gatnaşyklarynyň utgaşykly bolmagy tankytlanjak zat däl. Tersine ol dini azatlyklar taýdan diýseň oňyn bolup biler. Şeýlelikde Ýewropadaky giotinlerden, dini radikallardan gaçanlar tarapyndan gurlan ABŞ, ýakyn geçmişe çenli dini azatlyklaryň has erkin bolan ýurdy hökmünde kabul edilýärdi.

Din-döwlet gatnaşyklarynyň utgaşykly bolmagyndan daşgary, döwletiň din döwleti bolmagy hem tankyt ediljek zat bolman biler. tapawutlyklara hoşniýetli çemeleşmek, dini plýuralist garaýyş bilen analiz edýän din döwleti, azatlyklar we adam hukuklary taýdan bökdençlik döretmez. Hat-da şeýle bolan halatynda döwletleriň imperialist tagallalaryny bökdär. Dini esaslar bilen dolandyrylan Osman döwleti onuň anyk mysalyny emele getirýär.

Garşy durulmaly zat dinleriň döwletler bilen, başlangyç hak we azatlyklar taýdan utgaşykly gatnaşykda bolmagy däl, döwletiň dini öz imperial bähbitlerine laýyklykda serişdä öwürmegi. Tersine-de, ýagny diniň haýsydyr bir döwleti haýsydyr bir ýörelge, gymmatlyk, çäklendirme bolmazdan öz imperial bähbitlerine laýyklykda serişdä öwürmegine-de garşy durulmaly. Din-döwlet gatnaşyklarynyň iň  bir ýalňyş praktikasyna, din döwleti bolan Ysraýyly ýa-da döwlet dini bolan Sionizmi mysal getirip bileris. Asyrlardan bäri bilelikde ýaşan musulmanlar, hristiýanlar we ýehudiler Ysraýyl dolanşygynda agzala boldy.

ABŞ-na dolanyp gelenimizde bolsa Enangelik bolan Brunsonyň we Türkiýä sanksiýa goýmak üçin bar güýji bilen tagalla edýän ABŞ-nyň Wise-prezidenti Maýk Pensiň şol bir dini topara agzadygy beýan edilýär. Amerikan jemgyýetinde, syýasatynda, býurokratiýasynda Ewangelistleriň täsiriniň güýçlüdigi, ABŞ-da 90 million Ewangelistiň bardygy, ozalky prezidentlerden Reýgeniň we ogul Buşyň hem Ewangelistdigi beýan edilýär. Şeýlelikde ýene-de bir gezek Brunson wakasynyň Türkiýe däl, ABŞ we Ewangelizm bilen baglydygy görülýär.

Eýsem Ewangelizm nämekä?

Bu barada aýdylmaly ilkinji zat, Ewangelizmiň Prowaslaw ýa-da Katolik däl, Protestanlyga degişli messep ýa-da tarikat bolandygy. 19-njy asyrda tapawutlanmaga başlandygy beýan edilýär. Ewangelizmiň manysy “mukaddes kitaba gönükmek” diýmekligi aňladýar. Mukaddes kitap diýlende diňe hristiýanlar üçin mukaddes bolan İnjil däl, şol bir wagtda ýehudiler üçin hem mukaddes bolan Ahit. Ýaňadandan seljerilen protestan garaýyşa göra dünýäniň soňunda hristiýanlyk bütin dünýäde höküm sürer we soň kyýamat geler. Emma ol adaty şertlerde uzak dowam edip biler. Ewangelistleriň pikiriçe şol sebäpli tapgyryň depgini ýokarlandyrylmaly. Beýleki hristiýanlardan tapawutlanýan tarapy ýehudileriň saýlanan millet bolandygy we özlerine wada berilen ýerleriň hem şolara degişlidigi hem-de şol ýerleri almaklary üçin hristiýanlaryň olara hökmany suratda goldaw bermekleriniň gerekdigi.

Şu hepde TRT-niň Türkiýäniň Sesi Radiosyndaky “Jahanyň gözi” atly gepleşigime myhman bolan Dosent Özjan Güngöriň beýan edişi ýaly Ewangelizmiň bütin dünýäde höküm sürmegi üçin ýedi tapgyr bilen möhlet gysgaldylmaly.

Birinji tapgyrda ýehudiler Palestina degişli ýerlere dolanyp bararlar. Bu tapgyr esasan amala aşdy.

Ikinji tapgyr, Türkiýäni hem öz içine alýan Beýik Ysraýylyň gurulmagy. ABŞ-nyň Ýakyn GÜndogarda Ysraýyly şertsiz goldamagynyň, bütin dünýä garşy durmagyna, BMG-da tas ýeke galandygyna garamazdan İýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmeginiň sebäbi käbirleriniň pikiriçe Ewangelizmiň Amerikan syýasatyndaky pozisiýasyndan gelip çykýar. Hakykatdan hem bu başlangyçlary rasional hakykata esaslandyrmak mümkin däl ýaly.

Üçünji tapgyr İnjiliň ýüzlenmesiniň bütin dünýä ýetirilmegi. Ruhany Brunson 10 ýyldan gowrak wagt bäri Türkiýede şol maksada laýyklykda işleýän bolsa gerek. Emma diňe bir Türkiýede däl, musulman ýurtlaryň başda durmagynda köp sanly ý urtda Ewangelist missionerleriň iş alyp barýandygy we esasanda Afrikada millionlarça adamy hristiýanlaşdyrandyklary bilinýär.

Dördünji tapgyr 7 ýyl dowam etjek apat döwründen eme gelýär.

Bäşinji tapgyr Hezreti İsa ikinji gezek dünýä iner.

6-njy tapgyrda Ewangelistleriň liderlik etmeginde Armegedon urşy turar, dünýäde gowular we erbetler pajygaly urşa girişerler we “gowylar” üstün çykar. Emma şol uruşdan soň Ewangelizm hökmürowan boljakdygy üçin, urşuň turmagyna şert döredilmeli we Ysraýyl beýgeldilmeli.

7-nji tapgyrda bolsa bütin dünýäde hristiýanlyk höküm sürer we kyýamat bolar.

Görnülşi ýaly Ewangelizm 6-nji tapgyra çenli Soionizmiň maksatlary bilen doly bap gelýär. Şol sebäpli Ewangelistlere “Sionist hristiýanlar” hem diýilýär.

19-njy asyrda ýehudilikde-de musulmanlyk we hristiýanlyk ýaly adaty görnüşde ynanylýan ylahy dinlerden biridi. Teodor Gerlziň başda durmagynda soionist ýehudiler ilki ýehudilige öwürdiler. Şu günki günde sionist ýehudilige berk garşylyk görkezýän köp sanly ýehudi bar.

Türkiýede we käbir musulman ýurtlarynda ýakyn geçmişde sionizme utgaşykly yslam emele getirme tagallasy bardy. “Dinlerara dialog” ýaly adalgalar, haýsydyr bir ýörelgä esaslanmaýan musulmanlygyň adyndan ýoýulan analizler we tejribeler şol tagallalara mysal bolup durýar. Şol gatlaklar hem ewangelistler ýaly Ysraýylyň ýehudiler üçin wada berilen ýerlerdigini beýan edýärler.

Hristiýanlygyň içinden sionizm bilen utgaşykly ynanjyň öz-özünden dörändigini aýtmak, dini tapawutlyklar we taryhy çaknyşyklar sebäpli mümkin görünmeýar. Şol özgerlişigiň sionist tagalladygy şübhesi güýçli ähtinallyk bolmagynda galýar. Katolik Papanyň Ýerusalimiň paýtagt yglan edilmegine garşy durýandygy hemmelere mälim. Edil şonuň ýaly hem prowaslawlar hem ewangelikler ýaly pikir etmeýär we hat-da käte Ysraýylyň zulumyna garşy musulmanlary goldaýarlar.

Taňra kyýamata çenli zor salmak adamzada gelişýän zat däl. emma adamzadyň apata tarap çekilýändigi mälim. Dinleriň gelip çykyşy bilen oýnap, bütin adamzadyň apata süýräp, sionizm bilen gatnaşykly ähli tagalla garşy durulmaly. Ol hem diňe gelip çykyşynyň özboluşlygyny gorap saklan ýehudileriň, hristiýanlaryň, musulmanlaryň we ýer ýüzünde parahatçylyk isleýän bütin adamzadyň tagallasy bilen mümkindir.



Degişli Habarlar