Global Perspektiw 38 Globallaşýan Dünýä-Gatnaşyklaryny Çäklendirýän Günbatar

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Professor Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Global Perspektiw 38  Globallaşýan Dünýä-Gatnaşyklaryny Çäklendirýän Günbatar

 

Globallaşýan Dünýä-Gatnaşyklaryny Çäklendirýän Günbatar

1990-njy ýyllaryň başlarynda ýaş ylmy işgär hökmünde ilkinji gezek globallaşma bilen gyzyklanmaga başladym. Eýsem bu tapgyr Türkiýäniň başda durmagynda ösüp barýan ýurtlara nähili täsir ýetirer? Globallaşma boýunça nähili pozisiýa eýelenmeli? Näderejede goldanmaly, näderejede garşy durulydyk?

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Professor Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Şu we şuňa meňzeş analizler soňky ýyllarda doktorlyk işimi bu temada tamamlamagyna sebäp boldy. Dogrusy, men ilki başlarda azatlyga we adamzadyň bähbidine bolan globallaşma garaýyşyna ýakyn durýardym. Emma işimi tamamlanymdan soň çap edilen kitabymyň söz başysy meniň çemeleşmämi görkezýärdi: “Kyn we Razylyk, Globallaşmalaryň Arasyndaky Türkiýe”. Globallaşma bir ölçegli däl, köp ölçegli, bir taraply däl, eýsem köp taraply, agyr we basyş ediji tarapy bilen bilelikde pursatlar we razylyk taraplaryny hem öz içine alýan çylşyrymly tapgyrlar ulgamydy.

Globallaşma baradaky düýnki garaýyş

Işe başlanymda, günbatar globallaşmanyň çempionydy. Harytlaryň we inwestitsiýanyň erkin dolanşygynyň, syýasy serhetleriň funksiýasyny ýitirendigini, manysynyň galmandygyny beýan edýärdi. Bäsdeşlik, hyzmatdaşlyk, gümrükleriň, kwotalaryň aýrylmagy ileri tutulýan esasy adalgalardy. Halkara guramalar hem proteksionizmsiz, açyk, bäsdeşlige esaslanýan dünýä üçin tagalla edýärdi. Yzagalak ýa-da ösüp barýan ýurtlardan globallaşma garşy reaksiýalar bildirilýärdi. Bu tapgyryň günbatar ýurtlaryň bähbidine bolandygy, proteksionizmiň, gümrükleriň bes edilmeginiň, aç-açan, erkin we bäsleşige esaslanýan hyzmatdaşlygyň esasan günbatar ýurtlary we firmalary üçin bähbit getirjekdigi beýan edilýärdi. Şol syýasatlar bilen özleriniň hasam ejizlejekdigini, bäsleşik güýjüniň peseljekdigini öňe sürýärdiler.

Ideologik derejede bolsa globallaşmanyň kapitalizmiň täzeçe görnüşi bolandygy, ekspluatasiýany hasam agyrlaşdyrjakdygy, şol maksada laýyklykda milli döwletleriň ejizledilmek isleýändigi öňe sürülýärdi. Edilmeli zadyň imperialist globallaşma garşy soňky gaçybatalga bolan milli döwletleri egilşiksiz goramakdan ybaratdygy beýan edilýärdi.

Reaksiýalar geljege däl, geçmişe garaýardy, goranyşa esaslanýardy, reaktiwdi. Globallaşma kapitalizmiň täzeçe görnüşi bolýan bolsa, şol täzeçe görnüşe kapitalizmiň köne görnüşi bolan milli döwlet bilen nähili garşy duruljakdygy analiz edilmeýärdi.

Iş ýüzüne geçen şertler

2020-nji ýyllara golaýlanýarka aradan 30 ýyl geçenden soň, şu günki günde 1990-njy ýyllardaky şol çemeleşmeleriň, gorkularyň näderejede iş ýüzüne geçendigini indi has arkaýyn görmek bolýar.

Şu günki günde ýeten sepgidimizde indi günbatar globallaşmanyň çempiony däl. Globallaşmada iň uly paýy alan günbatar ýurtlary däl. Globallaşmadan ýeterlik derejede gazanmaýandyklary üçin ABŞ-nyň başda durmagynda günbatar ýurtlary ösüp barýan ýurtlaryň tas 1990-njy ýyllardaky tezislerini öňe sürýärler. Syýasy serhetleriň aýrylandygyna garamazdan, erkin dolanşykdan, bäsleşikden, aç-açanlykdan tas hiç dil ýarmaýarlar. Esasanda ABŞ-nyň daşary ýurtlardaky maýa goýumlary yzyna çagyrmagy, tas ähli ýurtlara garşy gümrük diwarlaryny beýgeltmegi, kwota goýmagy globallaşma garşy syýasatyň anyk görkezijisi. 1990-njy ýyllarda ÝB-ne agza ýurtlaryň artýan göç edişlige garşy syýasy serhetlerini goramak üçin 10 müň adamlyk goşun döretmek islejekdigini kim pikir ederdi? ABŞ we ÝB-ne agza ýurtlar şu günki günde hamala nasionalist syýasada dolanyp barýan ýaly.

Muňa garamazdan globallaşma tapgyrlaryndan bähbit gazanan ýurtlar 1990-njy ýyllaryň ösüp barýan ýurtlaryna öwrüldiler. Hytaý, Hindistan, Braziliýa, Türkiýe ýaly ýurtlar bu tapgyrda öňe saýlandylar. Hytaý günbataryň öňünde globallaşma syýasatynyň tarapyny tutýar. Türkiýe 2000-nji ýyllardan soň globallaşma tapgyryndaky oýuny üstünlik bilen oýnady. Dünýä bilen bitewileşdi. Demokratiýalaşma we azatlyk derejesini beýgeltdi. Ýurtdaky howandarlyk ulgamy ejizledigi we erkinlikleriň gerimi giňedigi saýyn ýurduň ykdysadyýeti hem ösdi. 2000 dollara barabar bolan milli girdeji birnäçe esse ýokarlady. Türkiýäniň günbatar bilen bolan gatnaşyklarynyň dartgynlaşmagynyň sebäplerinden biri hem ösen ykdysady derejesi we ynamy sebäpli Türkiýäniň pozisiýasynyň berkemegidir.

Intelligeniýamyz garaýyşlaryny özgertmeli

Emma henizem Türkiýede we dünýade käbir intellektuallar 30 ýyllyk möhletde globallaşmanyň tapgyrlarynyň günbatarda we beýleki jemgyýetlerde nähili netijelenendigine göz ýetirmeýärler. 1990-njy ýyllarda ýat tutan tezislerini okamaga dowam edýärler. Günbataryň globallaşmadan ýeterlik derejede gazanmandygy üçin günsaýyn gazaplanýandygyny, şol sebäpli daşky gatnaşyklary çäklendiriji, proteksionist syýasatlara dolanyp barandygyny, syýasy serhetleriň ähmiýetini öňe sürýändiklerini ýa görmeýärler ýa-da görmek islemeýärler. Şu günki günde serhetleriň açylmagyny, aç-açanlyk syýasatlaryny, inwestitsiýanyň dolanşygyny günbatar ýurtlary däl, globallaşmada ýokary gazanç eden ýokarda ady agzalanan ýurtlar isleýärler.

Globallaşma tapgyrlaryndan şübhesiz ähli ösüp barýan ýurtlar deň derejede peýdalanyp bilmedi. Şol tapgyrlardan zyýan çeken ýurtlar hem bolup biler. Çünki şol tapgyrlar hemmelere deň derejede pursat döreden pursatlar däldi. Aýtjak bolýan zadym, bu tapgyrlaryň düzgüni berjaý etmän halatynda öz özünde günbatar ýurtlary bilen birlikde haýsydyr bir ýurda gazandyrmaýandygy. Şol sebäpli monopolist däl, analitik; ret ediji ýa-da boýun egiji däl sagdyn pikirli; ýüz ugra däl, derňeýji çemeleşilmeli.

“Düýnki gün bilen şu günki eşik guradylmaz” diýilýän söz bar. Esasanda günbatarly bolmadyk jemgyýetlerdäki intelligentler, döwlet adamlary soňky 30 ýyldaky wakalar bile ýakyndan gyzyklanmaly. Maglumatyň çaltlyk bilen özgerýän döwründe düýnki maglumatyň şu günki güni düşündirmäge ýetmejekdigine göz ýetirmeli. “Giňelme, dykyzlyk, tizlik we täsir” ýaly adalgalar bilen kesegitlenýän hem-de çaltlyk bilen özgerýän globallaşma döwründe statiki, durgun çemeleşmeler ertiri däl, şu günki güne düşünmek üçin hem ýeterlik däl.



Degişli Habarlar