Aktual Analiz 38

Idlibe Russiýanyň we Eýranyň godlaw bermeginde operasiýa guramak baradaky meýilnama uzak möhletden bäri gün tertibinde

Aktual Analiz 38

 

 

Russiýanyň we Eýranyň goldawy bilen hökümet Siriýanyň köp sanly etrabyny harby ýollardan ýaňadandan ele geçirdi. Siriýanyň harby oppozisiýasy we sebitde ýaşaýan ilatyň Homsdan, Gutadan, Deradan we beýleki etraplardan çykarylyp, Idlibe göçürilmeginden soň Idlib hem harby hem-de harby däl oppozisiýanyň soňky merkezine öwrüldi. Söweşden ozal 700 müň ilaty bolan İdlibde 3 milliona golaý ilatyň bardygy beýan edilýar. Astana tapgyrynyň çäginde yglan edilen 4 sany dartgynlygy azaldyjy zolagyň soňkusy Idlib. Astana tapgyryna laýyklykda Türk ýaragly güýçleri Idlibdäki front liniýasynda 12 sany gözegçilik nokadyny döretdi.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy-ýazyjy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Idlibe Russiýanyň we Eýranyň godlaw bermeginde operasiýa guramak baradaky meýilnama uzak möhletden bäri gün tertibinde. Guralmagy ähtimal operasiýa sebäpli Idlibde täze bir göç tolkunynyň ýüze çykmagyna garaşylýar. Millionlarça ilatyň Türkiýä tarap gaçmagy we gelmegi meýilleşdirýändigi bilinýär. Türkiýäniň dünýä boýunça iň köp bosgun kabul eden ýurt bolmagy Türkiýäniň täze bir bosgun tolkunyny kabul edip bilmejekdigini görkezýär. Idlib operasiýasynyň ýüze çykarjak ýitgileri we gumanitar pajygasy bütin dünýäni aladalandyrýan bolsa, stoluň başynda we söweş meýdanynda dartgynlygyň öňüni almak üçin diňe Türkiýäniň tagalla edýändigi görülýär.

Astana tapgyryna laýyklykda Eýranyň, Russiýanyň we Türkiýäniň liderleriniň guran maslahatynyň soňkusy Tähranda geçirildi. Tähran maslahatynyň rus we türk ýolbaşçylaryndan habarsyz göni ýaýlyma berilmegi bilen bütin dünýä Prezident R.T.Erdoganyň sebitde hüjümleriň bes edilmegini ýola goýmak we gumanitar pajyganyň öňüni almak üçin edýän adatdan daşary tagallasyny gördi. Tähran maslahatynda hüjümleriň bes edilendigi Russiýanyň we Eýranyň garşylygy sebäpli yglan edilmedik hem bolsa, ýarag taşlamak üçin çagyryş edildi. Şeýle-de Türkiýäniň egilşiksiz pozisiýasy netijesinde İdlibe guralmagy ähtimal operasiýa azyndan yza süýşürildi we görüljek çäreler üçin wagt utuldy.

Idlibiň geljegi üçin alternatiw senariler bar. Russiýa we hyzmatdaşlary Türkiýäniň gözegçilik nokatlaryndan çekilip, Idlibe giň gerimli operasiýanyň guralmagyny kabul etmegi üçin basyş edýär. Türkiýe bolsa alternatiw senariler hödürlemek ugrunda iş alyp barýar. Şolardan biri bolsa Türkiýäniň we Türkiýäniň gözegçiligindäki harby oppozisiýanyň pozisiýasyny güýçlendirip, Heýet Tahriruş Şamyň we degişli toparlaryň iň bolmanda demirgazykdan çekilip, günorta geçmegi. Türkistan Yslam partiýasy we Hurşad Den ýaly toparlaryň ýok edilmegi.

Ýüze çykmagy ähtimal gumanitar pajyga garşy Türkiýä goldaw berýän toparlar bilen bilelikde iş alyp baryp, Idlibiň merkezini öz içine alýan howpsyz zolak döretmek iň bir ýerlikli hereket bolar. Oppozisiýanyň dolulygyna ýersiz-ýurtsyz goýulmagynyň öňüniň alynmagy, gumanitar pajyganyň öňüni alynmagy, PKK/PÝD-niň şertlerden peýdalanmagynyň we syýasy bähbit gazanmagynyň öňüniň alynmagy taýdan möhüm bolar. Idlibe guralmagy ähtimal operasiýa üçin PKK-nyň Siriýadaky bölegi hem işjeň tagalla edýär. Esasanda Eýrana tabynlykdaky ýaragly güýçler we Hizbullahyň Siriýanyň demokratik güýçlerine tabynlykdaky partizanlara tälim berýändigini bilýäris. Olaryň hem operasiýa gatnaşmagy meýilleşdirýändigi mälim. Eger olar hem operasiýa gatnaşan halatynda Afrine front açyp, Afrini ýaňadandan almak boýunça meýilnamalary bar. Tel Rifatda güýç ýygnaýandyklaryny hem bilýäris. Şeýlelikde bu howplar barka Türkiýe işjeň hereket etmeli we asla bassyr-ýussurlyga ýol bermeli däl.



Degişli Habarlar