Global Perspektiwa 39 Bilimiň Ähliumumy Ýörelgeleri

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof. Dr. Kudret BÜLBÜLüň mesele boýunja syny

Global Perspektiwa 39  Bilimiň Ähliumumy Ýörelgeleri

Global Perspektiwa 39

 

Bilimiň Ähliumumy Ýörelgeleri 1

Adam maşgalasy älemde bilelikde ýaşaýar. Tapawutly ýaşaýyş durmuşlaryna eýe bolan halklar bilen taryhyň şol bir döwürlerinde dünýä gelendigimiz üçin bölüşmeli bolan köp sanly umumy aýratynlyklarymyz bar. Global apada durçar bolanymyzda haýsy dine uýýandygymyza, haýsy dilde gepleşýändigimize, haýsy kowma degişlidigimize garamazdan adamzat maşgalasynyň ählisi zyýan çekýär. Bir döwürde ýaradylmak ýakyn ýa-da uzak diýarlardaky adamlar bilen maglumat, medeniýet we ýaşaýyş taýdan özara tejribe alyşmagymyza sebäp bolýar. Ol hem käte ozalky döwürlerde ýaşap geçen ata-babalarymyzyň täsiri astynda galdykmy ýa-da döwürdeşlerimiziň täsiri astynda galdykmy diýlen soragy ýüze çykarýar.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof. Dr. Kudret BÜLBÜLüň mesele boýunja synyny dykgatynyza ýetirýäris…

Sözi bilime getirmek isleýärin. Diňe bir öz ýurdumyzda däl, uzak diýarlardaky gowy ýa-da gowşak bilimli adamlar durmuşymyzy ýakyndan özgertme potensialyna eýe. Sowatsyz adamlar janly bomba öwrülip, sizi durmuşdan, hossarlaryňyzdan alyp bilýär. Tanamaýandygyňyza garamazdan sowatly adamlardan biriniň açyşy durmuşyňyzy ýeňilleşdirip bilýär.

Şeýlelikde bilim global faktorlardan biri, ähli ýurtlar üçin iňňän möhüm hem-de ýokançlydyr. Ýurtlardaky gowy ýa-da ýaramaz bilim ulgamy beýleki ýurtlara oňyn ýa-da ýaramaz täsir ýetiriji häsýete eýedir.

Biz bilim taýdan global derejede haýsy sepgide ýetdik?

Şübhesiz iňňän gowy derejede bolunan ugurlar bar. Emma men bu gepleşigimizde işiň oňyn bolmadyk taraplaryna üns çekmekçi.

Günbatara ser salanymyzda mekdeplerdäki jenaýatlary iki esse ýokary bolan ABŞ-da mekdepler günsaýyn kazarma öwrülýär. Kiçijik çagalary, ýaşlary öldürýänler esasan synp ýoldaşlary. Çaga ýaşdaky jynsylyk, kiçi ýaşda humar, içgi, neşekeşlik, maşgaladaky agzalalyklar, köçe çagalary, baýramçylyklarda-da ýada düşmeýän ýaşulylar…

Şertler gündogarda-da tapawutly däl. Jenaýatlaryň sany günbatardaky köp bolmasa hem kämilleşdirmeýän, durmuşa taýarlamaýan, erkin pikiri däl, köplenç ýat tutmaklyga esaslanýan, durmuşdan üzňe bilim ulgamlary…

Yslam dünýäsinde bolsa Aliýa Izzetbegowiçiň biri-birinden üzňelikden daşgary ünsi çeken esasy meselesi bilimdir.

Ýurtlardaky gowy ýa-da ýaramaz bilim ulgamy beýleki ýurtlara oňyn ýa-da ýaramaz täsir ýetiriji häsýete eýe bolýan bolsa, haýsy dine uýýandygymyza, haýsy dilde gepleşýändigimize, haýsy kowma degişlidigimize garamazdan nähili nesil ýetişdiriljekdigi boýunça umumy konsensusa eýe bolunmaly. Eger şeýle bolman halatynda adamzat maşgalasy dolulygyna howp astyndadyr diýmekdir. Has eşretli, ýagty dünýä üçin bilimiň ähliumumy kadalary bolmaly. Şol kadalara gözleg bilen, bilmiň maksadyny derňemek bilen başlap bileris.

Bilimiň maksady adamy durmuşa taýarlamak bolmaly. Nähili bilim almak isleýändigimiz aslyna seredilende durmuşa nähili garaýandygymyz, ýaşaýyş pelsepämiz bilen ýakyndan arabaglanşykly. Bilim pelsepämiz durmuş pelsepämiziň dowamydyr. Eger dünýäniň has adalatly, eşretli, adamlaryň sylaşykly bolmagyny isleýän bolsak, bilim hem şol maksadyny üpjün ediji häsýetde eýe bolmaly. Bilim diňe bir mekdepde bilim almak ýa-da döwrewap sowat öwrenmeklik däl. Şol sebäpli mekdep beýan edilen maksady iş ýüzüne geçirmegiň ýeke-täk ýoly däl, diňe serişdelerden biri.

Durmuş barada alada edip, weýan eden umumy maksadymyza goşulýan bolsaňyz, hemmeler üçin peýdaly bilimiň ähliumumy kadalaryna eýe bolup bileris. Şol başlangyç ýörelgeler nämelerden ybarat bolmaly?

  1. Adalat düşünjesini ornaşdyrýan bilim ulgamy

Haýsy şertlerde ýaşaýandygymyza garamazdan (adaty, döwrebap, postmodern ýa-da geljekde tapawutly häsýetlendiriljek şertlerde), özümizi nähili häsýetlendirsegem bilim adamlarda ilki bilen adalat düşünjesini ornaşdyrmaly. Hezreti Omaryň aýdyşy ýaly: “adalat döwletiň esasydyr.” Nemes pikirzadasy Kantyň beýan edişi ýaly “adalat ýok bolsa adamyň durmuşyna sarpa goýmak üçin zat galmaz”. İlki adalat, azatlygam deňligem şonuň düzümindedir. Elbetde adalat, hak, nähak barada adamzat maşgalasy birmeňzeş pikirlenmeýär. Emma adaladyň esasy sütünleri bellidir. Ähli dinlerde, ynançlarda, ideologiýalarda öldürmezlik, ogurlamazlyk, legal ýollardan gazanmak, erbetliklerden çetde durmak boýunça umumy utgaşyklyk bar. Şol çäkde başlangyç, orta, ýokary bilim derejelerinde ýa-da ähli bilim ulgamynda okuwçylarda ornaşdyrylmaly birinji düşünje laýyk bolup gazanmaklyk bolmaly, nähak ýerden baýamak däl. Adalada esasan onuň tersi bolan zulum arkaly düşünilýär diýilýän söz bar. Sagineliň we hemmeleriň işlemän, düzgünleri berjaý etmän netije almagyň yzynda ylgaýandygyny pikir edip göreliň. Emele geljek haos göz öňüňize gelýärmi?

Bilimde ýeterlik bolmadyk maglumat, sowat, tejribe tamamlanyp bilner. Emma bilimde ýüze çykjak adalat ýetmezligi (laýyk bolman gazanmak duýgusy) ömür boýy dolmaz.

Adalat duýgusy okuwçylarda okaýan döwürlerinde sowat arkaly däl, esasan bilim ulgamy we mugallymlaryň özüni alyp baryşy, durmuş tejribesi arkaly ösýär. Şol çäkde adalat sowat derejesinde däl, duýgy, düşünje we ynanç taýdan özleşdirilmeli. Ýüze çykarjak kynçylyklaryny bilip, adalatsyzlykdan, zulumdan, haksyzlykdan çetde durulmaly.

  1.  Adamy hoşniýetli, oňyn garaýyşly ýetişdirýän bilim ulgamy

Bilim; päk ýürekli, ýagşy gylykly, durmuşa oňyn garaýan adamlary ösdürip, ýetişdirmeli. Entek durmuşyň baharynda bolandygyna garamazdan ähli zada umytsyz garaýan, çözgütsizligiň tarapynda durýan, başgalaryna ynamsyz çemeleşýän ýaşlary görýärin. Şeýle durmuşa çekip-çydap bolarmy eýsem? Şeýle negatiw garaýyş bilen haýsy gowluk bolar? Adam gowy görmeli, gowy seretmeli. İne şeýle bolanda gowy pikir edip biler. Elbetde gowynyň, gözeliň nämedigi, gowy adamyň kimdigi tapawutly medeniýetlere we ynançlara görä üýtgäp biler. Emma umytsyz bolmak üçin artykmajy bilen sebäbi bolan dünýäde gowy adam ýetişdirmegi maksat edinmegiň özem gymmatlydyr. Durmuşa oňyn çemeleşmegiň, adamyň ýaradylyşdan gowudygy, adamyň özi bilen, daş-töweregi bilen we beýleki adamlar bilen barlyşykly bolmagynyň iň esasy şertidir.

Durmuşa oňyn çemeleşmek, gowulygy pikir etmek iňňän gymmatly hem bolsa “Adalat” “gowydan” ilerde durýar.

Indiki hepde dowam etmek dilegi bilen…

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof. Dr. Kudret BÜLBÜLüň bilim we kämil adam ýetişdirmek baradaky synyny dykgatynyza ýetirdik.



Degişli Habarlar