Aktual Analiz 39

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda Idlib meselesi boýunça gazanylan ylalaşyk

Aktual Analiz 39

 

Prezident R.T.Erdogan bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Soçidäki özara duşuşykdan soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi. Liderler beren bilelikdäki beýanatynda Idlibde ýaragdan saplanan zolag döretmek barada ylalaşandyklaryny nygtadylar. Beýleki tarapdan möhüm duşuşygyň yzýanyndan Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda Idlibe operasiýa” guralmaz diýildi.

Sýýasat, Ýkdýsadýýet we Jemgýýet Gaznasý SETA-nýň ýlmý barlagçýsý-ýazýjý Jan Ajunýň tema boýunça sýnýný dýkgatýňýza ýetirýäris.

Türkiýe gazanylan ylalaşyk bilen uly üstünlige ýetdi. Prezident R.T.Erdoganyň ygrarly pozisiýasy soňky döwürde Idlib meselesine eýe çykmagy, eden başlangyçlary we Tähranda hüjümleriň bes edilmegi boýunça eýelän egilşiksiz pozisiýasy öz netijesini berdi. Soňky günlerde Türk ýaragly güýçleri Idlibiň içinde iňňän möhüm işleri amala aşyrdy. Türkiýäniň Idlibde ýerleşýän 12 sany gözegçilik nokadyna köp sanly sowutly ulag, tank we harby goşun ugradyldy. Türkiýe näderejede egilşiksizdigini Russiýa, Eýrana we Siriýanyň hökümetine hem-de şaýy partizanlara görkezdi. Elbetde bir tarapdan dowam etdirilen diplomatik gepleşikler we beýleki tarapdan ýerlerde görülen harby çäreler öz netijesini berdi. Russiýa Soçide uly egilşik etdi. Russiýa, Eýran we Siriýanyň hökümeti Idlibde giň gerimli harby operasiýa geçirmek isleýärdi. Operasiýa üçin uly basyşlar edilýärdi. Esasanda Jisr Sugur we Demirgazyk Hama etrabynyň bombalanmagy, hökümete tabynlykdaky güýçler bilen Eýran tarapyndan goldanýan ýaragly toparlaryň front liniýasyna getiren güýçleri basyşy agyrlaşdyrýardy.

Şeýlelikde harby operasiýanyň öňüniň alynmagy hem Türkiýäniň milli howpsyzlygy hem-de Siriýanyň geljegi üçin parahatçylyk tapgyrynda möhüm ähmiýete eýe. Iň esasysy bolsa Türkiýäniň tagallalary netijesinde 3 milliondan gowrak ilatyň janynyň halas edilmegi we uly bosgun tolkunynyň öňüniň alynmagy. Idlib meselesinde gazanylan üstünlik mynasybetli Prezident R.T.Erdogany, Türk ýaragly güýçlerini we Milli howpsyzlyk gullugyny gutlamak ýerlikli bolar. Dünýäniň alada bilen garaýan sebitinde gumanitar pajyganyň öňi alyndy.

Russiýa bilen Soçide gazanylan ylalaşyga laýyklykda dörediljek ýaragsyz zolakdan iki taraply şertde radikal toparlaryň we ýaraglaryň çekilmegi üpjün edilmeli. Şol çäkde hem Russiýa hem-de Türkiýä uly jogapkärçilik düşýär. Russiýa Siriýadaky şaýy söweşijilerini razy etmeli bolsa, Türkiýe Heýet Tahriruş Şam ýaly toparlar meselesinde çözgüt tapmaly.

Türkiýe bilen Russiýa 15-20 kilometr içerde ýaragsyzlandyrylan zolak döredilmeginiň hemaýatçysy bolmak bilen birlikde, şol bir wagtda-da utgaşykly özbaşdak gözegçilik işlerini geçirerler. Türkiýe we Russiýa Astana tapgyryna laýyklykda döredilen gözegçilik nokatlaryny harby taýdan kesgitlär we ýaragsyzlandyrylan zolak iki ýurduň uçarmansyz howa ulaglary dronlary bilen gözegçilik astyna alynar. Ýaragsyzlandyrylan zolaklardaky oppozisiýanyň we hökümete degişli güýçleriň gözegçilik giňişlikleri dowam eder hem-de iki taraply görnüşde agyr ýaraglar front liniýasyndan çekiler.

Gazanylan ylalaşyga laýyklykda strategik ähmiýetdäki M4 we M5 ulag ýollary howpsyzlaşdyrylyp, ýaňadandan söwda gatnaşygy üçin açylar. Latakiýäni we Damasky Halaba birikdirýän M4 we M5 ulag ýollary Siriýanyň ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýete eýe.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky ylalaşyk şol bir wagtda-da Türkiýäniň terrorçylyga garşy alyp barýan göreşine hem oňyn goşant goşar. Şeýlelikde PKK/ÝPG terrorçylary Idlib operasiýasyndan peýdalanyp Afrine basyş etmäge synanşýardy. Ylalaşyk netijesinde şol basyşyň öňi alyndy. Aýratynam Idlib operasiýasynyň öňüniň alynmagy bilen Türkiýäniň ýaňadandan has ünsli çemeleşmesi bilen PKK/PÝD-niň emele getirýän howpyna garşy çäre görmegi ähtimal.

Sýýasat, Ýkdýsadýýet we Jemgýýet Gaznasý SETA-nýň ýlmý barlagçýsý-ýazýjý Jan Ajunýň tema Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda Idlib meselesi boýunça gazanylan ylalaşyk baradaky sýnýný dýkgatýňýza ýetirdik.



Degişli Habarlar