Global perspektiwa 40 Adalat giňişligi

Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetinin Dekany Prof. Dr. Kudret BÜLBÜL-iň mesele boýunça syny….

Global perspektiwa 40  Adalat giňişligi

Adalat giňişligi

Geçen hepde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirlen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda dünýä liderleri bir ýere jemlenişdi.

ABŞ-nyň Prezdenti Donald Trampyň globallaşma garşydygyny beýan etmegi, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Trampa jogap berýän ýaly global hyzmatdaşlyga goldaw bermegi, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdoganyň “Dünýä 5-den uludyr” diýmegi we adalat çagyryşy, Täze Zelandiýanyň Premýer ministri Arderniň sessiýa 3 aýlyk bäbejigi bilen gatnaşmagy liderler maslahatynda ünsleri özüne çekdi.

Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetinin Dekany Prof. Dr. Kudret BÜLBÜL-iň mesele boýunça syny….

Synymyň bu günki sanynda liderler maslahatynda ünsleri özüne çekenler barada däl eýsem Prezident R. T. Erdoganyň beren adalat çagyryşy barada durup geçmek isleýäris. Erdogan gadymy Türk-Yslam däbi ýada adalgasy bolan “adalat giňişligini” ýatlatmak bilen halkara derejesinde adalatyň doly işlemeýändigine ünsi çekdi. Erdogan çykyşynda: “ Medeniýetimizde “adalat giňişligi” hökmünde bilinýän jemgyýet, hukuk, döwlet ulgamy, döwletiň güýji, ykdysadyýet we adalat bilen aragatnaşygynyň dogry kesgitlenilmegini we ýerine ýetirilmegini esas hökmünde saýlap alan giňişlik bardyr. Biri-biri bilen arabaglanşykly bolan şol giňişligiň zynjyrlary döwrümizde birnäçe ýerde dolylygyna derbi dagyn boldy. Şu günki günde dünýämiz şol sebäpli hem syýasy, sosial we ykdysady taýdan durnuksyzlygy başdan geçirýär. Biz asuda we ýagty geljek üçin adamzadyň adalat garaýşy bilen başlan göreşini, adalatyň üpjün edilmegi üçin tamamlamalydyrys. Şu günki günde dünýäde iň baý 62 adamyň emlagy jemi ilatyň ýarysyna ýagny 3,6 milliard adama deň gelýän bolsa bu ýerde bir düşnüşmezlik bar diýmekdir” diýdi.

Jenap Erdoganyň adalata beýle ünsi çekmegine has gowy düşünmek üçin ilkinji nobatda ýakyn döwürde Günbatarda ähliumumy gymmatlyklar bilen arabaglanşykly başdan geçirlen wakalara ser salmak gerek. II-nji jahan urşundan soň adam hukuklary, azatlyk, deň-hukuklyk ýaly adalgalaryň öňbaşçysy bolan Günbatar, şu günki günde şol gymmatlyklardan çalt depginde daşlaşýar.

Günbatarly ýurtlarda bosgunlara, musulmanlara garşy alnyp barylýan adalatsyz çemeleşmeler dowam edýär. Rasist partiýalaryň ses sanyny artdyrmak we şäriklik hökümetiniň agzasy bolmak üçin daşary ýurtlylara garşy kemsidiji çykyşlary indi kynçylyk hökmünde görülmeýär. Käbir günbatarly ýurtlarda syýasy partiýalar diňe bosgunlara garşy alyp barýan tutumlary bilen häkimiýetiň başyna gelýär.ÝB-ne agza ýurtlar bosgunlar meselesine diňe serhetleriniň howpsyzlygy taýdan çemeleşýär we şol maksat bilen ýaragly güýç döredýär. Bosgunlar ýaşaýan ýurtlarynda ýogalan ýada Türkiýe ýaly adamzadyň wyjdany bolan ýurtlara ýaşamaga dowam eden halatynda Günbatar üçin hiç hili kynçylyk ýok.

Türkiýe taýdan seredenimizde ynanjymyzyň, medeniýetimiziň we taryhymyzyň esasy gymmatlygy we adalgasy adalatdyr. Adalatyň ýok ýerinde erkinlik we deň hukuklylyk bolup bilmez. Asyrlaryň dowamynda bize ýol görkezen we şu günki günde ähli kazyýetlerimizde ýazylan “adalat mülküň esasydyr” sözündäki mülk diňe mal, mülk goş manysynda däl eýsem düzgün nyzam, döwlet manysyny aňladýar.

Adalat biziň däp-dessurlarymyzda “adalat edarasy ýada adalat düzümi” bilen guramalaşdyrlypdyr. “Adalat düzümi” adalat bilen başlaýan we adalat bilen gutarýan syýasy, jemgyýetçilik, harby, maliýe, söwda we ykdysady ulgamyň guramalaşan ýagdaýydyr.

Ýusuf Has Hajibiň 1069-njy ýylda ýazan Kutadgu Bilig, Kynalyzade Ali Ependiniň 1564-nji ýylda ýazan Ahlak-i Alai eserinde we Türk yslam däbiniň esasy eserlerinde adalat düzümi, adalat ulgamy barada gürrüň edilýär. Däp-dessurlarymyzda ähli zadyň özenini adalatyň emele getirýändigi, adalatyň ýok ýerinde döwletiň we mülküň bolup bilmejekdigi, halkyň hem bagtly durmuşda ýaşap bilmejekdigi hakyndaky ynanç, garaýyş we çemeleşme adalat düzümi hökmünde atlandyrylýar. Adalat giňişliginde ýada düzüminde dünýäniň we ýurduň düzgün nyzamy adalat bilen başlap adalat bilen tamamlanýan halkalara meňzedilýär. Dünýäniň asudalygyny we döwlet ulgamyny üpjün edýän ilkinji halka adalatdyr. Ikinji halkada dünýä, diwary döwlet bolan bag-bakça meňzedilýär. Üçünji halkada döwletiň düzgün nyzamyny kesgitleýän hukukdyr. Dördünji halkada hökümet bolmazdan hukugyň goralyp bilinmejekdigi nygtalýar. Bäşinji halkada esger bolmazdan hökümdaryň döwlete eýe çykyp bilmejekdigi nygtalýar. Giňişligiň soňky halkalarynda bolsa salgyt bolmazdan esgeriň bolmajakdygy, salgydy hem halkyň ýygnajakdygy aýdylýar. Giňişligiň soňky halkasynda bolsa, başynda bolşy ýaly ýene-de adalata ýer berilýär. Sebäbi salgyt tölemegi üçin belli bir girdejä eýe boljak halky hökümete tabyn edýän ýene-de adalatdyr. Şyh Edebaliniň “ ynsany ýaşat sebäbi döwlet ýaşasyn” diýýän sözü ynsan-adalat-döwlet aragatnaşygyny beýan edýän ýalydyr.

Şu günki günde halkara ulgam uly kynçylygy başdan geçirýän bolsa, Jenap Erdoganyň ýygy-ýygyndan nygtaýşy ýaly BMG-nyň gurluşyna üýtgetme girizilmeli bolsa, hiç hili jogapkärçiliginiň ýokdygyna garamazdan bigünä adamlar gapylar ýüzlerine ýapylandygy üçin ol ýurtdan başga bir ýurda gaçýan bolsa bu ulgam beýle dowam edip bilmez. Ölüme terk edilen bäbeklere näme etmişiňiz bar diýlip soralan halatynda alynjak jogap adamzat we biziň üçin agyr utanç dälmidir eýsem. Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň adalata ünsi çekmegi, tutuş dünýäniň başdan geçirilýän zulumlaryň aşagynda galmazlygy üçin Günbatary hem halas etmegi maksat edinýän çagyryşdyr.

Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetinin Dekany Prof. Dr. Kudret BÜLBÜL-iň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar