Türk daşary syýasatyna syn 40

Türk geňeşiniň 6-njy maslahaty

Türk daşary syýasatyna syn 40

 

 

Ýaňy ýakynda Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýagny Türk geňeşiniň 6-njy maslahaty geçirildi. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda şol maslahat we maslahatyň türk daşary syýasatyna ýetirýän täsirlerini analiz etmekçi.

Karatekin uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň mugallymy Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

2018-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan Ata şäherinde Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýagny Türk geňeşiniň 6-njy maslahaty geçirildi. “Ýaşlar we milli sportlar” temasy bilen geçirlen maslahata Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow ýolbaşçylyk etdi. Maslahata Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan, Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdy. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban hem maslahata hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Türk geňeşi türki dilli ýurtlaryň arasynda giň gerimli hyzmatdaşlygy höweslendirmek maksady bilen 2009-njy ýylda halkara gurama hökmünde döredildi. Türk geňeşiniň esaslandyryjy agzalary Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy we Türkiýe. Türkmenistan “hemişelik bitarap döwlet” statusy sebäpli, Özbegisan bolsa geçmişdäki käbir syýasy wakalar sebäpli geňeşe agza bolmady. Emma Özbegistanyň häzirki Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türk geňeşi bilen ýakyndan gyzyklanýar we şol sebäpli ýakyn wagtda Özbegistanyň hem Türk geňeşine agza bolmagyna garaşylýar. Özbegistanyň Türk geňeşine agza bolmagy hem Türk geňeşiniň güýçlenmegi hem-de Özbegistanyň türk dünýäsi bilen utgaşyklygyny ösdürmegi taýdan diýseň möhüm. Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Türkmenistan we Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge çalyşýan Özbegistanyň gysga wagtda Türk geňeşine agza bolmagy mümkin. ÝB-ne agza bolan Wengriýa synçy statusynyň berilmegi, Türk geňeşiniň sebitara we halkara derejesinde täsiriniň güýçlenmegine itergi berer. Maslahatda Türk geňeşine BMG derejesinde synçy statusynyň berilmegine goldaw berilmegi barada karar kabul edildi. Şol karar göz öňünde tutulan halatynda öňümizdäki döwürde Türk geňeşine agzalyklar baradaky işlere uly ähmiýet berilmeli. Şol sebäpli hem 6-njy maslahat Türk geňeşiniň giňelmegi we Türk dünýäsiniň bitewileşmegi taýdan uly ähmiýete eýe.

 

Gyrgyz Respublikasy maslahatda Türk geňeşiniň döwürleýin ýolbaşçylygyny Gazagystandan kabul edip aldy. Türk geňeşiniň 6-njy maslahatynda geňeşiň 2014-2018-nji ýyllarda durmuşa geçiren işleri gysgaça gözden geçirildi we geljekde durmuşa geçiriljek işler barada möhüm kararlar kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda taraplar Çolpan-Ata jarnamasyna we Türk geňeşinde  Wengriýa synçy statusynyň berilmegi baradaky karara gol goýdy. Mundan başgada Türk geňeşiniň BMG derejesinde synçy statusyny almagy baradaky tagallalaryň depgininiň güýçlendirilmegi, ýaşlar we milli sportlar boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi baradaky Bilelikdäki jarnama kabul edildi.

Maslahatda şeýle hem prezidentleriň karary bilen Türk geňeşiniň Baş sekretarlygyna Gazagystanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Bagdad Amreýew, Türk geňeşiniň baş sekretarynyň orunbasary wezipesine Ömer Kojaman we Halkara Türk Akademiýasynyň başlygy hökmünde hem Darkhan Kydyrali ýaňadandan bellendi.

Maslahatda Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdoganyň agza ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynda milli pul birlikleriniň ulanylmagy baradaky teklibi ünsleri özüne çekdi. Halkara we sebitara geosyýasy bäsleşigiň artýan, ykdysady sanksiýalar bilen söwda söweşiniň çuňlaşýan günlerinde berlen bu teklibiň agza ýurtlar üçin möhümdigini aýdyp bileris. Soňky ýyllarda nebitiň nyrhynyň aşaklamagy we global ykdysady ýagdaýyň täsiri bilen Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Özbegistanyň milli pur birlikleri dollar bilen deňeşdirilende hümmetini ýitirdi.

Maslahatda Gazagystanyň Prezidenti Nazarbaýew tarapyndan teklip edilen “Türk dünýäsiniň tanymal 100 adamy” we “Türk dünýäsiniň keramatly ýerleri” atly taslamalary hem türki dilli ýurtlaryň taryhy jebisligini berçinleşdirmegi hem-de türki halklarynyň medeniýetini dünýä ýurtlaryna tanyşdyrylmagy taýdan diýseň möhüm. Ady agzalýan taslamalar Türk geňeşi tarapyndan “Döwrebap Ýüpek ýoly” taslamasy bilen birleşdirilen halatynda agza ýurtlaryň syýahatçylyk pudagynyň ösmegine hem itergi berer.

Türk geňeşiniň 7-nji maslahatyna hödürlenjek Türki dilli ýurtlaryň utgaşyklygy baradaky teswirnamanyň kabul edilmegi hem diýseň möhüm. Şeýlelikde Türk dünýäsiniň hem-de Türk geňeşiniň hyzmatdaşlygy taýdan uly başlangyç ediler. Mundan başgada Türk geňeşiniň halkara we sebitara täsiriniň artdyrylmagy üçin hem guramanyň hem-de agza ýurtlaryň gurama bilen gysga, orta we uzak möhletde durmuşa geçiriljek meýilnamalary kesgitlenilmeli.

Maslahatda Türki dilli ýurtlaryň arasyndaky syýasy, söwda-ykdyady, sosial we medeni hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy barada birnäçe möhüm karar kabul edildi.

Şol maslahatyň Türk geňeşinin geljegi taýdan taryhy maslahatlardan biri bolandygy aýdylyp bilner.

Karatekin uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň mugallymy Dr. Jemil Dogaç Ipegiň Türk geňeşi baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.


Etiketkalar: synçy , maslahat , Türk geňeşi

Degişli Habarlar