Global Perspektiwa  41 “Bilimiň Ähliumumy Kadalary 2”

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Professor Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Global Perspektiwa  41  “Bilimiň Ähliumumy Kadalary 2”

 

“Bilimiň Ähliumumy Kadalary 2”

Gepleşigimiziň geçen sanlaryndan birinde global faktor hökmünde başarnykly ýa-da başarnyksyz bilim ulgamynyň hem ýokaşýandygyny, başga ýurtlardaky bilim ulgamynyň durmuşymyza ýakyndan täsir ýetirýändigini, şol sebäpli adamzat maşgalasy üçin bilim ulgamynda ähliumumy kadalaryň hökmandygyna ünsleri çekipdik. Bilim ulgamy boýunça dünýädäki şertleri gysgaça beýan edip, adalat düşünjesini ornaşdyrmagyň we ähli zada negatiw däl, ilkinji nobatda hoşniýetli çemeleşýän adamlary ösdürip ýetişdirmegi maksat edinýän bilim pelsepesiniň ähmiýeti barada durup geçipdik.

Temamyzy dowam etdireliň..

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Professor Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

3) Umumy ahlak kadalaryna eýe bolan adamlary ýetişdirýän bilim ulgamy

Jemgyýetçilik durmuşyny kadalaşdyrýan zat adamlaryň prinsipli çemeleşjekdiklerine, umumy ahlak kadalaryny berjaý etjekdiklerine bolan ynamdyr. Durmuşy kadalaşdyrýan zat adamlaryň şol ýörelgeleri berjaý etmekleridir. Başgalarynyň ogurlamajakdyklaryna, hüjüm etmejekdiklerine, erbet çemeleşmejekdiklerine, ýalan sözlemejekdiklerine bolan ynamymyzdyr. Sägineliň we bir gün şeýle ynamsyz daşary çykandygymyzy göz öňüne getiriň. Eýsem şeýle bolan halatynda öýden çykyp bilermikäk? Öýden çykandan soň duş gelen ilkinji adamymyzyň bize hüjüm etmejekdigine ynanman nähili gezip bileris? Köçedäki adamlaryň bizi talajakdyklary şübhesi bilen nähili ýaşap bileris? Adamlar zähmet çekip, maňlaý deri bilen güzeran görmegiň ýerine ýeňil eklenjiň gözleginde bolsalar nähili bolardy! Mysallary köpeltmek mümkin. Şeýle wagşy şertlerde jemgyýetçilik durmuşy bolup bilermi?

Ýaşaýan jemgyýetçilik medeniýetimizde umumy ahlak kadalaryna eýe bolan adamlary ýetişdirmek bilimiň esasy maksatlaryndan biri bolmaly. Umumy kadalary kesgitlemek beýle kyn bolmasa gerek. Medeniýetlerde şol kadalar boýunça az-da kände umumy ýörelgeler bardyr.

4) Işeňňirligi, zähmetkeşligi öwredýän bilim ulgamy

Beýan ediljek kadalar esasan bilim ulgamynyň mazmuny we usuly bilen bagly kadalar. Beýan edilen üç kada bolsa ähli görnüşdäki we derejedäki bilim ulgamynyň esaslanmagy hökmany bolan başlangyç gymmatlyklardyr. Şol gymmatlyklara esaslanmaýan ýa-da düzüminde şol gymmatlyklary birleşdirmeýän bilim ulgamynyň netijeleri adamzat üçin uly howplary öz içine alyp biler. Adamzady betbagtçylyga alyp barýan jahan uruşlary, terrorçylykly hüjümler, yzgiderli beýgeldilýän howpsyzlyk diwarlary, başgalaryny ýok etmek üçin edilýän ähli açyşlar sowatsyz adamlaryň däl, iňňän sowatly adamlaryň elinden gelýän zatlar. Bularyň ählisi iňňän ýokary sowatlylyk bilen hötdesinden gelinýän zatlar. Şol gymmatlyklar adamzat maşgalasyny köp sanly ugurlarda bolşy ýaly bilim ulgamynda-da gorajak gymmatlyklar. Şol jähtden Hezreti Pygamberiň “peýdasyz bilimden allaga sygynaryn” diýen sözi iňňän möhüm ahlak kadasyna ünsi çekýär. Üns beriň, zyýanly däl, peýdasyz zatdan hem gaça durmagy ündeýän çemeleşme…

Kadalara dolanyp gelenimizde bolsa; zähmet çekmek, her gün başga bir iş bilen gyzyklanmak daş-töweregimizdäki adamlar we adamzat üçin iň bir peýdaly tagallalardan biri. Ýalta, mugthor, samsyk, başgalarynyň zähmetinden tama edýän ýaşaýyş durmuşy jemgyýetleri dargadar. Şol nukdaýnazardan bilim ähli käri mukaddes saýyp, her bir kärde işlemegi höweslendirdi, işlemegiň özboluşly gymmatlykdygyny öwretmeli.

5) Bir görnüşli däl, adamlaryň ukybyna görä köpugurly, plýuralist bilim ulgamy

Döwrebap, merkezçi döwlet bilen bilelikde her bir raýata bir görnüşi şertde berilýän köpçülikleýin bilim usuly bütin dünýäde ýaýbaňlandy. Bu bilim ulgamy, bilimi her bir raýat üçin elýeterli etmek taýdan möhüm goşant goşdy. Şonuň bilen birlikde bu usul tapawutlyklary ortadan aýyrýan, adamlary birsydyrgynlykda deňleşdirýän netijäni ýüze çykardy. Eýsem, her bir adam bir jan, her bir adam bir dünýädir.

Şyýh Galip nähili ajaýyp beýan edipdir:

Özüňe gowuja seret, sen älemleriň özeni sen, älemiň göreji bolan adam, sen.

Bilim her bir adama şol bir zady bermegi däl, her bir adamyň potensialyny ýüze çykarmaga, şol ýüze çykarylan potensialy bilen şahsy we jemgyýetçilik netijäni almagy nazarda tutmaly.

6) Durmuş bilen eriş-argaç geçýän bilim ulgamy

Adaty bilim usulyýetinde adamlar köplenç ussat-şägirt gatnaşyklary bilen tälimi gönüden göni işiň başynda alardy. Şu günki günde bilim we bilim ojaklary hünärmenleşdi. Şol hünärmenleşmäniň netijesinde bilim ojaklarynyň durmuşdan üzňeleşendigini, berilýän bilimiň teoriýada galýandygyny görýäris. Oňa Aýnştaýnyň “bilim adamyň mekdepde öwrenen ähli zadyny ýatdan çykarandan soň galýan zatdyr” diýen sözünde görülşi ýaly, güýçli garşylyklar hem war. Bilimiň maksady adamy durmuşa taýarlamak bolýan bolsa, bilim diňe bir mekdep partalarynda berilmeli däl. Bilim ojaklary we bilimiň  özi, raýat jemgyýeti, hususy pudak, akademiýa, býurokratiýa ýaly adamlaryň bilimden soňky durmuşynda, işlejek guramalary bilen utgaşykly bolmaly.

7) Ýat tutmaga däl, pikirlendirýän, derňemegi öwredýän bilim ulgamy

Bilim aslyna seredilende geçmiş ýa-da şu gün üçin däl, eýsem geljek üçin berilýär. Elbetde geçmiş we şu günki günüň tejribeleri hem öwredilmeli. Emma bularyň ählisi geljege has gowy düşünmegi, has eşretli geljegi gurmagy nazarda tutmaly. Pikirlenmegi, derňemegi, seljermegi öwretmeýän bilim ulgamy bizi ýagtý geljege ýetirmez.

Beýleki bir kada, döwlet edaralarynyň döwlet tarapyndan berilýän däl, diňe utgaşdyrýan we gözegçilik etmeginde hususy pudagyň berýan bilim ulgamy bilen bagly. Ol bilimiň usuly taýdan ýörite seljerilmeli ugurlardan biri. Bu barada gepleşigimiziň başga bir sanynda durup geçeris.

Şübhesiz kadalaryň sanyny köpeltmek mümkin. Elbetde gepleşigimiziň wagty çäkli bolandygy üçin biz hem wagtdan ýerlikli peýdalanmagy saýlap alýarys.

Gowy bilim almak, ylmy taýdan kämil bolmak innän möhüm. Beýan edilen kadalardan mahrum bolan kämilligiň adamy we jemgyýeti nirä ýetirjekdigi belli däl. Bilim tapgyrynda şol kadalar öwredilip, özleşdirilmän halatynda bilim arkaly frenkeştaýnlar ýüze çykar. Şu günki günde synp ýoldaşlaryny awtomatiki ýaraglar bilen öldürýänler, naharyna zäher goşýanlar, iýmitleriniň içine igne goýýanlar ýa-da adamzady betbagtçylyga alyp gidýänler sowatsyz adamlar däl. Köplenç sowatly, emma ony jemgyýetiň bähbidine peýdalanmaýan ýörelgesiz adamlar.

Bilimde nämäni öwredýänligimiz ýaly nämäni näme üçin öwredýänligimiz hem möhüm.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Professor Kudret Bülbüliň bilim ulgamy boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar