Aktual Analiz 42

Russiýanyň ve Eýranyň goldav bermeginde Idlibe guralmagy ähtinal hüjümiň öňi Türkiýäniň egilşiksiz pozisiýasy bilen alyndy

Aktual Analiz 42

Siriýada geçen birnäçe aýyň dovamynda möhüm vakalar başdan geçirildi. Russiýanyň ve Eýranyň goldav bermeginde Idlibe guralmagy ähtinal hüjümiň öňi Türkiýäniň egilşiksiz pozisiýasy bilen alyndy ve Soçidäki maslahatda Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda ylalaşyk jarnamasyna gol çekişildi. Soçi ylalaşygy 3 milliondan govrak ilatly Idlibe guralmagy ähtimal hüjümden ve gumanitar pajygadan halas eden bolsa, rus hem-de türk tarapyna belli jogapkärçilikleri getirdi. Ylalaşykda kabul edilmegine görä 15-20 kilometr giňliginde ýaragsyzlandyrylan zolak dörediler, M4 ve M5 ulag ýollary erkin sövda üçin açylar, türk ve rus esgerleri front liniýasynyň iki tarapyndan gözegçilik işlerini alyp barar, türk ve rus dronlary Idlibiň üstünde gözegçilik işlerini amala aşyrar. Beýleki bir möhüm vaka bolsa Rus Il-20 uçarynyň Ysraýylyň hova hüjüminiň dovamynda ýalňyşlyk bilen Siriýanyň hova goranyş ulgamy tarapyndan urlup düşürilmegi boldy. Russiýa uçaryň urlup düşürilmeginde Ysraýyly günäkärlän bolsa, Ysraýyl Siriýanyň hökümetini tejribesizlikde aýyplady. Başdan geçirilen vaka reaksiýa hökmünde Russiýa Siriýanyň hökümetine S-300 Hova goranyş ulgamlaryny govşurdy.

Syýasat, Ykdysadyýet ve Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda gazanylan Soçi ylalaşygynyň Idlib evlaýatynda iş ýüzüne geçirilmegi boýunça iki ýurda uly jogapkärçilik düşýär. Ylalaşygyň iş ýüzüne geçirilmegi Türkiýe taýdan käbir hovplary ve kynçylyklary özünde jemleýär. Beýleki tarapdan Türkiýäniň Soçi ylalaşygynyň iş ýüzüne geçirilmegi üçin elinde köp sanly serişde var. Türkiýe üçin iň uly hovp ve kynçylyk Idlibde ornaşan radikal guramalar. Heýet Tahriruş Şam ýaly radikal guramalar Soçi ylalaşygynda beýan edilşi ýaly ýaragsyzlandyrylan zolakdan çykarylar. Ony ýola goýmak üçin Türkiýe bir tarapdan degişli başlangyçlary edýän bolsa, beýleki tarapdan-da özüne tabynlykdaky oppozision toparlar arkaly basyş etmeli bolar.

Soçi ylalaşygyna görä, ýaragsyzlandyrylan zolakdan siriýaly oppozisionerler agyr ýaraglaryny Idlibiň içerki etraplaryna çekmeli bolarlar. Şeýlelikde türk resmileriniň başlangyçlary bilen Siriýanyň oppozisiýasy front liniýasyndaky tanklary, minemýotlary, toplaryny ve beýleki agyr ýaraglaryny İdlibiň içerki etraplaryna çekdiler. Emma hökümetiň guramagy ähtimal hüjümine garşy döredilen goranyş liniýalaryndaky harby güýçleri ýerlerinde galmaga dovam edýär. Elektronik anti-tankt raketalary, ýeňil ve orta aralyklar üçin niýetlenen ýaraglar bilen 23 mm ve 57 mm ýaraglar hem ýaragsyzlandyrylan zolakda. Şol çäkde ýaragsyzlandyrylan zoolagyň aslyna seredilende ofansiv agyr ýaraglardan saplanandygyny aýtmak has ýerlikli bolar.

Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda gol çekişilen Soçi ylalaşygyndan soň İdlibe guralýan hova hüjümleri bes edildi ve gündelik asuda durmuş ýaňadandan dikeldildi. Esasanda Demirgazyk Hamanyň çetki obalaryndan göçüp giden 60 müň ilat yzyna dolanmaga başlady. Türkiýäniň diplomatik üstünligi bilen 3 milliondan govrak adamyň jany ve emlägi goraldy. Türkiýe gumanitar taýdan iňňän uly netije gazandy.

Beýleki bir mesele bolsa Russiýanyň uçarynyň urlup düşürilmeginden soň rus resmileri Ysraýyly günäkärleýiji berk beýanatlar beren hem bolsalar, soňradan resmi Moskvadan has parasatly beýanatlar berildi. Ysraýyl bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlyk çykgynsyzlyga övrülmedik hem bolsa Russiýa Siriýanyň hökümetine S-300 hova goranyş ulgamlaryny govşuryp, Ysraýylyň Siriýanyň hova giňişligindäki ukybyny azaltdy. Ysraýyl uzak möhletden bäri Siriýanyň hova giňişliginden peýdalanyp, Siriýada Eýrana degişli güýçlere ve Hizbullaha garşy hova hüjümlerini guraýardy. Rus hova goranyş ulgamlarynyň Ysraýyla degişli uçarlara garşy herekete geçmezligi hem-de hökümetiň hova goranyş ulgamlarynyň ukybynyň pes bolmagy sebäpli Ysraýyl operasiýalaryny ýeňillik bilen amala aşyrýardy.

Russiýanyň Siriýanyň hökümetine S-300 hova goranyş ulgamlaryny bermegi ilki bilen Ysraýylyň hova hüjümlerini gurama ukyby taýdan analiz edilýän hem bolsa, S-300 hova goranyş ulgamynyň başga täsirleri hem bolar. Geljekdäki vakalara görä, Siriýanyň hökümeti S-300 hova goranyş ulgamlary bilen hem ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky halkara hyzmatdaşlygyna garşy hem-de Türk harby güýçlerine garşy ozalkysyna görä has güýçli bolar. Hökümetiň goranyş ukybynyň artmagy diňe bir Ysraýyly däl, Siriýanyň hova giňişliginden peýdalanýan ähli ýurtlara täsir ýetirjek aýratynlykda.



Degişli Habarlar