Global Perspektiwa  43 “Aliýa: Rijat Wagty Izzat”

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Global Perspektiwa  43 “Aliýa: Rijat Wagty Izzat”

 

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Aliýa: Rijat Wagty Izzat

20-nji asyr musulmanlar üçin ýeliň tersine ösen, musulman diýarlarynyň ýekän-ýekän basylyp alynan, ölümiň, basyşyň we diýdimzorlugyň höküm süren asyrydyr. Aliýa Izzatbegowiç şeýle asyrda eýe bolan medeniýetiniň özboluşlygyny ähli kynçylyklara garamazdan gar güli ýaly adamzada hödürlemegiň hötdesinden gelen saýlama adamlardan biridi. Yslam düşünjesiniň tas alternatiwlikden çetleşdirilen asyrynda ömrüni çözgüdiň yslam düşünjesidigine bagşeden liderdi.

Ýetginjeklik, tussaglyk ýollary: Mladi musulmani

Aliýa Izzatbegowiç, şol ady göterýän atasy bilen Stambulda gulluk edýärkä tanyşyp, durmuş guran türk gyzy Syddyka hanymyň agtygy bolup, 1925-nji ýylda dünýä inýär. Belkem şol sebäpli Aliýada we Stambulyň iň bir taryhy, saýlama etraplaryndan biri bolan Üsküdarda birmeňzeş duýgulary başdan geçirdim: taryhyň çuňluklaryndan süzülip gelen çuňňurlyk, kämillik, ägirtlik we sypaýyçylyk.

Doglan we ýetginjeklik ýyllary belkem dünýä taryhynyň iň bir çarkandakly ýyllarydy. 1-nji Jahan urşunyň soňy we 2-nji Jahan urşy ýyllary. Umuman musulmanlar we hususan Balkan ýurtlaryndaky musulmanlar üçin iň bir agyr, pajygaly döwür. 2-nji Jahan urşundan soň ýeňijisi kommunizme gönügen Stalin Russiýasy bilen öz içinde dörän faşizmi we nasizmi ýeňen günbatardy. Osman döwletiniň ejizlemegi we ýykylmagy bilen birlikde esasanda Balkan ýurtlarynda 200 ýyldan bäri yslam alternatiw bolmakdan daşlady. Ine şeýle şertlerde Aliýa liseýde okaýan ýyllarynda dostlary bilen “Mladi musulmani” hereketiniň başyny başladýar. Hereket bir tarapdan agzalarynyň arasynda yslam düşünjesini ornaşdyrmak ugrunda tagalla eden bolsa, beýleki tarapdan uruşda çekilen ýitgileriň öwezini dolmaga synanşýar. Emma şol tagallalara ýaşaýan sebitindäki ateist we kommunist ulgam tarapyndan oňyn garalmaýar. Aliýa entek ýaşlyk ýyllarynda bäş ýyl azatlykdan mahrum edilýär.

Ali Gündogaryň we Günbataryň Arasynda

Aliýa tussaglykdan soň ýene-de halky we adamzat üçin peýdaly işler bilen meşgullanmaga dowam edýär. Bir tarapdan gündelik işler bilen gyzyklanan bolsa, beýleki tarapdan ýaşan döwrüniň intellektual kynçylyklaryny çözmek üçin intellektual işler bilen meşgullanýar. “Gündogar bilen Günbataryň Arasynda Yslam” kitaby Aliýanyň giň yslam garaýyşynyň çäginde gündogara we günbatara ýönelen tankydydyr. Has dogrusy gündogara we günbatara bilelikde ýaşaýyş jagyryşy. Günbatardaky oňyn özgertmeleri goldaýarka tankydam edýär: “Men Ýewropa gidýärkäm başym dik gidýärin. Çünki çagalary, zenanlary we garrylary öldürmedik. Çünki mukaddes ýerleriň hiç haýsyna hüjüm etmedik. Eýsem olar şolaryň ählisini etdiler. Üssesine-de günbataryň gözüniň öňünde; günbatar medeniýetiniň adyndan.”

Aliýanyň pikiriçe musulman dünýäsiniň esasy meseleleri biri-birinden üzňelik, sowatsyzlyk, aýdýanlary bilen edýänleriniň tapawutly bolmagy. Aliýa bir tarapdan “Yslam meniň üçin gözel we asylly bolan ähli zadyň ady” diýýän bolsa,  “Yslamyň iň gowudygy hakykatdyr. Emma biz iň gowular däl. Bular köplenç gabat gelýän iki zadymyz” diýen sözleri musulmanlaryň özleri bilen ýüzleşmekleri üçin edilen çagyryş. Aliýa çözgüdem hödürleýär: “Ýer ýüzüniň mugallymy bolmak üçin asmanyň talyby bolmaly.”

Uruş ýyllary…

Balkanlaryň ýaňadandan bölünmeginden ozal “Yslam manifestosy” kitaby sebäpli Aliýa ýaňadandan azatlykdan mahrum edilýär. 14 ýyl iş kesilýär. 5 ýyl ýatandan soň 1988-nji ýylda günäsi geçilýär we azatlyga çykýar. 1990-njy ýylda Demokratik aksiýa partiýasyny döredýär. Geçirilen saýlawlarda Aliýa ýurdunyň ilkinji Prezidentligine saýlanýar. Bosniýa-Gersogowina 1992-nji ýylda Ýugoslawiýadan garaşsyzlygyny yglan edýär. Ozal Harwatiýanyň we Sloweniýanyň garaşsyzlyk göreşini goldan günbatar ýene-de hemişekisi ýaly ikiýüzli çemeleşip, boşnýaklary serp hüjümlerinde ýalňyz goýýar. Netije ýüzlerçe müň öli, ýaraly, bosgunlyk, açlyk, wagşylyk. Boşnýaklar Ýewropada 20-nji asyryň ahyrynda adamzadyň gözüniň öňünde açyk genoside sezewar edildiler. Aliýa uruş ýyllarynda dünýä boýunça tanalýan lidere öwrülýar. Ähli kynçylyklara, çäklendirmelere garamazdan yslam düşünjesiniň we çeken ejirleriniň gazandyran tejribesi bilen musulmanlarça göreşiň nähili bolýandygyny bütin dünýä görkezdi. Serpleriň boşnýak zenanlaryny, çagalaryny, garrylaryny öldüren, şol sebäpli adamlaryň ar alynmalydygy baradaky gazaply reaksiýalarynyň öňünde beren jogaplary uruş ahlagynyň altyn kadalarydyr.

“Duşmanlarymyza garşy ýeke-je borjumyz bar: Adalat”

“Serpler bizin mugallymymyz däl”

“Uruşda ýeňilmek däl, duşmana meňzemek utdurar”

Uruş mahalynda nemes habarçylaryndan biriniň: “Şeýle zuluma garşy näme üçin ar alyş üçin buýruk bermediňiz, günbatar medeniýetine degişlidigiňiz üçinmi” diýen soragyna beren jogaby hem yslam düşünjesini nähili özleşdirendigini görkezýär: “Meniň ynanýan kitabym muňa rugsat bermeýär.”

Eger-de Bosniýada Aliýanyň ideýalary iş ýüzüne geçmedik bolsa, ol Aliýanyň ýa-da ideýasynyň ýetersizliginden däl, ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky döwrebap dünýäniň Ýewropanyň ortasynda musulman halka we döwlede näderejede tolerantly çemeleşýändigi sebäplidir.

Mirasy…

“Bizi topraga gömdüler. Emma biziň tohumdygymyzy bilmeýärdiler.” Aliýanyň bu sözi Balkanlar üçin aýdylan bolup biler. Emma bu söz musulmanlaryň 200 ýyllyk geçmişini öz içine alýar. 200 ýyllyk rijat, yza çekiliş döwründe gara gyşda pyntyklap, gargüli ýaly ýerden çykmagyň hötdesinden gelen liderimiz gynansagam köp däl. Ozal “Günbatar boýunça nähili pozisiýa eýelenmeli” atly makalamyzda hem beýan edişimiz ýaly ret ediji ýa-da boýun egiji däl, eýsem analist pikirlenýän, tankydy çemeleşýän sagdyn pikirli liderler ýa-da garaýyşlar çözgüt ýoluny tapyp bilerler. Aliýa hem Said Halim serkerde, Ykbal, Akif Raşid Al Gannuşi ýaly asyryň gözýetiminde yslama esaslanan, yslamyň döwrümizde adamlara berýän ýüzlenmesine gönügen seýrek adamlardan biridir.

Başdan geçiren basyşlaryna, zulumyna we basyşlaryna garamazdan pozisiýasyny, düşünjesini aç-açan beýan eden, gözýetimi ýurdundan, halkyndan, tire-taýpasyndan aňyry geçmeýän liderleriň jemgyýetlerine berere artykmaç zady ýok. Aliýa ýaly sezewar bolan kynçylyklaryna, zulumyna garamazdan ýigrenç bilen däl, eýe bolan yslam düşünjesiniň durulygy, kämilligi, ägirtligi, hikmeti we sypaýyçylygy bilen çykyş edip bilýän, her bir şertde adalaty gözleýän liderler diňe bir musulmanlara däl, bütin dünýä gerek…

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň Aliýa Izzatbegowiç baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar