Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 09

Awiatehnika abatlaýyş fabrigi

Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 09

Türkiýede harby iş ýerleriniň we ussahanalaryň mümkinçilikleri we başarnyklary ýurdyň goranyş pudagynda aýratyn orun eýeleýär. Emma möhüm taslamalary durmuşa geçirýän harby fabrikleriň we ussahanalaryň mümkinçilikleri we başarnyklary adamlar tarapyndan ýeterlik derejede bilinmeýär. Kämahallar bolsa bu iş ýerlerinde abatlaýyş işleri geçirilen ýa-da öndürilen senagat önümleri, başga ýerlerde öndürilen ýaly edip  görkezilýär. Harby fabrikler we ussahanalar döwletiň iň netijeli iş ýerleriniň hatarynda durýar. Ýylyň iň netijeli işgärleri bilen iş ýerleri umuman alynanda harby iş ýerlerinden çykar. Goranmak senagatynyň özgermeginde we millileşmeginde harby iş ýerleri we ol ýerde işleýänler pudagyň görünmeýän gahrymanlarydyr. Ýurdumyzyň terrora garşy göreşinde, ýurdyň öz içinde we daşary ýurtlarda geçirilýän operasiýalarda harby iş ýerlerindäki ofiserler, işgärler we esasan hem işgärler möhüm işleri durmuşa geçirýärler.

Indi bolsa Türk Harb-Iş kärdeşler arkalaşygynyň Bilim müdüri Tarkan Zenginiň“Awiatehnika abatlaýyş fabrigi” atly synyny dykgatyňyza ýetirýäris...

2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanyşygyndan soň harby ulgamda geçirilen käbir üýtgeşmeler, harby fabriklerde hem käbir üýtgeşmeleriň girizilmegine sebäp döretdi.  Harby iş ýerleri, Milli Goranmak ministrligine degişli Harby fabrikler baş müdürligi bilen Harby ussahanalar baş müdürligi diýip ikä bölündi. Türkiýede häzirki wagtda Harby fabrikler baş müdürliginiň çäginde iş alyp barýan köp sanda möhüm we üstünlikli işleýän iş ýerleri bar. Makalamyzyň bu günki sanynda Eskişehir welaýatynda ýerleşýän harby awiasia ugrunda öň hatara çykýan 1-nji Awiatehnika abatlaýyş edarasynyň üstünde durup geçerin. Mundan soňky makalalarda bolsa beýleki iş ýerleri tanyşdyrmaga dowam ederin.

Taýýare Ussahanasyndan 1-nji Awiatehnika abatlaýyş edarasyna

1926-njy ýylda Eskişehir Taýýare ussahanasy hökmünde gurulan 1-nji Awiatehnika üpjünçilik we abatlaýyş merkezi serkerdeligi, şu gün 92 ýaşynda bolan bir iş ýeridir. Bu iş ýerinde 1950-nji ýyllara çenli Harby awiasia güýçleriniň inwentarynda bolan propellerli uçarlaryň abatlaýyş we bejergileri geçirilýärdi. 1950-nji ýyllardan başlap harby uçarlaryna ugrukdyrylan abatlaýyş we bejergi işleri 1970-nji ýyllaryna çenli wagt aralykda F-84, F-86 we F-100 kysymly uçarlara hyzmat berilipdi. Harby iş ýerinde, 1968-nji ýylda ilkinji gezek dwigatel çalşylyp tehniki mümkinçilikleri we başarnyklary giňeldildi. 1979-njy ýylda F-4 uçary bilen ilkinji köptaraplaýyn uçar fabrik derejesine eýe bolan iş ýeri abatlaýyş we täzelemek işlerini 1980-nji ýyllarda beýleki uçarlar bilen dowam etdirdi. 1992-nji ýylda bolsa F110 dwigateliniň rewiziýasy bar bolan mümkinçiliklere goşmaça edip ornaşdyryldy. 1997-nji ýylda F-4 uçarlarynyň modernizasiýasy bilen başlan uçar modernizasiýasy taslamalary, soňky ýyllarda beýleki uçarlar üçin durmuşa geçirilen taslamalar bilen dowam etdirildi. 2006-njy ýylda başlanan işler bilen Türkiýäniň ilkinji dwigatel synag bölümi bolan ATILIM, bu iş ýerinde programmalaýyn we enjamlaýyn taýdan milli mümkinçilikler bilen özgerdildi. Bu iş ýer 2016-njy ýylda Milli Goranmak ministrligine degişli bolan Harby fabrikler baş müdürligine degişli edilip, 1-nji Awiatehnika abatlaýyş edarasy adyna eýe boldy.

77 uçara fabrik derejesinde abtlaýyş işleri geçirilýär

Fabrikde şu günki gün aglabasy ýönekeý işgärlerden ybarat 260-y inžener bolan jemi 2300 işgäri bilen, biri-birinden tapawutly takmynan 77 uçaryň abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlere goşmaça,  200 dwigateliň rewiziýasy, ady agzalan uçarlara, dwigatellere we enjamlara degişli 6000 aýry bölümiň abatlanyşy, 14000 bölegiň önümçiligi we 4700 enjamyň diametry hem bu iş ýerinde ýerine ýetirilýär. Bu iş ýerinde mundan başgada F-16 PO-III, T-38M Ary we T-38 PC-III modernizasiýalary hem soňky wagtlarda durmuşa geçirilen möhüm taslamalaryň hatarynda durýar. Bu harby fabrik, Harby awiasia serkerdeliginiň hereket mümkinçiligini logistik taýdan goldamak we özgertmek maksady bilen, öz jogapkärçiligine berilen ýarag ulgamlary bilen enjamyň, tehniki dolanşyk jogapkärçiligini ýerine ýetirýär, fabrik derejesinde abatlaýyş, gözegçilik, özgerdiş, synag geçiriş we diametrini ýasap, bu işler üçin zerur bolan bölekleriň önümçiligini ýerine ýetirýär we hiline güwä geçýär.  Döwlet mümkinçilikleri bilen emele getirilen iş ýerinde döwrebap tehnologik ussahanalar, ulaglar we şaý-sepler bilen aglabasy ýönekeý işgärlerden ybarat ofiserler iş alyp barýarlar.

Ýewropanyň gözegçilik we abatlaýyş merkezi

1-nji Awiatehnika abatlaýyş fabrik müdürligi, asmanda tehnologik ýaryşyň barha artýan zamanasynda önümçilik, gözden geçiriş, abatlaýyş, modernizasiýa ugurlarynda eýe bolan hil, daşky gurşaw, iş gigienasy we howpsyzlyk resminamalary bilen işlerini dünýä ülňülerine laýyklykda alyp barýar. Iş ýeriniň maksady Harby awiasia serkerdeliginiň, sebitiň iň güýçli howa we kosmos güýji bolmagyna goşant goşjak bir logistik merkez bolmak hökmünde kesgitlendi. Eýe bolan adam güýji we mümkinçilikleri bilen Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň däl, şol bir wagtda JSF uçaryF135 dwigateliniň sebitleýin abatlaýyş merkezi bolmak bilen birlikde Ýewropa ýurtlarynyň gözden geçiriş we abatlaýyş merkezi ýagdaýyna geldi.

Eýe bolan netijeli işgärleri, tejribesi, hil düşünjesi we tankydy mümkiçilikleri bilen, şu gün bolşy ýaly geljekde hem awiasia pudagynda döwlet edarasy hökmünde iş alyp barar. Şeýlelik bilen goranyş senagatynyň millileşmegine mundan beýläk hem uly goşant goşar. 

Bu gün biz siziň dykgatyňyza Türk Harb-Iş kärdeşler arkalaşygynyň Bilim müdüri Tarkan Zenginiň “Awiatehnika abatlaýyş fabrigi” atly synyny ýetirdik...


Etiketkalar: uçar , edara , müdürlik , fabrik

Degişli Habarlar