Global Perspektiwa  45 Ýewropanyň Yslamy?

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Global Perspektiwa   45 Ýewropanyň Yslamy?

 

Ýewropanyň Yslamy?

Birnäçe wagtdan bäri Ýewropada Ýewropanyň yslamy barada güýçli diskussiýa dowam edýär. Esasan musulmanlar bilen bagly diskussiýa bolandygyna garamazdan meseläniň taraplary umuman Ýewropa döwletlerinden, howpsyzlyk guramalaryndan, günbatarly alymlardan we ýazyjylardan ybarat.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Diskussiýa aslyna seredilende ýerliksiz däl. Globallaşma tapgyrlary bilen tapawutly şahsyýetler, medeniýetler, dini ynançlar we diller eriş-argaç bolup, bilelikde ýaşaýar. Şol bilelikde ýaşaýyş Osman döwleti ýaly ýurtlar üçin ýat bolmasa hem, günbatar üçin täzelik. Geçen asyrlarda günbatar ýurtlarynyň başda dinlere uýýan we başga medeniýetlere eýe bolan ýurtlar bilen bolan gatnaşygy ekspluatirleýän-ekpluatirlenýän gatnaşygy bolan bolsa, şol ýurtlardan adamlaryň günbatar göçmegi bilen günbatar ýurtlarynyň tapawutlyklara eýe bolandygyny aýtmaga esas bar. Bu döwür şol bir wagtda döwrebap, merkezi milli-döwlet döwri bolandygy üçin tapawutlyklary bilelikde ýaşamagynyň hasam agyrlaşan döwridir.

Yslam bilen utgaşykly Ýewropa medeniýeti

Tapawutly taryha, dini ynanja we medeniýete eýe bolan adamlar şu günki günde has jebis ýaşaýan bolsa, onuň ýüze çykarjak netijeleri taýdan elbetde döwletler, guramalar, intelligentler şol meseleler bilen gyzyklanarlar.

Ýewropa yslamy diýlende Ýewropa daşardan gelen tapawutly yslamy tejribeleriň däl, eýsem Ýewropanyň öz içinden, yslam bilen utgaşykly tejribeleriň ileri tutulmagy bolsa, ol diýsen düşünükli mesele. Ýewropa yslamy bilen düşündirilmek islenýän; dil, medeniýet, usulyýet ýaly ugurlarda belli bir derejede ýerlilik bolsa, yslamy ony onsuz hem nazarda tutýar. Şol çäkde Türkiýedäki yslam bilen Uzak Gündogardaky, Balkan ýurtlaryndaky, Ýakyn Gündogardaky yslam düşünjeleri we tejribeleri, özeni bir hem bolsa, belli derejede biri birinden tapawutly. Şol çäkde ýewropaly musulmanlaryň hem adamlaryň gelen sebitleri bilen utgaşykly yslamy tejribäni we düşünjäni däl, yslamyň çäginde galmak şerti bilen, yslama bap gelýän Ýewropa medeniýetini, ýaşaýyş durmuşyny we düşünjesini ileri tutmaklary düşünli mesele. Afrikadaky, Ýakyn Gündogardaky, Uzak Gündogardaky gündelik durmuş tejribeleri, medeni, milli däpleri, sungat, medeniýet düşünjesini bolşy ýaly Türkiýede ýa-da başga ýurtda ösdürmäge dowam etmek göwünlerden turmaýan bolsa, ony Ýewropada-da etmegiň hoşallyk döretmejekdigine göz ýetirilmeli. Hoşallyk döretmezlik aslyna seredilende şol medeni faktorlaryň ýalňyşlygyndan däl, her bir jemgyýetiň öz sebiti bilen utgaşykly, özüne mahsus medeni faktorlarynyň bardygyny ýatdan çykarmazlyk bilen bagly zatdyr. Ýaşalýan sebit taýdan belli bir derejede eýe çykylýan umumy medeniýetden daşgary,şübhesiz açyk we medeni jemgyýetde tapawutly medeniýetler öz medeniýetlerini dowam etdirmegiň tagallasyny edip bilerler.

Yslam bilen utgaşykly Ýewropa medeniýeti diňe bir Ýewropa gelenler taýdan däl, Ýewropanyň özi üçin hem seljerilmeli şert. Yslam bilen utgaşykly Ýewropa medeniýeti diýlende, Ýewropanyň medeni genetikasynda bar bolan rasizm, faşizm, nasiszm ýaly faktorlaryň hem ýatdan çykarylmaly däldigini beýan etdigimiz bolýar.

Ýewropa yslamy diskursy käte Ýewropa gelenlerin deňlik, azatlyk, adam hukuklary, plýuralizm, tapawutlyklar bilen bilelikde ýaşamak ýaly ähliumumy gymmatlyklara eýe bolmandyklaryny beýan etmek üçin hem peýdalanylýar. Eýsem ýewropalylaryň belkem ýakyn geçmişde şol gymmatlyklardan has çetleşendiklerini aýdyp bileris. Bosgunlary adam ýerine goýmaýan jemeleşme, ýaýbaňlanýan bosgun we yslam garşydaşlygy ilki bada ýada düşýänlerden birnäçesi.

Jemgyýetçilik barlaglarynda tapawutlyklara hederli garaýyş, işdeş ýoldaşy ýa-da goňşy hökmüde özünden tapawutly bolany islemeýänleriň sany artýar.

Azatlykçy däl, howpsyzlyga esaslanýan Ýewropa Yslamy Garaýyşy

Ýazylanlara we günbatar ýurtlarynyň praktikalaryna ser salynanda Ýewropanyň yslamy diskussiýasy jemgyýetçilik, medeni we gymmatlyklar bilen bagly diskussiýa meňzemeýär. Ýewropa ýurtlary bu diskussiýa esasan howpsyzlyk taýdan çemeleşýärler. Onsuz hem şol sebäpli bu işler umuman medeniýet, bilelikde ýaşamak, plýuralizm, tapawutlylyk däl, eýsem howpsyzlyk jähtinden razwedka we howpsyzlyk guramalary tarapyndan alynyp barylýar.

Howpsyzlyk meselesi bar bolsa, elbetde howpsyzlyk taýdan çäre görülmeli. Ol ikiuçsyzdyr. Emma millionlarça adamy gyzyklandyrýan jemgyýetçilik, sosial, medeni we syýasy meslelere diňe bir howpsyzlyk perspektiwasyndan çemeleşmek meseleri has-da çuňlaşdyrar. Döwletleriň täze şertler üçin täze düzgünleri goýmagy düşnükli we hökmany. Emma olar düşünmäge esaslanmaly. Basyş etmäge, özgertmäge, höküm etmäge esaslanmaly däl. Ýewropa ýurtlary şol sebäpli döreden yslam geňeşleri ýaly düzümlere gönüden we köplenç yslam bilen baglanşygy bolmadyk adamlary bellemegiň ýerine, şol geňeşleriň musulmanlar tarapyndan döredilmegini höweslendirmeli. Bu işler howpsyzlyk ýa-da maglumat ýygnaýyjy guramalar bilen bagly guramalar tarapyndan däl, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alynyp barylmaly.

 

Musulmanlaryň jogapkärçiligi…

Ýewropa yslamy taýdan musulmanlaryň üssüne düşýän jogapkärçiligi berjaý edýändigini aýtmak we diňe degişli ýurtlary tankyt etmek ahlaky çemeleşme däl. Şu günki günde günbatarda ýaşaýan musulmanlaryň ylmy, ykdysady, syýasy, intellektual gatnaşyk meseleleri war bolsa, jenaýat etme derejesi ýokary bolsa, iş medeniýeti ýeterlik däl bolsa şübhesiz bu ugurlarda musulmanlara we olaryň guramalaryna uly jogapkärçilik düşýär.

Şeýle-de ýaşaýan ýurtlarynda özlerine wekilçilik edilme we düşündirme meselelerine ünsi çekmek ýerlikli bolar.

Degişli ýurtlaryň wekilleri bilen ýakyndan işleşip, gönüden we aç-açan gatnaşyklar açyp, emele gelen ýa-da getirilen gorky atmosferasyny ortadan aýyrmak üçin tagalla edilmeli.

Jemgyýetçilik ähmiýetini ýitiren yslam Ýewropa näme gazandyrar?

Belli gatlaklaryň Ýewropanyň yslamy bilen barmak isleýän ýeri jemgyýete, maşgala, adama degişli ähli aýyplamalardan saplanan yslam ýa-da musulman arzuwy. Eýsem Ýewropada dargan maşgala ulgamy, eýesiz çagalar, gatyşdyryjylyk, geýlik, neşekeşlik dünýäniň galan bölegi bilen deňeşdirilmejek derejede giňden ýaýran. Ýewropa jemgyýetçilik gymmlyklar taýdan adamkärçilige mahsus ähli gymmatlyklaryň çaltlyk bilen ýitýän, ýokary ykdysady kanagatlanma derejesi sebäpli adamlara legal we adaty gatnaşyklaryň ýetmeýän, hamala diýsersiňiz azgynlyk döwrüni başdan geçirýär. Yslamy gymmatlyklar belkem şu ugurlarda entek ele geçmedik soňky gala. Şol sebäpli jemgyýete, maşgala, adamkäçilige degişli ideýalaryny ýitiren musulmanlyk diňe Ýewropanyň dargaýyş tapgyrynyň depgini güýçlendirer.

Hristiýanlar we ýehudiler hem musulmanlary goldamaly

Şeýle musulmanlygyň hiç zat getirmejekdigini, ýehudiligiň we hristiýanlygyň başdan geçiren tapgyrlarynda gördük. Jemgyýetçilik gymmatlyklaryň şeýle ýoýulmagyndan, ahlaky çöküşden, aşa men-menlikden hristiýanlaryňam, ýehudileriňem biynjalykdygyny pikir edýärin. Edil şonuň ýaly-da adamkärçilik gymmatlyklarynyň ýok bolmagyndan biynjalyk bolýan sekulýarlar hem bar. Aslyna seredilende hristiýanlygyň we ýehudiligiň özeninde bar bolan şol gymmatlyklaryň ýok bolmagyna olar hem reaksiýa bildirmeli.

Ýewropaly musulmanlar öz gün tertibini kesgitlemeli

Bulardan has möhümi, musulmanlar Afrikada-da Amerikada-da, Hytaýda-da, Hindistanda-da, Ýakyn Gündogarada-da we temamyz taýdan Ýewropada-da öz gün tertiplerini kesgitlemeli. Eýsem ol nähili bolmaly? Geljek hepde dowam ederis.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň Ýewropada yslam temasy boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.

 


Etiketkalar: globallaşma , musulman , yslam , Ýewropa

Degişli Habarlar