Türk daşary syýasatyna syn 45

Türkiýe-Gyrgyzystan gatnaşyklaryny we onuň türk daşary syýasatyndaky ornuny

Türk daşary syýasatyna syn 45

 

Merkezi Aziýanyň esasy ýurtlaryndan biri bolan Gyrgyz Respublikasy bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar dürli ugurlarda ösmäge dowam edýär. Biz hem gepleşigimiziň şu günki sanynda Türkiýe-Gyrgyzystan gatnaşyklaryny we onuň türk daşary syýasatyndaky ornuny analiz etmekçi.

Karatekin uniwerstitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri, Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Gyrgyz Respublikasynyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwlet boldy. Iki ýurduň arasynda 1992-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýulýar. 1992-nji ýylyň dowamynda iki taraply häsiýetde Bişkekde we Ankarada ilçihanalar açyldy.

Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasyn yň arasndaky gatnaşyklar häzirki wagtda strategik hyzmatdaşlyk derejesinde. Iki ýurduň arasynda köp ugurly gatnaşyklar dowam edýär. Şol gatnaşyklar 200-den gowrak ylalaşykdan we teswirnamadan emele gelýän hukuky çäkde alynyp barylýar.

Iki ýurduň Prezidentleri tarapyndan 1997-nji ýylda “Baky dostluk we hyzmatdaşlyk ylalaşygyna” gol çekişilýär. 1999-njy ýylda “Türkiýe we Gyrgyz Respublikasy: Bilelikde 21-nji asyra” jarnamasy çap edildi. 2011-nji ýylda “Ýokary derejeli Stategik hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy baradaky bilelikdäki jarnama” gol goýulýar. Şol resminamalar häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň esaslandyryjy namalarydyr. Iki ýurduň arasynda şu günki güne çenli esasanda prezidentler derejesinde köp sanly ýokary derejeli saparlar amala aşyryldy.

Türkiýe Gyrgyz Respublikasynda uly taslamalary durmuşa geçirýar. Mundan birnäçe wagt ozal ulanmaga berilen Türk iş hyzmatdaşlygy we galkynyş gullugy TIKA tarapyndan paýtagt Bişkekde gurlan Gyrgyz-Türk dostluk hassahanasy şolardan diňe biri. Şol çäkde Gyrgyz Respublikasynda 100 hassa tölegsiz kömek bermek üçin Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda ylalaşyk gazanyldy. Şeýlelikde gyrgyz hassalar her ýyl Türkiýede dürli hassahanalarda bejergi alyp bilerler.

Gyrgyzystan bilen Türkiýäniň Manas uniwersiteti atly bilelikde ýokary okuw jaýy hem bar. Bilim ojagy iki ýurduň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň kämil mysallaryndan biri. Manas uniwersiteti Gyrgyz Respublikasynda operatiw merkeze eýe bolan ýeke-täk okuw jaýy. Ýylda uniwersitet üçin 25 million dollarlyk býujet bölünip berilýär. Şeýle-de Türkiýäniň hökümetiniň dürli stipendiýalary bilen Gyrgyz Respublikasyndan gelen talyplar, Türkiýedäki dürli ýokary okuw jaýlarynda ýokary bilim hem-de magistr derejesinde tölegsiz bilim almaga hukuk gazanýarlar. Şeýle-de TIKA tarapyndan Gyrgyz Respublikasynda dürli ugurlarda taslamalar iş ýüzüne geçirilýär. Türkiýäniň Gyrgyz Respublikasyna sowgady bolan Bişkekdäki Merkezi metjidi Prezident R.T.Erdoganyň gatnaşmagynda açyldy.

Häzirki wagtda Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky söwda mukdary 400 million dollara barabar. Emma ol iki ýurduň potensialyna bap gelmeýär. Geljekki ýyllarda maksat 1 milliard dollarlyk söwda mukdaryna ýetmek. Soňky bir ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda mukdary 26,7 göterime çenli ýokarlady. İki ýurt hem özara söwda, maýa goýumy we telekeçilik ugurlarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär.

2017-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda geçirilen prezident saýlawynda üstün çykan Soorbaý Jeenbekow çykyşlarynda Türkiýe bilen gatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çekýär. Ýadryňyza düşýän bolsa Gyrgyz Respublikasynda prezident saýlawynda üstün çykan Jeenbekow daşary syýasatda milli bähbitleriň goralmaga dowam ediljekdigini nygtap: “Russiýa Federasiýasy bilen strategik gatnaşyklarymyzy güýçlendireris. Goňşy Hytaý bilen gatnaşyklarymyzy çuňlaşdyrarys. Merkezi Aziýadaky goňşy ýurtlar bilen taryhy gatnaşyklarymyza laýyklykda gatnaşyklary berçinleşdireris. ÝB-ne agza ýurtlar bilen ýakyn gatnaşyk açmaga dowam ederis. Türkiýe we ABŞ bilen gatnaşyklarymyzy ösdüreris” diýmek bilen ugruny beýan edipdi.

Ýewraziýa ykdysady bileleşigine agza we esasan Russiýanyň syýasy hem-de ykdysady orbitasynda bolan Gyrgyz Respublikasynyň geljekde geosyýasy ugruny özgertme niýetiniň ýokdugyny aýdyp bileris. Onsuz hem konstitutsiýa girizilen özgertme bilen ýurduň daşary syýasatyny kesgitlemek we söwda-ykdysady pudakda ileri tutulýan ugurlaryň kesgitlenmeginde prezidentiň ygtyýarlary mejlis tarapyndan çäklendirildi. Ol Jeenbekowyň ozalky prezident Atambaýewiň alty ýyllyk iş möhletinde ugrukdyrylan daşary syýasatyny düýpli özgertmegini kynlaşdyrýar. Emma Türkiýe bilen gatnaşyklaryň geçen döwüre görä ösýändigini aýdyp bileris.

Häzirki wagtda Türkiýe we türki dilli döwletler daşary syýasatdaky hyzmatdaşlygy berçinleşdirýär. Onuň esasy sebäbi şol bir dilde gepleşmekleri we şol bir medeniýete eýe bolmaklary. Meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow: “Şu durnuksyz dünýäde mukaddes kanunlara görä ähli zat gider we öler, ölmeýän ýekeje zat bar, ol hem medeniýet” diýýär. Ussat ýazyjynyň şol sözi, aslyna seredilende sahypalarça maglumaty özünde jemleýär. Eýsem halklary ýaşadýan esasy faktorlardan biri  medeniýet. Şol ugurda-da Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda ýygy gatnaşyklar bar. Özara gatnaşyklarda medeniýet we bilim elmydama ileri tutulýan ugurlar bolup durýar.

Häzirki wagtda Türkiýe Merkezi Aziýa sebitinde demokratik özgerlişigini amala aşyrýan Gyrgyz Respublikasynyň durnuklylygyny we galkynyşyny dowam etdirmegine aýratyn uly ähmiýet berýär. Şol çäkde syýasy we konstruktiw özgertmeler tapgyrynyň başyndan bari Gyrgyz Respublikasyna ähli derejede goldaw berýär. Beýleki tarapdan Fetullahçy terror guramasynyň Gyrgyz Respublikasynda güýçli ornaşandygy mälim. Şol jähtden iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da çuňlaşmagy üçin Gyrgyz Respublikasynyň terrorçylyga garşy göreşiň çäginde FETÖ gatşy degişli hukuky başlangyçlara girişmegi iňnän peýdaly bolar.



Degişli Habarlar