Global Perspektiwa 52 “Kürtlere Hyýanat Edildimi?”

Ankara Ýyldrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar fakultetiniň Dekany professor Kudret Bülbüliň “Kürtlere Hyýanata Edildimi?” temaly syny

Global Perspektiwa 52 “Kürtlere Hyýanat Edildimi?”

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Amerikan esgerleriniň Siriýadan çekiljekdigini ýene-de bir gezek beýan etdi. Trampyň Amerikan ulgamyna ýene-de bir gezek boýun egmezligini tama edýäris. Diýşi ýaly Siriýadaky Amerikan esgerleri sag-aman öýlerine dolanyp bararlar.

ABŞ-nyň bu karary näme sebäpden kabul edendigi, hakykatdan hem çekilip çekilmejekdigi, çekilen halatynda sebitde başgaça pozisiýa eýeläp-eýelemejekdigi gün tertibinde möhüm orun eýelemäge dowam edýär. Ysraýylyň Amerikan esgerleri çekilen halatynda haýsy imperial strategiýany iş ýüzüne geçirjekdigi, imperial işleginden el çekmedik Fransiýanyň çekilen halatynda ABŞ-nyň ýerini eýelemäge güýjüniň ýetip-ýetmejekdigi, Eýranyň, Russiýanyň, Siriýanyň hökümetiniň, Saud Arabystanynyň we beýleki arap ýurtlarynyň syýasatlaryna nähili täsir ýetirjekdigi ýaly ugurlar meseläniň şübhesiz seljerilmeli taraplaryny emele getirýär. Şonuň bilen birlikde bu gepleşigimizde halkara mediada meseläniň esasan kürtler bilen baglylykda beriliş usuly barada durup geçmek isleýäris.

Ankara Ýyldrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar fakultetiniň Dekany professor Kudret Bülbüliň “Kürtlere Hyýanat Edildimi?” temaly synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Günbataryň media organlarynda ABŞ-nyň çekilmegi ABŞ-nyň dünýäniň žandarm güýji bolup bolmandygy we Siriýada kürtleriň ýalňyz goýulandygy baradaky diskussiýalar bilen birlikde berilýär. Fransiýanyň Prezidenti Makronyň hyzmatdaşlaryň bilelikde işleşýän gatlaklarynda ynam döretmelidigi baradaky beýanaty hem şol çemeleşmäni görkezýär.

ABŞ dünýäniň žandarm güýjümi?

 ABŞ dünýäniň žandarm güýji bolmalymy? Žandarm sözi belki ýerlikli däl. Emma asasan ABŞ bilen birlikde ähli ýurtlar global adalat üçin tagalla etmeli. Adam hukuklarynyn basgylanmagy, öz jemgyýetine köpçülikleýin gyrgynçylyk etmek, etniki saplaýyşlar ýurtlaryň içerki meselesi hökmünde kabul edilmeli däl. Bu sözler ýa-da hakykatlar global güýçler tarapyndan köplenç halkara operasiýalar üçin peýdalanyldy. Bu hakykat ýene-de etniki saplaýyşa çenli baryp ýeten adam hukuklaryna edilýän basgylamalaryň ýurtlaryň içerki meselesi hökmünde görülmejekdigi baradaky hakykaty üýtgetmeli däl.

Kürtler ýene-de hyýanada duçar boldumy?

 

Günbataryň käbir media organlary öz jemgyýetlerini PKK-nyň we PÝD-niň kürtlere wekilçilik edýändigine ynandyran bolup biler. Ynandyryp bilmedik ýeke-täk gatlaklary bolsa kürtlerdir. Çünki kürtler terror guramalary PKK-nyň we PÝD-niň onlarja ýyldan bäri özlerine zyýan ýetirýändigine her gün şaýatlyk edýärler. Hawa, türk bäbekleri, Zenanlary, ýaşajyk Aýbüke mugallymlary, raýatlary, polisleri, esgerleri şehit etdiler. Emma PKK-nyň 40 müňden gowrak gyran adamynyň esasy bölegi kürt. PKK Marksist, Leninist totolitar ideologiýa garşy durýan, terrory usulyýet hökmünde kabul etmeýän kürtlere ölümden başga ýol goýmaýar.

PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD hem ondan tapawutsyz. Başgaça pikirlenýän kürtlere we araplara garşy eden etniki saplaýyşyň şaýady kürtlerdir. PKK we PÝD terroryndan gaçan kürtleriň sygynan ýeri bolsa guramanyň ähli gara propogandasyna garamazdan Türkiýe. Gynansagam günbataryň media organlarynda Türkiýä gaçyp gelen kürt zenanlary, çagalary, oppozisionerleri barada habarlar iňňän az. Günbataryň käbir media organlarynda etniki saplaýyş edýänler azatlyk söweşijileri, gahrymanlar ýaly görkezilýän hem bolsa, zulum çekýän kürt halky şol hakykata doly göz ýetirýär.

Türkiýedäki 4 million bosgun kimlerden emele gelýär?

Birnäçe ýüz müň siriýaly bosgunyň günbatar ýurtlaryna gitmegi sebäpli günbataryň demokratiýasynyň neo-nasizm we neo-faşizm howpyna sezewar bolandygy, şol howpyň günsaýyn artýandygy mälim. Türkiýe kabul eden 4 million bosguny bilen günbatarly demokratiýalar üçin hamala diýersiňiz gorag emele getirýär. Eýsem günbatardaky käbir merkezler PÝD bilen kürtleri bir ýaly görkezýär. Şol 4 million bosgun kimlerden emele gelýärkä? Hristiýanlar we türkmenler bilen birlikde elbetde esasy bölegi siriýaly araplardan we kürtlerden. Bu hakykat ortada durka şol merkezler tarapyndan PÝD terroryndan gaçanlar däl, eýsem PÝD kürtleriň wekili ýaly kabul edilýär.

Günbatarda parasatlylyk galmadymy?

Käbirleriniň “hakykat näme bolsa bolsun, günbataryň howpsyzlyk we habar kanallary tarapyndan günbataryň halklary PÝD-nin kürtleriň wekilidigine ynandyryldy. Siz netijesiz işler bilen güýmenýäňiz” diýip bilersiniz. Dogram aýdýaňyz. Emma ýenede günbatar bilen bilelikde ähli ýurtlar imperializm däl, gymmatlyga esaslanýan dünýäni gözleýän, parasatlylygyny howpsyzlyk gulluklarynyň bähbide esaslanýan habarlaryna tabşyrmadyk adamlaram bar. Gysga möhletde bolmasa hem uzak möhletde dünýäni ugrukdyran şol parasatlylk tagallalary bolar. Şol sebäpli olaryň hakykaty bilmekleri möhüm. DAİŞ nähili araplara, Gitler nemeselere wekilçilik etmeýän bolsa, PÝD hem kürtlere wekiliçik etmeýär. Halklaryn hiç haýsy terror guramasy bilen adygmaz. Şeýle garaýyş şol halka äsgermezçilik etmek bolar.

Netijede eger bir hyýanatçylyk ýa-da wepasyzlyk bar bolsa, ol kürtlere däl. PKK, PÝD, DAİŞ we Siriýanyň hökümetiniň basyşy astynda zulum çekýän kürt halky ABŞ-nyň çekilmeginden näme üçin biynjalyk bolsun? Sebitde trerror guramalaryny ejizletjek ähli wakalardan esasan şolar biynjalyk bolar. Şol sebäpli hemaýatkärsiz galan kürtler däl, yzagalak ideologiýalaryny kürtlere basyş bilen kabul etdirmek we boýun egmeýänleri ortadan aýyrmak üçin ähli ýollardan peýdalanýan terror guramalarydyr.

Ankara Ýyldrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar fakultetiniň Dekany professor Kudret Bülbüliň “Kürtlere Hyýanat Edildimi?” temaly synyny dykgatyňyza ýetirdik.  



Degişli Habarlar